Soňky habarlar

Arhiw

Bambuk :öý şertlerinde gözegçilik etmegi we ösdürilmegi

0
34518

Köp ýüzýyllyklaryň dowamynda bambuk (hindigamşy) Günorta-Gündogar Aziýada keramatly ösümlik diýip hasaplanylýar, ondan dürli doga-tumarlar ýasalýardy, olar hem öz gezeginde eýelerine ähli islegleriniň hasyl bolmagyna we durmuş kynçylyklaryna garşy durmaga kömek edýärdi. Bu ösümligi dükanlarda öý bambuk atly ösümlik hökmünde satyn almak mümkin bolsada-düýbünden başga (onuň ylmy ady Drasena Sandera), ol hem “bagt agajy” diýip hasaplanylýar we örän owadanbezeg bolup durýar.  Bezeg bambugy ýörite ideg bolmadyk we aňry başy şertler bolmadyk ýerlerde hem ösüp biler. 

Öý bambugyna gözegçiligiň häsiýetleri

Bu ösümlik ýönekeýje. Ýöne ol sagdyn görüner we öz boýy bilen sizi begendirer ýaly oňa ideg etmegiň käbir häsiýetlerini göz öňüňizde tutmaly.  Ilkinji bilen, bambuk göni gün şöhlesini halamaýar. Ony azajyk kölegeli ýerde saklamaly, mysal üçin bu äpişgäniň ýanyndaky kiçi stol ýa-da tekje bolup biler.  

Öý bambugyny ýygy-ýygydan suwaryň. Suwarmak üçin iň gowy usul ýumşak ýagyn ýa-da erän garyň suwy bolup durýar. Olaryň ýerini ýönekeý suw hem tutup biler ýöne bu suwy ulanjak bolsaňyz ony ilki bilen taýýarlamaly. Suwuklygy plastikden ýasalan çüýşä salmakly we ony doňdyryjynyň içine salyp goýuň. Gapdaky suw gowy doňyp buza öwrülse, ony çykaryň we güniň dowamynda durlanar ýaly goýuň.  

Käbir gülçiler bambugy toprakda däl-de suwdaýa-da gidrogelde ösdürmegi maslahat berýärler. Bu usul has-da işli ýa-da öýde köp bolmaýan adamlar üçin laýyk gelýär. Ösümlik üçin çuň däl ýalpak gaby taýýarlaň, onuň düýbüne azajyk çagyl ýa-da kiçi daşlaryny sepiň, olary öňünden gowy ýuwuň we bambugy berkidiň. Ýumşak suwy guýuň ýa-da gidrogel düşäň. 

Öý bambugynyň köpelmegi

Şeýle bir ynam bar, “bagt agajynyň” baldaklarynyň sany durmuşyň käbir ulgamlaryna peýdaly täsir edýär. Şeýlelik-de, bambugyň üç baldagynyň düzümi rowaçlyk getirýär, bäs sanyndan  maddy üpjünçilik, eger-de ösümligiň ýedi sany baldagy bolan ýagdaýynda, onda eýeleriniň jan saglygy has-da gowlaşýar, ýigrimi bir sany bolsa işleriňi şowly gitmegine ýardam berýär. Öý bambugynyň şeýle düzümleri-diýseň gymmat bolýar, şonuň üçin köp adamlar özleri bu ösümligi köpeldýärler

Iň giňden ýaýran usullar-baldagy bölmek we ýokarky çybygyny köpeltmek. Bambugyň uzyn baldagyny alyň we ony skalpel ýa-da ýiti pyçak bilen birnäçe böleklere bölüň, her birinde 2 ýa-da 3 bag bolmalydyr.  Ýokarky kesişlere eredilen mum çalyň ýöne ol gyzgyn bolmaly däldir sebäbi ol ösümligi ýakyp biler. Çybyklary düýp tutar ýaly çyg topraga goýuň we üstüni plastik çüýşäniň ýarysy bilen ýapyň. Çybyklary düýp tutýança bu kiçi şitilhanada saklaň.

Kök urma üçin iň tiz usuly-bu ýokarky çybyklarynyň köpelmegi ýöne bu ýagdaýda siz her bir baldakdan bir sany täze ösümlik alarsyňyz. Ösümligiň ýokarky bölejigini ýapraklary we 2-3 ýapragara bilen ýiti we arassa pyçak bilen kesiň. Ata-ene ösümlikde kesilen ýeri mum bilen çalyň. Çybyklary suwa salyň. Olar kök berennden soň çyg topraga çykaryň. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar