Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri medal gazanyp, bowling sportuny ösdürer

0
5531

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen ýurtda sportuň täze görnüşi ýörgünli bolup başlar, sebäbi türkmen türgenleri bowling sportunda hem üstünlikli çykyş etjekdiklerine berk ynanýarlar. 

2014-nji ýylyň ahyrynda esaslandyrylan Türkmenistanyň Bowling federasiýasy döwlet derejesindäki ilkinji  çempionatyny 2015-nji ýylda geçirdi we geljekki milli ýygyndy topary üçin ussat türgenlerini saýlap seçmäge başlady. 

Aşgabat 2017-de çykyş etjek türkmen bowling toparynyň iň ussat türgenleriniň biri Geldi Garaýew türgenler maşgalasyndan bolup, Geldi we onuň doganlary Gadam karate bilen, Gaýgysyz bolsa boks bilen meşgullanýar. 

 Birnäçe ýyllap karate ussady bolan Geldi üçin bowling - sportuň täze görnüşi bolanlygyna garamazdan, 30 ýaşly türgen bu sporty saýlanyny şeýle düşündirýär: “Men ýedi ýyldan bäri karate bilen meşgullanýaryn we eýýäm köp üstünlik gazanmagy başardym. Emma 2010-njy ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigi barada eşidenimde, men Oýunlara gatnaşasym geldi. Gynansak-da, karate boýunça ýaryş geçirilmeýär. Men 2015-nji ýylda bowling boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirilýändigi barada eşitdim we özümi synap görmek üçin ýaryşa gatnaşdym. Ýeňiş gazanmadym, emma oýnuň çylşyrymly däldigine düşündim. Şondan soňra, yzygiderli türgenleşmegi makul gördüm. Indi meniň Aşgabat 2017-ä gatnaşmak arzuwymyň hasyl boljagyna ynanýaryn”.

Ýakynda 22 ýaşly bolan Begençmyrat Muhammetgylyjow 2015-nji ýylda bowling bilen meşgullanmakdan öň sportuň dürli oýun görnüşlerinde özüni synap gördi we ahyrky netijä geldi. Ol bu barada şeýle gürrüň berýär: “Men 5-nji synpdan bäri sport bilen meşgullanýaryn. Ilkibaşda men basketbol we woleýbol oýnadym. 2015-nji ýylda geçirilen bowling boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşdym. Häzirki wagtda men Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde harby gulluk borjumy ýerine ýetirýärin, emma maňa aýratyn türgenleşik geçmäge rugsat berildi. Men sentýabr aýyndaky ýaryşlaryň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn”.

Ýygyndy toparyna girýän ýene bir türgen Han Hangeldiýew sportuň bowling görnüşiniň täze bolanlygyna garamazdan, Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiş gazandy we çempion adyna mynasyp boldy. 


“Men 12 ýylyň dowamynda basketbol bilen meşgullandym, emma geljekde özümi basketbolçy hökmünde göz öňüne getirip bilmeýärdim.  Bowling boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyp ýeňiji bolmagym meniň üçin garaşylmadyk pursat boldy. Men öz “ýolumy” tapdym we indi bar güýjüm bilen, onuň bilen türgenleşýärin” diýip, Begençmyrat begenç bilen gürrüň berdi.

21 ýaşly Nasiba Orazmedowanyň hem bowlinge gatnaşmagy garaşylmadyk täzelik boldy. Ol Türkmenistanyň çempionatynda däl-de, 2015-nji ýylda ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky ýaryşda birinjilik aldy. Öň gimnastikaçy bolan Nasiba şeýle gürrüň berdi: “Men Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň V ýyl talyby. Öň 10 ýylyň dowamynda gimnastika bilen meşgullanandygyma garamazdan, men sportuň täze görnüşine gatnamagy höwes edýärdim.  Sebäbi gimnastikada, esasan ýaş wagtyň uly üstünlikleri gazanyp bolýar. Men 2015-nji ýylda ýokary okuw jaýlaryň arasynda geçirilen ýaryşa gatnaşdym we janköýerleri haýran galdyryp, birinji orny eýeledim. Şondan bäri men bu sport görnüşi boýunça türgenleşip gelýärin”.

Nasiba sentýabr aýynda geçiriljek iň uly ýaryşyna güýçli depginde taýýarlyk görýär we şol bir wagtyň özünde bäsdeş türgenleriň çykyşlaryny synlaýar. Ol : “Günorta koreýaly, ýaponiýaly we hytaýly gyzlar mynasyp bäsdeşler. Olardan üstün çykmak ýeňil bolmaz. Emma meniň güýjüm we üstünligim özüme bolan ynamymda. Men tolgunma duýgusyny bir tarapa goýup, ünsümi diňe ýeňiş gazanmaga jemlärin” diýmek bilen sözüni jemledi.

Türkmenistanyň Bowling federasiýasynyň prezidenti we milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Batyr Hangeldiýew türgenleriň sentýabr aýyna taýýardygyny we üstünlikli çykyş edip, sportuň şu görnüşiniň ýörgünli boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy: “Biziň türgenlerimiziň käbirleri Aziýa yklymy boýunça geçirilýän ýaryşlarynda çykyş edip gelýän-de bolsa, käbiriniň şeýle tejribesi ýok. Olar üçin Oýunlara gatnaşmak ajaýyp mümkinçilikdir. Toparyň taýýarlyk derejesi ýokary we gowy netije gazanmak üçin ildeş janköýerleriň öňünde şowly çykyş ederler”.

Soňra B. Hangeldiýew: “Biziň türgenlerimiz Aşgabat 2017-de ýeňiş gazansalar, sportuň bowling görnüşini ýurduň içinde mahabatlandyrmakda, ýaşlary bu sporta işjeň çekmekde uly  orny eýelär. Men olara üstünlik arzuw edýärin” diýip belledi.

Aşgabat 2017-niň bowling boýunça ýaryşy Olimpiýa şäherjiginiň Bowling arenasynda sentýabr aýynyň 21-27-si aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar