Zenanlaryň arasynda futzal oýny boýunça Ýaponiýanyň toparyny ýeňip biljek barmy?

0
1598

Üç altyn medaly yzygiderli alan ýaponiýaly zenanlaryň topary sentýabr aýynyň 17-27 seneleri aralygynda geçiriljek Aşgabat 2017 Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşýar we medallarynyň sanyny artdyrmagy maksat edinýär.

2007, 2009 we 2013-nji ýyllarda geçirilen Ýapyk binalarda Aziýa oýunlarynda Ýaponiýanyň futzal boýunça zenanlar topary  öňdeligi elden bermediler. Dört ýyl mundan öň Inçhon şäherinde geçirilen ýaryşda altyn medala mynasyp bolandyklaryna we kontinentiň iň oňat futzal topary bolmagyna garamazdan, bu topar şu wagta çenli birinjiligi elinden bermedi. Emma tälimçi Masanori Ito altyn medaly gazanyp biljek Eýran Yslam Respublikasy ýaly güýçli ýurtlar bar hem bolsa, Ýaponiýanyň zenan toparynyň kontinentde futzal sportundaky üstünligini dowam etdirjekdigine berk ynanýar.

Bu toparda işe başlamazdan öň “Fuçu atletika” we “Deukao Kobe” futzal toparlarynda işlän we Tokionyň J futbol ligasynda oýnan Ito “Dördünji gezek ýeňiji bolmak bilen toparymyzyň we ýapon futzalyň adyny ýene bir gezek äleme ýaýmak biziň baş arzuwymyz” diýip belledi. Ol sözüniň dowamynda “Eger biz çempion bolsak, onda biz Aziýanyň futzal taryhyna öz adymyzy ýazdyrarys. Bu agyr wezipäniň hötdesinden gelmäge we bu arzuwymyzy amala aşyrmaga ýeterlik derejede başarnygymyz bar” diýdi.

Eýran Yslam Respublikasy dördünji gezek ýeňiş gazanmak isleýän Itony we onuň toparyny gorkuzýar, çünki günbatar Aziýa sebiti boýunça Malaýziýada 2015-nji ýylda geçirilen Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň guramagyndaky zenanlaryň ilkinji futzal boýunça çempionatynda Eýran Yslam Respublikasynyň zenanlar topary ýeňiş gazandy we gazanan üstünligi boýunça ýurtlaryndaky erkekleriň futzal toparyndan hem öňe geçip, futzal sportynyň has-da giňeýändigini görkezdi.

Eýranly zenanlaryň futzal topary final tapgyrynda ýaponiýaly zenanlary 1-0 hasap bilen utup, ýeňiş gazandylar. Olar 2013 Aziýa Ýapyk bina oýunlarynyň final tapgyrynda Ýaponiýanyň toparyndan utulan eýranly zenanlar bu gezek olary ýeňmek bilen arlaryny aldylar we Ito hem-de onuň toparynyň özlerine bolan ynamyny gaçyrdylar.

Bu ýeňişi göz öňünde tutmak bilen “Gynansakda biz häzirki wagtda Aziýada iň güýçli topar däl, sebäbi beýleki ýurtlar hem gün-günden güýçlenýär” diýip belleýän Ito: “Eýran Yslam Respublikasynyň toparynyň taýýarlygy ýokary derejeli we beýleki toparlaryň hem turnirde ýeňiş gazanmaga mümkinçilikleri bar. Emma Ýaponiýa bu ýagdaýdan baş alyp çykmaga taýýar we beýleki toparlar hem bizi aňsatlyk bilen ýeňmegi başarmaz diýip pikir edýäris. Biz ähli toparlardan üstün çykarys we muny hem subut etjekdigimize ynanýarys.

Biziň toparymyz tejribeli we ýaş oýunçylar bilen garyşyk, şonuň üçin hem topar oňat düzülen. Käbiri şikes alandygy hüjümçilerimiziň sany azrak, ýöne oýunda esasy zat hüjüm strategiýasyny ussatlyk bilen gurnamaklyga bagly” diýip aýtdy.

Ýaponiýanyň zenanlar topary 2011-nji ýylda geçirilen zenanlaryň arasynda FIFA dünýä kubogynda ýeňiji bolmak bilen soňky ýyllarda oýnuň açyk meýdandaky görnüşinde-de üstünliklerini artdyrýarlar.

Ito we onuň oýunçylary “Nadeşiko” futbol toparynyň bu üstünliginden täsirlendiler. “Biz hem futzal toparynyň futbol topary ýaly ähmiýetlidigini görkezmek isleýäris” diýýän Ito: “2011-nji ýylda Halkara futbol federasiýasy bileleşiginiň guramagynda Germaniýada geçirilen zenanlaryň arasynda dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşda Ýaponiýanyň “Nadeşiko” futbol topary şowly çykyş etdi we ýapon zenanlarynyň üstünligini görkezdi. Olaryň ýeňşi bizi ruhlandyrdy. Şonuň üçin biziň maksadymyz “Nadeşiko” toparynyň gazanan ýeňşi bilen çäklenmek däl. Biz ýapon zenanlarynyň milli futzal topary hökmünde özümiziň aýratynlygymyzy we güýjümizi görkezmek isleýäris” diýip, sözüni soňlady.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçiriljek futzal ýaryşlary Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde Köpugurly sport toplumynda açylyş dabarasyndan bir gün öň, ýagny 16-njy sentýabrda başlanar we 10 günläp dowam eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar