Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheri - sagdynlyk bahary

0
2152

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ak şäherimiz Aşgabat häzirkizamanyň iň döwrebap halkara hassahanalaryny bir ýere jemleýän saglyk merkezine öwrüldi. Mundan 140 ýyl ozal esaslandyrylan Aşgabat şäheri taryhy nukdaýnazardan hem, ýurdumyzyň çägindäki ilkinji saglyk merkeziniň we hassahananyň peýda bolan ýeridir. 1913-nji ýylda paýtagtymyzda bar bolan hassahanalarda bary-ýogy 300 sany orun, 70 sany lukman bolupdyr. Bu 70 lukmanyň 14-si bolsa diş lukmany bolupdyr.

1924-nji ýylda Aşgabatda birnäçe medisina edaralary döredililipdir. Şol ýyllarda lukman hünärmenlerini taýýarlamak işine hem köp üns berlipdir. Paýtagtymyzda 1926-njy ýylda medisina tehnikumy,  1931-nji ýylda  bolsa Türkmen döwlet medisina instituty açylypdyr. Bu institutda 1932-1956 -njy ýyllaryň içinde 2700 lukman taýýarlanylan bolsa, 1956-1974-nji ýyllaryň dowamynda 4838 lukman taýýarlanylypdyr.                             

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerininden başlap, paýtagtymyz Aşgabatda häzirkizaman ylmynyň ösen talaplaryna laýyklykda ýurdumyzyň lukmançylyk işgärlerini taýýarlamaklyga we hünärini ýokarlandyrmaklyga uly üns berildi.  1991-1999-njy ýyllarda türkmen lukmançylyk işgärleriniň müňe golaýy dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda hünärlerini ýokarlandyryş kurslaryny geçdiler. Soňky ýyllarda daşary ýurtly lukmanlaryň Aşgabada gelip, belli bir wagtda klinikalarda ýerli lukmanlar bilen işleşmegi, tejribe alyşmagy kada öwrülýär. Mysal üçin, 2013-nji ýylda Germaniýadan belli lukmanlaryň 30-sy Aşgabada gelip, öz türkmen kärdeşleri bilen iň täze lukmançylyk enjamlaryny öwrenmek we işletmek boýunça tejribe alyşdylar.

Aşgabatda häzirki zaman lukmançylyk merkezlerniň giden ulgamy döredildi. S.A.Nyýazow adyndaky keseli anyklaýyş merkezi (1993 ý.), Ýürek keselleriniň halkara lukmançylyk merkezi (1998 ý.), Iç keselleriniň halkara lukmançylyk merkezi (2001 ý.), Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Aşgabat keseli anyklaýyş merkezi (2004 ý.),Enäniň we çaganyň «Ene mähri» lukmançylyk merkezi, (2006 ý.),  Onkologiýa merkezi, Stomatologiýa merkezi (2013 ý.) sözüň doly manysynda iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen klinikalardyr.

1998-nji ýylda Aşgabadyň howa giňişligini arassalamaklyk maksady bilen, Köpetdagyň eteginde baglyk zolagy döredilip başlandy. Bu milli seýilgäh bilen  Giňdiwar-Nusaý galasy aralygynda 30 km-den hem gowrak uzalyp gidýän «Saglyk ýoly» 2000-nji ýylda guruldy. 1000 m gowrak belentlikde gurlan bu ýoluň iki tarapynda, baglyk zolakda millionlarça düýp ýolka we beýleki agaç nahallary oturdyldy. Indi ol agaçlar boý alyp, gök öwsüp otyr. «Saglyk ýoly» aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň höwes edip dynç alýan, dag gözelliginden lezzet alýan, saglygyny berkidýän ýoluna öwrüldi.

Paýtagtymyz Aşgabatda 1998-nji ýylda derman serişdeleri zawody, 2013-nji ýylda himiýa-farmasewtika zawody, infuzion erginleri öndürýän zawod we başga-da birnäçe kärhanalar guruldy we ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda bu kärhanalarda derman serişdeleriniň 200-e golaý görnüşleri öndürilýär.

2013-nji ýylda Aşgabatda saglygy goraýyş maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak taslamasy elektron usulynda resminama alyşmak ulgamy durmuşa geçirilip başlandy. Ol paýtagtyň we welaýatlaryň bejeriş- profilaktiki edaralaryny birleşdirýär we tutuş ýurtda lukmançylyk hyzmatyny ýokary götermäge ýardam edýär.

Paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyz boýunça lukmançylyk «Tiz kömegini» örän çalt seslenmek gullugyna öwürmek babatdaky işler durmuşa geçirilýär. Baş şäherimiz Aşgabadyň we sebitleriň «Tiz kömek» gulluklary häzirkizaman «Ford Tranzit», «Mersedes Benz» kysymly «Tiz kömek» ulaglary bilen üpjün edildi. Bu «Tiz kömek» ulaglary Türkmenistanyň hökümetiniň buýurmasy boýunça Belgiýada we Germaniýada yssy howa şertleri nazara alnyp, ýanmaýan materiallardan ýasalandyr. Olarda her hili ýagdaý bolanda hem – ýol hadysalarynda, ýangyn dörände, ýolda barýarka çaga doglanda we ş.m. ýagdaýlarda gerek bolan ähli zatlar göz öňünde tutulandyr. Lukmançylyk abzallaryndan başga-da, bu «Tiz kömek» ulaglary kondisioner, howany täzeleýän enjam, rasiýa bilen üpjün edilendir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ak şäherimiz Aşgabat häzirki zamanyň iň döwrebap, iri lukmançylyk merkezine öwrüldi. Şäherde iň täze ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen hassahanalar jemlenýär.  Paýtagtymyzda häzirkizaman halkara hassahanalarynyň birnäçesi - Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi, Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi, Halkara newrologiýa merkezi, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi, Onkologiýa merkezi, Stomatologiýa merkezi, Halkara kardiologiýa merkezi, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezi, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň binalar toplumy  hereket edýär.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanynda 2011-nji ýylda Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi, 2013-nji ýylda Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi, 2015-nji ýylda bolsa Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan okuw-ylmy merkezi döredildi.

2011-nji ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti «Ýewropanyň Biznes Assambleýasy» halkara guramasynyň «Ýewropa hili» atly halkara baýragyna mynasyp boldy. Mundan başga-da, Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilim berýän lukmançylyk edaralary hakynda maglumatlaryň Bütindünýä binýady bolan «Awisenna» katalogyna girizildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan saglygyň hem sagdynlygyň ýurduna öwrüldi. Şu babatda Aşgabat iň naýbaşy görelde merkezidir.

 

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Peýdalanylan edebiýatlar:

  1. Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. «Ylym» neşirýaty. 1992.
  2. S.Jumaýew. Türkmenistanyň taryhy. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň taryhdan başga hünärleri  üçin okuw kitaby, – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.
  3. A. Babaýew. Z. Freýkin. Aşgabat. (geografiki oçerk). Türkmen döwlet neşirýaty. Aşgabat , 1957.
  4. Aşgabat – Bagtyýarlyk döwrüniň şäheri. Fotoalbom. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013.
  5. Türkmenistanyň ensiklopediýasy. VIII tom. «Ylym» neşirýaty. 1978.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar