Soňky habarlar

Arhiw

Şöhrat Ýagmyrow- milli kikboksing mekdebiniň tanymal wekilidir

0
2358

Mary etrabynyň Parahat geňeşliginiň adamlary öz ildeşleriniň uly sport dünýäsinde şöhrat gazanjakdygy barada pikirem eden däl bolsa gerek. Kikboksing boýunça iri ýaryşlaryň ýeňijisi we olarda baýrakly orunlary eýelän Şöhrat Ýagmyrow 1995-nji ýylda şu obada dünýä indi. Şöhrat atadan ir galansoň, oňa we onuň uýasyna ejesi terbiýe bermeli bolupdy, bu hem belli bir derejede türgeniň açyk häsiýetini taplapdy. 

Oglanjyklaryň köpüsi ýaly ol futbol oýnardy, hatda oňa çynlakaý ýapyşyp, bir ýyllap türgenleşdem.Bir gezek telewizorda kikboksýorlaryň gyzykly tutluşygyny görenden başa-baş söweşleriň bu görnüşini halady. Maryda kikboksing toparynyň işleýändigini bilenden 15 ýaşly ýetginjek olaryň birine ýazylyp, tälimçi Çary Bekmyradowyň elinde türgenleşip ugrady. Türgenleşikler şeýle bir oňa ýarady welin, ol halypasynyň tabşyrklaryny takyk ýerine ýetirip, armany-ýadamany bilmezdi. 4 aýdan soň ilkinji gezek gatnaşan welaýat boýunça ýaryşynda üçünji orny eýeledi. Soňra bir ýarym ýylyň dowamynda öz agramynda 2-nji, 1-nji ýerleri eýeläp ugrady. 

2012-nji ýylda Aşgabatda geçirilen milli ýaryşda Şöhrat kümüş baýraga mynasyp boldy. Ussatly artýardy, söweş tilsimleri kämilleşýärdi. 19 ýaşly ýetginjek uly ýaşlylaryň arasynda geçirilen çempionatda 3-nji orny eýelände Russiýada geçirilen „Düýäniň göwher Kubogy“ ýaryşyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýygyndy toparyna alyndy. Bu gezegem 67 kg agramda birinji orny eýeledi. 2015-nji ýylda Latwiýada geçirilen kikboksing söweş sungaty boýunça halkara ýaryşda ýeňiş gazanandan soň Şöhrat Ýagmyrow sport ussady adyna mynasyp boldy. Şol ýyl Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyna okuwa girdi, okuwy bilen bir hatarda biraz agyr agramda milli ýygyndy toparyň hatarynda çykyşlaryny dowam etdi. 2016-njy ýylda Finlýandiýada we Estoniýa geçirilen ýaryşlarda ol atyn hem-de kümüş baýraklara mynasyp bolýar. Şu ýyl Aşgabatda geçirilen Aziýa çempionatynda Şöhrat 71 kg agramda ýene bir altyn medal eýeledi. 

Tälimçi Çary Bekmyradow onuň adatdan daşary çydamlylygyny, maksada okgunlylygyny, ýeňiş gazanmaga erjelligini, iň esasam sportuň şu görnüşinde wajyp bolan çakgan hereketlerini nygtaýar. Ol göwnaçyk we dostana ýigit. Onda gedemlik ýok, hemişe kömege taýýar we ýaş türgenlere bilýänini öwredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar