3x3 basketbol boýunça türkmenistanly zenanlar toparynyň kapitany altyn medal gazanjakdyklaryna ynanýar

0
2122

3x3 basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar toparynyň kapitany 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda altyn medaldan pes netijä garaşmaýandyklaryny aýtdy.

Aýna Gökowa Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän iň iri köpugurly sport çäresinde Aziýadan hem-de Okeaniýadan gatnaşjak iň ökde toparlara garşy çykyş etmek üçin kemsiz taýýarlanandyklaryny belledi.

“Biz her geçen gün ýeňiş gazanmaga bolan ynamymyz hasam artýar. Oýunlarda iň ýokary baýragy aljakdygymyza-da doly ynanýarys” diýip iki ýyl bäri toparyň kapitany bolan Aýna gürrüň berdi.

Aşgabatly türgen şu ýylyň başynda Serbiýa döwletinde bolup geçen okuw-tälimçilik ýygnanyşygynda dünýäniň iň ökde oýunçylarynyň käbirinden alan tejribeleriniň Oýunlara taýýarlyklaryna uly goşant goşandygyny aýtdy.  

“Serbiýa döwletinde basketbol iň esasy sport bolup durýar. Şonuň üçin hem ol ýerde köp sanly ökde oýunçylar bar. Biz hem olardan köp zat öwrendik. Serbiýada fiziki taýdan has-da güýçlendik. Oýun tärimizi üýtgetdik. Şeýle okuw-tälimçilik ýygnanyşyklary toparlaryň hasam oňat çykyş etmegine ýardam berýär” diýdi.

Şeýle-de ol Serbiýa döwletinde topar bilen köp wagtlap bilelikde bolmagyň toparyň jebislik ruhunyň pugtalanmagyna şert döredendigini nygtady.

“Toparyň kapitany hökmünde meniň wezipäm topary agzybir saklamak. Men hemişe dostlukly gurşawyň bolmagyna, ýüze çykýan düşünişmezlikler bar bolsa olary çözüp, dartgynsyz gurşawy gazanmaga gözegçilik edýärin. Zenanlaryň arasyndaky basketbolda her zat bolup bilýär. Duýguçyllyk köp gabat gelip bilýär. Men bolsa topardaşlaryma öňümizde goýan maksadymyz barada yzygiderli ýatladyp durýaryn. Şeýle-de topar bolup hereket etmelidigimizi aýdýaryn” diýip Aýna gürrüň berdi.     

Toparyň kapitany bu oýun bilen sekiz ýaşyndaka tanşandygyny, häzir bolsa 190 sm-lik boýa ýetendigini hem-de bu sportda ussatlaşandygyny aýtdy.  

“Basketbol meni saýlady. Meniň boýum uzyn bolansoň, bir gün mekdebe gelip, basketbol oýnamaga başladym we örän lezzet aldym” diýip ol buýsanç bilen belledi.

Aýna bu toparda sekiz ýyl bäri oýnap, ençeme halkara ýaryşlara gatnaşdy. Olaryň esasylarynyň biri bolsa 2013-nji ýylda Katar döwletiniň Doha şäherinde geçirilen FIBA tarapyndan gurnalan Aziýa boýunça 3x3 basketbol çempionatynda bürünç medala mynasyp bolmagydyr.

Toparyň başynda Aýna ýaly ruhlandyryjy hem-de özüne ynamly kapitany bolany üçin, ýer eýesi bolup çykyş edýän topar Aşgabat-2017-de zenanlaryň arasynda geçiriljek 3x3 basketbol ýaryşlarynda owadan çykyşlaryny görkezmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar