Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen welosipedçileriniň beýik maksatlary

0
1678

17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň welosport boýunça ýaryşlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň sanawyna girýän 17 türgeniň sanawy mälim edildi.

Türkmen paýtagtynda ýerleşýän Olimpiýa şäherjiginiň haýran galdyryjy Welotrek sport binasynda çykyş etjek topara hem ýaş zehinli türgenler, hem tejribesi uly bolan welosipedçiler girýär. Olaryň ählisi Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleri üçin mynasyp garşydaş bolarlar. 

33 ýaşly Muhammetresul Hashojaýew toparda ýaşy iň uly bolan türgen we toparyň lideridir. Ilkibaşda ol sambo bilen meşgullandy, emma häzirki wagtda ol Aşgabatda geçiriljek ýaryşda çykyş etjek welosipedçiler toparynyň agzasydyr.

M.Hashojaýew şeýle belleýär: “Men başda sportuň sambo görnüşine gatnadym, emma alan dyz şikesim zerarly men meşgullanmagymy goýmaly boldum. Lukmanlar sport görnüşleriniň arasynda diňe welosporta gatnaşyp biljegimi aýtdylar. Şol sebäpli, men welosportuň trek görnüşine geçdim. Şeýle netijä gelenime hiç wagt ökünmedim”.

Aşgabat 2017-de welosportuň trek görnüşiniň iki usuly boýunça ýaryşlar geçiriler, olar: sprint we çydamlylyk boýunça ýaryşlar. Sprint boýunça ýekebara we toparlaýyn ýaryşlar, çydamlylyk boýunça bolsa keirin, toparlaýyn ýaryş we omnium boýunça ýaryşlar geçiriler. Hashojaýew ýekebara sprint görnüşde çykyş eder.

“Men ýekebara sprintde özümi has ynamly duýýaryn we şu boýunça degişli ýaryşda çykyş ederin, sebäbi men eýýäm 3 ýyl bäri Aşgabat 2017-ä taýýarlyk görýärin” diýip, Muhammetresul düşündirdi.

2008-nji ýylda Iner Jumaýewiň ekiz dogany Emir welosporta gatnap başlady we bir hepde soňra Iner hem öz doganyna goşuldy. Emma sentýabr aýyndaky Aşgabat 2017 oýunlarynda 24 ýaşly ekizlerden Iner öz watanynyň wekili hökmünde çykyş eder.

Toparlaýyn sprint ýaryşynyň gatnaşyjysy Iner şeýle diýdi: “Ilki Emir welosporta ýazyldy, soňra men oňa goşuldym. Ol hem Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgeni, emma sentýabrda çykyş etmeýär. Bu meni biraz gynandyrdy, emma men doganyma medal gazanmak üçin elimden gelenini ederin”.

Öň söweş sungaty bilen meşgullanan Yhlas Öwezmyradow welosportda özüni ilkinji gezek 2010-njy ýylda synap gördi we sportuň şu görnüşine gatnap başlady. Ol bu barada öz pikirini şeýle beýan etdi: “Öň meniň üçin boks we dzýudo ýaly söweş sungaty sport görnüşleri gyzyklydy we men olaryň käbirlerine gatnaşdym. Emma welosport barada öwrenenimden soňra, men ony gowy gördüm. Men muny düşündirip bilemok, ýöne meniň üçin welosiped sürmek rahatlanmagyň iň gowy usulydyr. Öz ýurduňda çykyş etmek örän tolgundyrýar. Muňa garamazdan, men aljyramazlyk üçin elimden gelenini ederin. Men Aşgabat 2017-de medal almak isleýärin”.

Şol bir wagtyň özünde Şatlyk Geldiýew welosporta çekilenligi üçin kakasyna minnetdarlyk bildirmelidigini aýtdy: “Men hemişe kakam Döwlet Geldiyewden görelde alýardym. Kakam dzýudoçydy, şonuň üçin men hem sportuň şu görnüşi bilen gyzyklandym. Emma 7-nji synp okuwçysy wagtym, ol maňa welosport meniň beden gurluşyma has laýyk gelýändigini aýtdy. Ilki bilen men islemedim, soňra wagtyň geçmegi bilen kakamyň mamladygyna düşündim. Eger-de men ýeňiş gazansam, medalymy kakama serpaý ederin”. 

Aşgabat 2017-ä gatnaşjak türkmen ýygyndy toparynyň agzalary şu aşakdakylar hem degişlidir: Oraz Gaýypow, Saýlaw Gylyjow, Akmyrat Hojagulyýew, Wepamyrat Akmyradow, Kerimgeldiýewiç Röwşen, Kakabaý Ataýew, Döwletmyrat Baýramow, Mukam Hojageldiýew, Wýaçeslaw Kutuzow, Hangeldi Kyýasow, Arazmuhamet Nurmedow, Atajan Orunow we Babageldi Seýitnazarow.

Welosportuň trek görnüşi boýunça ýaryşlar 18-23-nji sentýabr aralygynda Welotrek sport binasynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar