Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat – halkara maslahatlar şäheri

0
2041

Paýtagtymyz Aşgabat döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde    sebitde halkara gepleşikleriniň we maslahatlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra, eýýäm 1991-nji ýylyň dekabrynda baş şäherimiz Aşgabatda ilkinji ýokary derejeli halkara duşuşygy geçirildi. Oňa Orta Aziýa döwletleriniň Prezidentleri gatnaşdylar. Olar GDA -nyň döredilmegi bilen emele gelen ýagdaý barada pikir alyşdylar we oňa goşulmak kararyna geldiler. 1993-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat GDA döwletleriniň Prezidentlerini mähirli garşy aldy. Iki güne çeken duşuşykda Arkalaşygyň döwletleriniň özara gatnaşyklaryny ýola goýmak barada gepleşikler alnyp baryldy we bilelikdäki beýannama kabul edildi. 1995–1997-nji ýyllarda Aşgabatda YHG girýän on ýurduň Prezidentleriniň 5 gezek duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyklarda Transaziýa–Ýewropa aýna-süýüm aragatnaşyk ulgamyny, halkara demir ýol geçelgelerini we käbir beýleki iri sebit desgalaryny gurmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli kararlar kabul edildi. Şol ýyllarda Türkmenistan birnäçe gezek YHG-de başlyklyk etdi. Şol sebäpli YHG-de dürli ugurlar boýunça işleýän komitetler öz mejlislerini Aşgabatda geçirdi. BMG, ÝHHG hem käbir möhüm meseleler boýunça forumlary türkmen paýtagtynda geçirip ugradylar. Diňe 1996-njy ýylda Aşgabatda halkara maslahatlarynyň, konferensiýalarynyň, simpoziumlarynyň 60-dan gowragy geçirildi. Soňky ýyllarda şeýle çäreleriň sany üzül-kesil artdy.

BMG tarapyndan Aşgabatda geçirilen ilkinji halkara çäresi täjigara gepleşikleridir. Täjigistanda 1992-nji ýyldan bäri raýatlyk urşy gidýärdi. Uruş hereketlerini togtatmak üçin BMG täjigara gepleşikleriniň birnäçe tapgyryny geçiripdi. Ýöne netije bolmady. 1995-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan täjigara gepleşiklerini Aşgabatda geçirmekligi teklip etdi. Teklip BMG, Täjigistanyň hökümeti we täjik oppozisiýasy tarapyndan goldanylyp, şol ýylyň noýabrynda Aşgabatda täjigara gepleşikleri başlandy. Gepleşiklere BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, synçy döwletler: Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Eýranyň, Päkistanyň, Hindistanyň wekilleri gatnaşdylar. Arakesmeler bilen 8 aýa golaý dowam eden gepleşikler kyn hem agyr geçdi. Ýöne taraplar kem-kemden düşünişdiler we 1996-njy ýylyň 19-njy iýulynda ok atmany bes etmek hakda ylalaşdylar. 1997-nji ýylyň awgustynda Moskwada «Täjigistanda ylalaşyk we parahatçylyk hakyndaky» Protokola gol çekildi. Goňşy ýurtda uzaga çeken ganly wakalara gutarnykly nokat goýuldy. Bu ynsanperwer işde Türkmenistanyň araçyllyk tagallasyna BMG uly baha berdi. Türkmenistanyň ýene bir goňşusy – Owganystanda 1979-njy ýyldan bäri dowam eden gapma-garşylykly çaknyşyklary togtatmak we ýagdaýy kadalaşdyrmak barada hem tagallasyny gaýgyrmady. 1997-nji ýylyň başynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Owganystana ýardam etmek boýunça wekilçilikli ýygnanyşyk geçirildi. Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň, Bütindünýä bankynyň, Halkara walýuta gaznasynyň, Yslam konferensiýasy guramasynyň, birentek halkara agentlikleriniň we hökümet gaznalarynyň wekilleriniň (jemi 300 adam) gatnaşan ýygnanyşygyna BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Ýasuşi Akaşi başlyklyk etdi. Aşgabat ýygnanyşygynyň çäklerinde seminarlar we konferensiýalar geçirilip, netijede ynsanperwer kömegi iberjek bitewi utgaşdyryjy kömegi ýerlerde paýlamak üçin edara döredildi we ynsanperwer kömegiň ugurlary kesgitlenildi hem-de bu kömegi bermegiň dürli jähtleri anyklanyldy. Ýygnanyşygyň barşynda Owganystanda oba hojalygyny, hususan-da maldarçylygy ösdürmek, şäher hojalygyny dikeltmek, maýyp-müjrüpleri, çagalary, aýallary, garrylary däri-dermanlar bilen üpjün etmek babatda berilmeli kömek umumy ykrar edilen maksatnama görnüşine eýe boldy.

1998-nji ýylyň ýazynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen düzgünleşdirmek boýunça iki günlük pikir alyşmalar geçirildi. Pikir alyşmalara duşmançylykly taraplaryň ikisiniňem – Talyplar hereketiniň we Demirgazyk alýansyň hem wekilleri gatnaşdylar. Olar Türkmenistanyň goşulyşmazlyk, owganara ylalaşygyny gözläp tapmaga aňrybaş derejede ýardam etmek ýörelgelerine hormat goýýandyklaryny aýtdylar. Pikir alyşmalaryň netijesinde taraplaryň arasynda ylalaşdyryjy topary döretmek kararyna hem gelindi. Şondan soň Owganystanda kadaly durmuşa geçiş we halk hojalygyny dikeldiş döwri başlandy. Şu mynasybetli Owganystana berilýän ynsanperwer kömekleriň, möçberi üzül-kesil artdy. Bu ynsanperwer goldawa Türkmenistan hem goşuldy. Halkara kömeginiň 40 göterime golaýy Türkmenabadyň we Serhetabadyň üstünden geçdi. Türkmenistanyň özi hem azyk önümleri, egin-eşikler, däri-dermanlar we ş.m. ýüklenen awtomobil kerwenlerini goňşy ýurda iberip başlady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Owganystana goldawy diňe ynsanperwer kömek bilen çäklenmeýär. Ol, ozal hem bellenip geçilişi ýaly, giň möçberli sosial-ykdysady kömegi hem öz içine alýar. Owgan halky türkmen nebit önümleriniň, elektrik energiýasynyň hem eşretini görýär. türkmen–owgan hyzmatdaşlygy ösýär we ol iki halkyň hem bähbitlerine laýyk gelýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkara guramalary tarapyndan Aşgabatda ýokary derejeli forumlary geçirmeklik asylly däbe öwrüldi. Bu asylly däbe görä, ýaňy-ýakynda – şu ýylyň 15-nji aprelinda paýtagtymyz Aşgabatda täze açylan Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahaty geçirildi. Ak şäherimiz Aşgabatda şunuň ýaly ýokary derejedäki halkara maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi biziň ýurdumyzyň Bitarap döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde abraýynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Peýdalanylan edebiýatlar

  1. Rahmanow A.Birleşen Milletler Guramasy we onuň ulgamy. Ýokary okuw mekdepleriniň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara hukugy, halkara  ykdysady gatnaşyklary, halkara žurnalistikasy, taryh, syýasaty öwreniş  hünärleriniň talyplary üçin okuw kitaby. – A: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.
  2. S.Jumaýew. Türkmenistanyň taryhy. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň taryhdan başga hünärleri  üçin okuw kitaby, – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.
  3. Orazgylyjow Ý. Türkmenistanyň taryhy (Türkmenistan Garaşsyzlyk zamanynda), II kitap. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar