Gonkong topary Aşgabat 2017-de üstünlikli çykyş etjek toparlaryň biridir

0
1943

Gonkong tutýan meýdany boýunça kiçi şäher bolup, dünýäniň iň gür ilatly ýerleriniň biridir, emma welosporta gezek gelende, bu ýeriň türgenleri Aziýa we dünýä derejesindäki ýaryşlarda uly üstünlikleri gazandylar we öz adyny hemmelere  tanatdylar.

Bu şäher üçinji müňýyllygyň üç dünýä çempionynyň ata Watanydyr. Gonkongyň ilaty 7 milliondan geçýär.

Ady belli gonkongly türgenleriň arasynda Wong Kam Ponyň, Marko Kwok Ho Tingiň we Sarah Li Wai Szeniň atlaryny belläp geçmek gerek. Bu türgenler Gonkong şäherinde köpçülikleýin meşgullanylýan welosport görnüşi boýunça şäherlerini sport älemine tanatdylar.

Hytaýyň ýörite administratiw welaýaty bolan Gonkongyň ussat türgenleri bilen bir hatarda täze sport ýyldyzlary hem  17-27-nji sentýabrda Türkmenistanyň paýtagty ajaýyp Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş ederler. 

Gonkongyň Welosport assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Aleks Wong şeýle diýdi: “Beýleki ýurtlardaky sport hünärmenleriň sany ýokary bolmasa hem welosport türgenleriň birnäçesi biziň ösüş maksatnamamyza gatnaşmaga çalyşýarlar. Biz toparymyzyň kämilleşmegi üçin ençeme serişdeleri sarp edýäris”.


“Hytaýda bar bolan binýady ulanyp, elimizden gelenini edýäris. Ösüş maksatnamasy boýunça taýýarlanýan welosipedçiler bilen olaryň esasy tärlerini kämilleşdirmegiň üstünde işleýäris. Olaryň zerur bolan tejribelerini almagy üçin tagalla edýäris. Bu bolsa Gonkongyň welosporty üçin örän wajypdyr. Şeýlelikde, biz dürli derejeli türgenleriň başarnyklaryny ösdürýäris, aýratyn üns orta derejeli türgenlere berilýär. Ýokary derejeli ussat sport hünärmenlere bolsa Gonkongyň sport institutyndan uly goldaw berilýär. Hemmä mälim bolşy ýaly, Gonkong kiçi, biziň welosipedçilerimiziň sany köp däl”.

Hytaýly tälimçi Şen Jinkang eden tagallalary Gonkongyň welosipedçileriniň uly üstünlikler gazanmagyna sebäp boldy. Ol Wongyň, Kwokyň we Liniň sport zehinini ösdürmegi we kämilleşdirmegi başaran tälimçidir.

Wong 2007-nji ýylyň Dünýä çempionatynda 15 km aralykdaky skretç ýaryşynda ýeňiji bolmagy başaran ilkinji aziýaly türgendir. Dört ýyl geçen soň Kwok hem öz ildeşiniň üstünligini gaýtalamagy başardy we älemgoşarly köýnegiň eýesi boldy.

Şol bir wagtyň özünde Li welosport boýunça zenanlaryň arasynda öňdebaryjy türgenleriň biri bolup ýetişdi we Londondaky Olimpiýa oýunlarynda welosportuň keirin görnüşinde bürünç medaly gazandy. Bir ýyldan soň bolsa Li keirin görnüşinde 500 m aralykda pellehana birinji gelip, dünýä çempiony adyna mynasyp boldy.

Şen Jinkang Hytaýda birnäçe gonkongly welosipetçileriň topary üçin ýörite türgenleşik merkezini esaslandyrdy.

2017-nji ýylyň aprel aýynda Gonkong welosport boýunça Dünýä çempionatyny geçirip, bütin sport äleminde özüni tanatmagy başardy. Welotrekde ynam bildirilýän Wiwian Ma hemmäniň ünsini çekdi.

Gonkongyň Merkezi Aziýada şu wagta çenli iň uly çäresiniň dowamynda 18-23-nji sentýabr aralygynda geçiriljek welosport boýunça ýaryşda çykyş etjek milli ýygyndy toparynyň düzümi belli bolmazdan öň Týanzin şäherindäki Hytaýyň milli oýunlaryna gatnaşar. 

“Türkmenistanda gowy netije görkezmegi başararys diýip umyt edýäris” diýip, Aleks Wong öz ildeş türgenlerine bolan ynamyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar