Soňky habarlar

Arhiw

Çagalar bagyndaky ilkinji hepdeleri nädip geçirmeli

0
63994

Çagasy çagalar bagyna gidýän wagty ata-eneler gapma-garşy duýgulary başdan geçirýärler. Bir tarapdan körpäniň ulalanlygy üçin şatlyk bar. Çagalar bagynda ol biraz özbaşdagrak bolar, täze adamlar bilen tanyşar, täze dostlary tutunar we siz özüňiz üçin biraz wagt aýryp bilersiňiz. Beýleki bir tarapdan bolsa, çaganyň köp zatlary özbaşdak etjekligi we oňa ata-eneleriň kömeginiň zerurlygynyň gitdigiçe azaljaklygy üçin gynançly. Belli bolşy ýaly, körpäniň çagalar bagyna gatnamagynyň ilkinji günlerinde diňe bir onuň özi däl, eýsem onuň ejesi hem alada galýar.

 

Çaga çagalar bagynda özüni nähili duýýar

Çagalar bagynda körpejik üçin şeýle täze we üýtgeşik zatlar bar. Nätanyş daýzalar ony güler ýüz bilen garşylaýarlar, oňa gyzyklanma bilen seredýärler. Ol ýerde täze çagalar we oýunjaklar köp. Çaga bularyň ählisini nähili kabul etjegini bilenok we ejesine seredýär. Eger-de ejesi dartgynly ýagdaýda bolup, onuň kellesinde rahatsyz pikirler bar bolsa, onda çaga hem özüni oňaýsyz duýar we aglap biler.

Ol köp zady ilkinji gezek eder: çagalar bagynyň çorbasyny we şülesini dadyp görer, täze dostlary bilen gezelenç eder, terbiýeçiniň we enekäniň atlaryny ýat tutup, olary aýtmaga synanyşar. Ol ilkinji gezek öýünden başga ýerde özbaşyna uklar. Nämedir bir zadyň suratyny çeker. Ejesi üçin sowgatjyk ýasar. Umuman uly öňe gidişlik. Ol indi çagajyk däl-de, özüniň üstünlikleri we islegleri bolan şahsyýete öwrülýär.

 

Çaga näme öwretmek gerek

  1. Çagaňyza çagalar bagynyň nämeligi we ol ýerde çagalaryň wagtyny nädip geçirýändikleri barada gürrüň beriň.
  2. Eger-de çagalar bagynda ejeleriň we çagalaryň hepdede birnäçe gezek bilelikde gatnap öwrenişmekleri üçin topar bar bolsa gowy. Bu çaganyň ilkinji sosiallaşmagy (jemgyýete goşulmagy) üçin peýdaly tejribe bolar. Emma çagany ýeke galdyrmaly däl. Sosiallaşmagyň ýeňil bolmagy üçin şeýle toparlara bilelikde gatnamak gowy.
  3. Çagalar bagyna gatnamagyň başlangyjyny çaltlaşdyrmaly däldir. Çagalaryň diňe käbiri heniz üç ýaşaman öýünden aýrylmaga taýýar. Oglanjyklar bolsa, adatça diňe üç ýarym ýaşdan soň çagalar bagyna gatnamaga taýýar bolýarlar.
  4. Ilkibaşda, çaganyň söýgüli oýnawaçlary bilen çagalar bagy, terbiýeçiler we çagalar oýnuny oýnamak bolar. Olar çagalar bagyna şadyýan ýagdaýda gelýärler. Ol ýerde oýnaýarlar, iýip-içýärler, öwrenýärler, aýdym aýdýarlar. Şeýle görnüşli taýýarlaýjy oýunlar çaganyň az aladalanmagyna ýardam eder.
  5. Eger-de çaga kiçi bolsa, onda oňa özbaşdak iýip-içmegi, doýmasa goşmaça nahar bermegihaýyş etmegi ýa-da tersine iýmedik zadyny aýyrmagy soramagy öwretmek gerek.
  6. Çaga, özüne gerek zatlar barada terbiýeçä aglaman, anyk sözler bilen düşündirmegi öwrediň. (Mysal üçin: hajathana gidesim gelýär, suwsadym, biri azar berdi ýa-da gözüme bir zat girdi diýen ýaly.)
  7. Eger-de çaga entegem arlyk (pampers) ulanýan bolsa, onda ony gorşoga öwrenişdirmek gowy bolar. Bu geljekde siziň durmuşyňyzy juda ýeňilleşdirer.
  8. Çagalar bagyna gelen wagtyňyz çagaňyz bilen mähirli boluň we özüňiziň howsalaňyzy bildirmäň. Çaganyň özüni ynamly duýmagy üçin şeýle etmek gerek.
  9. Özüňiziň ynanýan çagalar bagyňyzy saýlap alyň. Ýagny öz çagaňyzy ynanyp biljek adamlaryň işleýän çagalar bagyny saýlaň. Bu öz arkaýynlygyňyzyň we körpejigiň aňsat öwrenişmeginiň kepilidir.

 

Çagasy özüne çagalar bagynda garaşýan wagty ejesi özüni nähili duýýar

Ejeleriň köpüsi öz çagalaryny çagalar bagyna berenlerinde güýçli aladalanýarlar. Şol bir wagtda ruhsuzlyk hatda günäkärlik duýgusy hem ýüze çykýar. Eger-de siz “näme sebäpden” çagaňyzy çagalar bagyna berendigiňize düşünýän bolsaňyz, onda bu duýgulardan baş alyp çykmak aňsat bolar. Özem bu sebäp örän ähmiýetli sebäp bolmaly. Çünki ol çaganyň ynjyklygyndan we sizi goýbermezlik isleginden üstün çykmaly. Eger siziň köp wagt sarp edip bileriňiz ýaly gyzyklanýan pişäňiz, söýgüli işiňiz bar bolsa, onda çagany çagalar bagynda galdyrmak meselesi şübhe döretmez. Eger siz özüňizi günäkärläp, çagalar bagynyň penjireleriniň aşagynda aýlanyp, onuň özüni nähili duýýanlygyna garap ýörmeseňiz, onda çaga ol ýere çalt uýgunlaşar.

 

Eje nämä taýýarlyk görmek gerek

  1. Ilkibaşda çagany çagalar bagynda uzak wagtlyk galdyrmaly däl. Munuň üçin başda 1,5-2 sagat ýeterlik bolar. Eger-de çaga çagalar bagynda galmakdan düýbünden ýüz öwürýän bolsa, onda terbiýeçi bilen gepleşip, belli bir wagta çenli toparda galyp, çagaňyzyň ýanynda oturmaga synanyşyň. Mälim bolşy ýaly, hususy çagalar baglarynda siz öwrenişmeklik döwrüni bilelikde geçip bilersiňiz we bu döwür hut siziň çagaňyza gerek bolan möçberde dowam eder. Döwletiň garamagyndaky çagalar baglarynda bu biraz kynrak. Emma düşünişip bolýan wagtlary bolýar. Çagaňyzy biraz gijräk getirmek bolar. Şonda ol ukysyny alyp ýetişer we beýle gaharlanyp durmaz.
  2. Terbiýeçi we eneke bilen öňüräginden gatnaşyga girmäge çalşyň. Emma olara sowgat ýa-da pul bermeli däl. Olar bilen gürleşiň we ynamly gatnaşyklary ýola goýuň. Çaganyň üstünlikleri we şowsuzlyklary bilen gyzyklanyň. Günüň dowamynda näme bolup geçdi. Pedagogyň pikirine görä çaga nähili kömek etmeli.
  3. Öz çagaňyzyň kesellemegine taýýarlanyň. Aýratyn hem topardaky çagalaryň sany 15 adamdan köp bolsa. Pediatrlar (çaga lukmanlary) immuniteti öňünden berkitmägi, witamin rasionyna üns bermegi maslahat berýärler. Bu möhüm, ýöne keseller hakynda pikirlenmän, muny rahat kabul etmek gowy bolar. Bu immunitetiň türgenleşigi we hemmeler ony geçirýärler. Şeýle hem, eger çaga keselleri häzir başdan geçirse, soňra has az kesellär.
  4. Eger-de, siz işe çykmaly bolsaňyz, onda çagaňyzy çagalar bagyna bellenilen günden 3-4 aý öňräk beriň. Şonda ol çalt uýgunlaşar, ir turmaga öwrenişer, arkaýyn keselleri geçirip ýetişer. Eger-de siz işe çykmaly günüňize çenli onuň bilen otursaňyz, onda oňa iki esse agyr bolar. Çaga bir wagtyň özünde hem ejesinden aýra galar, hem-de täze, nätanyş gurşawa (kolektiwe) düşer.
  5. Eger-de, hem çaga hem onuň ejesi çagalar bagyna gatnamaga psihologik taýdan taýýarlykly bolsalar, onda çagalaryň köpüsi bu ýagdaýa çalt öwrenişýärler. Çaga üçin oňa düşünmek, onuň durmuşyna gatnaşmak, tüýs ýürekden ýardam we goldaw gerek. Onuň üstünliklerine begeniň. Ony öwüň. Onuň dostlary hakynda soraň. Ol şeýle goldawyň saýasynda, kollektiwe çalt goşular, ulular we çagalar bilen öwrenişer we ýüregi gysmaz. 
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar