Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen estrada aýdymçysy Ilkinji ýyldyzlary ruhlandyrýar

0
4040

Türkmenistanyň zehinli ýaş aýdymçylarynyň biri Ahmet Atajanow indiki aýda geçjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda dünýäniň dürli künjeklerinden geljek myhmanlary garşylamaga taýýarlyk görýän meýletinçilere meýletinçileriň ilçisi hökmünde ýüzlenip, Oýunlary üstünlikli amala aşyrmak üçin agzybir bir maşgala bolup jebislenmäge çagyrýar.

17-27-nji sentýabr aralygynda Merkezi Aziýa sebitinde geçirilýän iň uly köpugurly ýaryşynyň başlanmagyna bir aýdan az wagt galdy we Ilkinji ýyldyzlaryň hataryna girýän 8 000 meýletinçiniň käbirlerine türkmen estrada aýdymçysyna duşmak eýýäm miýesser etdi.

Oýunlara bagyşlap birnäçe aýdymlary düzüp, olary ýerine ýetiren 29 ýaşly A. Atajanow Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda ýygnanan meýletinçilere ýüzlendi: “Siziň her biriňiz Ilkinji ýyldyzlar hökmünde Türkmenistan ýurdumyz üçin möhüm çäräni geçirmekde uly goşant goşýarsyňyz. Käbirleriňiz meýletinçilik bilen birnäçe ýylyň dowamynda meşgullanýarsyňyz. Oýunlaryň başlanmagyna bir aýdan az wagt galdy we ählimiz bu ýatdan çykmajak baýramçylygyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys, çünki bu tejribe bize ömürboýy ýatlamalary getirer”.

“Ahyrky tapgyra ýetmek üçin siziň ähliňiz köp zähmet çekdiňiz. Oýunlar size täze dostlary edinmäge mümkinçilik döreder. Siziň ýadawsyz tagallalaryňyz bolmasa, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilişini göz öňüne getirmek kyn. Bu siziň galkynjak we ata Watanyňyzy buýsandyrjak wagtyňyz!” diýip, meýletinçileriň ilçisi öz sözüni jemledi.

Ahmet Atajanow Oýunlara 30 gün galmagy mynasybetli Türgenler şäherçesinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen konsertde çykyş eden türkmen estrada aýdymçylarynyň biridir.
 
2017-nji ýylyň ýanwar aýynda A. Atajanow meýletinçileriň ilçisi hökmünde saýlandy we “Sporta şöhrat”, “Biz Aziada bilen”, “Aziada”, “Türkmen sportuna şöhrat” we “Sport” atly aýdymlary Aşgabat 2017 oýunlaryna bagyşlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar