Soňky habarlar

Arhiw

Remezan aýynda agyz beklemegiň düzgünleri

0
6851
Remezan aýynda agyz beklemegiň düzgünleri

Remezan aýy musulman dünýäsinde iň mukaddes aý hasap edilýär. Bu aýda agyz beklemek, has anygy oraza tutmak musulmançylygyň bäş parzynyň biri bolup, ol ilkinji nobatda dini garaýyşlara görä, Taňrynyň eçilen nygmatlaryna şükür etmek, durmuşy gatnaşyklaryň many-mazmunyna düşünmek, nebisjeňligi ýeňmek ýaly düşünjeleri terbiýelemek bilen birlikde, ynsan saglygyna hem örän peýdaly ýörelgedir. Bu aýyň kerem-keramaty hem, haýyr-sahawaty, ýagşylyk maksatlary-da oraza tutmak bilen baglanyşyklydyr.

Orazanyň manysy we hikmeti

«Oraza» pars sözi bolup, aslynda araplaryň «Sawm» diýen sözi bilen aňladylýar we ol «Bir zatdan daş durmak, özüňi saklamak, böwet bolmak» ýaly manylary berýär. Agyz beklemegiň amal edilmeginde-de şu manynyň açylmagyny görmek bolýar. Oraza jümlesiniň has düşnükli dilde açyklamasy «Bir zatdan saklanmak» diýmekdir.

Agyz beklemegiň esasy iki sütüni bar diýlip bellenilýär. Olaryň birinjisi — Gün dogmazyndan öňinçä agzyňy bekläp, tä Gün ýaşýança agzyňy açýan zatlardan saklanmak, ýagny iýip-içmezlik we beýleki şu hili endiklerden özüňi saklamak bolsa, ikinji sütüni — niýet etmekdir. Niýet etmegiň manysy agyz beklemegi amal etmegiň esasynda niýetiň durýandygy bilen düşündirilýär. Umuman, agyz beklemegiň pelsepewi manysy, hikmeti bolsa, bu baradaky çeşmelerde bellenilişine laýyklykda, şükür etmek, durmuşy gatnaşyklara düşünmek, nebisjeňlikden gaça durmak we beýleki häsiýetleriň terbiýelenmegi, şonuň bilen birlikde saglygyňy berkitmek bilen baglanyşyklydyr.

Agyz beklemegiň esasy düzgünleri

Orazada agyz beklemegiň we açmagyň wagty öňki döwürlerde Günüň dogup-ýaşmagy bilen kesgitlenipdir. Häzirki wagtda oraza tutmagyň wagty dürli ýerlerde ýaşaýanlar üçin aýratynlykda wagtlaryň minutlaýyn kesgitlenilýän kalendary bilen ölçenilýär. Hut şol özüne degişli kesgitli kalendar boýunça hem adamlar oraza tutup, musulmançylyk parzyny berjaý edýärler.

Remezan aýynda agyz beklenende agyz beklenilýän wagta çenli selärlik mahalynda iýip-içilýär hem-de niýet edilip, agyz beklenende okalýan doga aýdylýar. Şonuň bilen agyz beklenip, bütin günüň dowamynda hiç zat iýilmeýär we içilmeýär. Agşam namazynyň wagtynda azan aýdylanda agyz açmagyň dogasy okalýar we dini garaýyşlara görä, esasan, hurma ýa-da suw bilen agyz açylýar.

Bu döwürde ýarawsyz adamlara, hamyla ýa-da çaga emdirýän zenanlara, agyr zähmet bilen meşgullanýanlara we agyr beden kesellerini geçirenlere agyz beklemek maslahat berilmeýär. Umuman, saglygynda bir näsazlyk duýan adamlara agyz beklemezden öň lukman gözegçiliginden geçmek maslahat berilýär.

Agyz beklemegiň saglyga peýdasy

Agyz beklemek iýmit siňdiriş ulgamynyň işini ýeňilleşdirýär. Çünki bu döwürde tüýkülik mäzleri, aşgazan, bagyr, aşgazanasty mäz, içege dynç alýar. Bu döwürde adamyň bagrynda we böwreklerinde arassalanyş bolup geçýär, bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlary kadalaşýar. Ganda natriniň mukdarynyň köpelmegi, kaliniň kristallaşmagynyň öňüni alýar.

Agyz beklemegiň endokrin mäzleriniň işine hem kömek edýär. Endokrin mäzleri iýmitdäki ýokumly maddalar özleşdirilýän mahalynda alyş-çalşyň sazlaşykly bolmagyny üpjün edýär. Bu bolsa öz gezeginde işjeň gormonlaryň bölünip çykmagyna ýardam berip, bedeniň gormonal deňagramlylygyny kadalaşdyrýar. 

Orazanyň saglygymyz üçin ähmiýetli taraplarynyň ýene-de biri bedendäki ýarawsyz we gowşak öýjükleriň dargap, täze öýjükleriň sanynyň artýanlygydyr. Mahlasy, bu aýda agyz beklemek her bir musulman üçin uly sogapdyr, şonuň bilen hem olaryň saglygynyň has berkemegine, bedeniň çydamlylyga endik etmeginiň hem esasy ýoludyr.

Musulman dünýäsiniň mukaddes aýynda tutan orazaňyz kabul bolsun!

 

Peýdalanylan çeşmeler: Oraza kitaby., Birnäçe alymlaryň jemi., Terjime eden: Ebu Huzeýfe Türkmen; tk.m.wikipedia.org web saýty.


Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar