Aşgabat – parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezi

0
2395

Ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýaşynyň soňky 30 ýylynda – döwletimiziň Garaşsyzlyk zamanasynda ýurdumyzyň paýtagty milli Bitaraplyk ýörelgämiziň esasynda dünýäniň parahatçylyk we ynanyşmak merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra, türkmen paýtagtynda abraýly halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň hereket edip başlamaklygy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň wekilhanasy 1994-nji ýylda açyldy. Bu wekilhananyň taýsyz tagallarynyň netijesinde, 1995–1997-nji ýyllarda BMG-niň diňe Ösüş maksatnamasynyň hünärmenleri Türkmenistanda jemagat hojalygynda, poçta aragatnaşygynda saglygy goraýyş we bilim ulgamyndaky özgertmeler boýunça düzülen taslamalary durmuşa geçirdiler. Biziň ýurdumyz BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlykda bu iri halkara guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bilim, ylym we medeniýet işleri baradaky guramasy (ÝUNESKO), Daşky gurşaw maksatnamasy (ÝUNEP) bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar.

1995-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň wekilhanasy açyldy we şol wagtdan bäri wekilhana özüniň ählumumy mandatyna laýyklykda bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin goragy üpjün etmek hem-de uzak möhletleýin çözgütleri gözlemek boýunça Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan bosgunlar meselesi boýunça halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine hem özüniň saldamly goşandyny goşýar.

Türkmenistanyň Hökümetiniň Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi bilen bilelikde 2012-nji ýylyň 11–12-nji maýynda Aşgabatda «Musulman dünýäsinde bosgunlar» atly halkara maslahatyny geçirmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Maslahatyň işine YHG-niň agzasy bolan ýurtlaryň wekiliýetleri, 40-a golaý halkara we hökümetara guramalaryň wekilleri, 21 döwletden synçylar gatnaşdylar. Umuman, «Musulman dünýäsinde bosgunlar» atly halkara maslahat möhüm waka öwrüldi hem-de bu derwaýys ähmiýetli ynsanperwer wezipäni berjaý etmek maksady bilen, netijeli mehanizmleriň işlenip taýýarlanmagyna badalga berdi. Maslahatyň jemleýji resminamasy Aşgabat jarnamasy diýlip atlandyryldy we ol bu ugurda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu taryhy resminamada bütindünýä möçberinde bosgunlaryň goralmagyny üpjün etmek üçin kesgitlenen netijeli çäreler eýýäm häzirki wagtda işjeň ýagdaýda amala aşyrylýar.

BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreş boýunça Müdirliginiň Aşgabatdaky wekilhanasy 1995-nji ýylda açyldy we ol 14 sany global, sebit we milli taslamalar boýunça iş alyp barýar. Hususan-da, şol taslamalar Türkmenistanda döwlet edaralaryna hukuk meseleleri boýunça kömek bermek; operatiw maglumatlary toplamak, seljermek we alyşmak boýunça işi kämilleşdirmek; sebitleýin hyzmatdaşlygy we özara işleşmegi gowulandyrmak; serhet gözegçiligini we serhetýaka hem-de serhetüsti hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak; neşe serişdeleriniň sarp edilişini azaltmagyň we WIÇ/SPID-iň öňüni almagyň meseleleri boýunça netijeli çäre görmek; halkara guramaçylykly jenaýatçylyga, korrupsiýa, jenaýat ýoly bilen alnan pullaryň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylyga garşy göreşde milli mümkinçilikleri pugtalandyrmak ýaly ugurlar
boýunça ýardam bermäge gönükdirildi.

Türkmenistanyň Halkara migrasiýa guramasy (HMG) bilen hyzmatdaşlygy bu guramanyň Aşgabatdaky edarasynyň 1997-nji ýylda döredilmegi we şol ýylyň sentýabrynda HMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekilmegi bilen ýola goýuldy. Şondan soňra HMG bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy işjeň häsiýete eýe boldy. 1998–2011-nji ýyllarda Türkmenistanyň hökümetiniň goldaw bermeginde Türkmenistanda migrantlary geçirmek, adam söwdasynyň öňüni almak, şeýle hem migrasiýany netijeli dolandyrmakda ýerli mümkinçilikleri artdyrmak boýunça 25-e golaý taslama durmuşa geçirildi. Şu ýerde Türkmenistanyň 1997-nji ýylyň noýabryndan bäri Halkara migrasiýa guramasynyň işine synçy hökmünde gatnaşyp gelendigini hem nygtap geçmek gerek. 2013-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Halkara migrasiýa guramasynyň Geňeşiniň 103-nji sessiýasynda Türkmenistan bu guramanyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi we munuň özi biziň ýurdumyzyň HMG-niň, dünýä bileleşiginiň öňünde duran möhüm wezipeleriň çözgüdine has hem işjeň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikler açdy.

1999-njy ýylyň ýanwar aýynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi öz işine başlady. Geçen wagtyň dowamynda Türkmenistanyň hökümeti we ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňat binýat bolup durýan dürli ulgamlarda bilelikdäki işiň saldamly tejribesini topladylar. Köpsanly deliller ÝHHG-niň durnuklylyga we howpsuzlyga ýardam edýän Türkmenistanyň başlangyçlaryny hemişe goldaýandygyna we şol başlangyçlaryň amaly taýdan durmuşa geçirilmegine ýardam etmek maksady bilen, dürli taslamalary işläp taýýarlaýandygyna şaýatlyk edýär. Hususan-da, bu Merkez Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy boýunça gepleşikleri öňe sürmeklige gönükdirilen tagallalaryny we dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegine çagyrýan BMG-niň rezolýusiýanyň kabul edilmegi boýunça onuň başlangyjyny gyzgyn goldady. Bu Merkez şeýle hem 2010-njy ýylyň maýynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen geçirilen «Ýewraziýada durnukly we ygtybarly energiýa ýardam etmek üçin Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösmegi» atly halkara maslahatyna, energetika howpsuzlygynyň meselelerine bagyşlanan başga maslahatlaryň işine işjeň gatnaşdy. Bu bolsa energetika howpsuzlygy boýunça Türkmenistanyň we ÝHHG-niň umumy gepleşikleriniň barha çuňlaşmagyna ýardam edýär. Türkmenistanyň we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlyk harby-syýasy ölçegiň çäklerinde hem dürli taslamalary öz içine aldy we olar ynamy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegine ýardam etmeklige, ýaraglaryň we ok-därileriň saklanylmagynyň howpsuzlygyny güýçlendirmeklige, şeýle hem terrorçylyga we bikanun neşe, ýarag we ş.m. dolanyşygyna garşy göreşiň alnyp barylmagyna gönükdirildi.

Ykdysady we ekologiýa babatda Merkez Türkmenistan bilen bilelikde suw we ýer resurslaryny dolandyrmak meseleleri, kiçi we orta telekeçiligiň, ulag ýollarynyň ösmegine ýardam etmek boýunça taslamalary amala aşyrýar. Netijede, soňky birnäçe ýylyň içinde biziň ýurdumyz bilen ÝHHG-nyň arasyndaky özara gatnaşyklar hil taýdan täze sazlaşyga eýe boldy.

2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy uly waka boldy. Elbetde, Aşgabat şäheriniň sebit merkeziniň ştab-jaýynyň ýerleşýän ýeri hökmünde seçilip alynmagy Türkmenistan üçin uly abraý boldy we muny biziň halkymyz ýurdumyza bildirilen uly ynam we hormat hökmünde kabul etdi. Şol bir wagtyň özünde sebit merkeziniň ştab-jaýynyň ýerleşmegi üçin Aşgabadyň saýlanyp alynmagy mundan hem başga ençeme ýagdaýlar bilen bagly bolan bolmaly. Ozaly bilen, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi BMG-niň sebit merkeziniň ştab-jaýyny Aşgabatda ýerleşdirmek üçin esasy şertleriň biri boldy diýip aýtsa bolar. Üstesine-de, Bitarap Türkmenistan eýýäm şol döwre çenli özüni parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde görkezipdi, özüniň anyk işleri bilen sebitleýin dawalaryň öňüni almakda esasy roly oýnap biljekdigini iş ýüzünde subut edipdi. Mysal üçin, Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde öz ylalaşdyryjylyk mümkinçiliklerini ulanmak bilen, Täjigistandaky ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça täjigara gepleşikleri geçirmek başlangyjy bilen çykyş edendigini, şol gepleşikleriň bolsa 1995–1996-njy ýyllarda Aşgabatda geçendigini, şeýle hem 1997-nji ýylda Türkmenistanyň owganara gepleşikleriň we Owganystan boýunça halkara forumyň geçirilýän ýerine öwrülendigini ýatlap geçmek ýeterlikdir. Galyberse-de, bu meselede sebitiň we dünýäniň duçar bolýan wehimlerine jogap hökmünde uzakmöhletleýin çözgütleri gözläp tapmak üçin Türkmenistanyň artýan tagallalarynyň hem göz öňünde tutulandygy aýdyňdyr. «Bu gün biz sebitiň we dünýäniň duçar bolýan wehimlerine jogap hökmünde uzakmöhletleýin çözgütleri gözläp tapmak üçin Türkmenistanyň aýratyn tagallalaryny synlap bilýäris» diýlip «Öňüni alyş diplomatiýasy we oňyn bitaraplyk – nurana geljegiň kepili» atly halkara maslahatynyň materiallarynda aýdyldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň wezipesi barada aýdylanda, onda bu Merkez BMG-niň sebitleýin möçberdäki öňüni alyş işine ýöriteleşýän ilkinji syýasy düzümidir we onuň maksady Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitde bar bolan halkara terrorçylyk we ekstremizm, neşeleriň bikanun dolanyşygy, guramaçylykly jenaýatçylyk, daşky gurşawyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy ýaly wehimlere, umuman sebitde ýüzeçykýan howplara garşy durmak isleglerinde olara kömek bermekden ybaratdyr.

 

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Peýdalanylan edebiýatlar

  1. Rahmanow A.Birleşen Milletler Guramasy we onuň ulgamy. Ýokary okuw mekdepleriniň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara hukugy, halkara  ykdysady gatnaşyklary, halkara žurnalistikasy, taryh, syýasaty öwreniş  hünärleriniň talyplary üçin okuw kitaby. – A: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.
  2. S.Jumaýew. Türkmenistanyň taryhy. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň taryhdan başga hünärleri  üçin okuw kitaby, – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar