Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat – Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişi hem şu güni

0
838
Aşgabat – Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişi hem şu güni

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň merkezi şäheriniň 140 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda» belleniljek Aşgabat şäheriniň gününde köpugurly işewürlik merkezi bolan Garagum myhmanhanasynyň açylmagynyň özünde, taryhy nukdaýnazardan diýseň uly many bardyr. Çünki, «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly» diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylda gurluşygyna badalga berlen köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» myhmanhanasy paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň bu gadymy söwda ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy şäherdigini alamatlandyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde günsaýyn özgerip, ajaýyp keşbe eýe bolýan Aşgabat şäherimiz beýleki döwletleriň paýtagtlary bilen deňeşdirilende, bütindünýä siwilizasiýasyna önjeýli goşant goşan iň gadymy şäherleriň biridir. Bu ajaýyp şäher adamzat taryhynyň dürli döwürlerinde özüniň binagärlik gurluşy, medeni hyzmat ediş we dynç alyş ugurlary boýunça dünýäde iň owadan, döwrebap şäherleriň biri bolupdyr. 

Ajaýypdan üýtgeşik binagärlik gurluşy bilen öz taryhynyň dürli döwürlerinde göreni haýrana goýan Aşgabat şäherimiziň döreýşi öz üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen gadymy Parfiýa döwletini esaslandyryjy Ärsak şanyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu taryhy hakykaty ylmy taýdan esaslandyran belli taryhçy alym Öwez Gündogdyýew özüniň «Aşgabat – keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda Ärsagabadyň – Aşgabadyň Parfiýa döwründen häzirki döwre çenli Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde – ýüreginde ýerleşip, iri söwda nokatlarynyň biri bolup hereket edendigini beýan edýär, Alym bu kitapda Aşgabadyň XVIII – XIX asyrlardaky durmuşyny şeýle suratlandyrýar: «Aşgabat Ahalyň dolandyryş we söwda merkezi bolupdyr. Onuň amatly ýerde ýerleşmegi şeýle ýagdaýyň döremegine sebäp bolupdyr. Köpetdagyň üsti bilen Aşgabada Eýrandan kerwen ýoluny çekipdirler. Aşgabatdan Türkmenistanyň günbatar we gündogar ýaýlalaryna tarap ýollar şahalanyp gidipdir. Göni Garagum çölüniň üstünden geçýän kerwen ýodalary bolsa Hywa we Buhara alyp barypdyr. Bir söz bilen aýdylanda, şäherde halkara ähmiýetli ýollar birleşipdir. Rus barlagçysy Stebniskiý 1871-nji ýylda özüniň «Türkmenistan hakyndaky ýazgylarynda» şeýle ýazypdyr: «Hywa we Eýran bilen söwda işini alyp barýan Ashabad şäheriniň... ilatynyň sany Karyzdaka garaňda köpdür...

Berkitmeleriň ýarsyndan gowragynyň ýaşaýjylary bugdaý ösdürip-ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar, beýleki galalarda bolsa ondan daşgary bagçylyga-da üns berýärler». Soňra ol sözüni şeýle dowam edipdir: «Ashabad... şäher diýip atlandyrylýar, ýöne onda berkitme hem bar. Ashabatda... 4000-ňe çenli öý bar» Şeýlelik bilen, Aşgabadyň «esaslandyrylan» wagtyndan (1881 ý) 10 ýyl öň hem ol şäher atlandyrylypdyr, özem şeýle maglumatlar rus çeşmelerinde gabat gelýär! Eýsem, ýönekeý bir oba Hywa we Eýran ýaly ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýup bilermidi?  

Ýene-de bir zady sözümiziň üstüne goşalyň: «abat» sözi mydama obany däl-de şäheri aňlatmak üçin ulanylypdyr. Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň sanam gaty kän ekeni. Geliň, 1871-nji we 1892-nji ýyllarda Aşgabatda näçe adam ýaşanyny deňeşdirip göreliň. Stebniskiniň maglumatlaryna görä, şäherde 4000 sany öý bar eken. Eger çynlakaý pikir edilse, her öýde hojalykbaşy bolan erkek adamyň, onuň aýalynyň we çagalarynyň bolmalydygy öz-özünden düşnüklidir. Eger her maşgalada 2 çaga bar diýip hasap edenimizde-de, onda 1871-nji ýylda Aşgabatda 16 müň adam ýaşapdyr diýen çaklama döreýär. 

1905-nji ýylda Aşgabat Daşkendiň üstünden geçýän demirýol arkaly Merkezi Russiýa çykmaga mümkinçilik alýar. Demirýol söwda kerwenleriň ýollaryny gysgaldypdyr. Şondan beýläk kerwenler diňe Aşgabat bilen Eýranyň, Aşgabat bilen Hywanyň aralygynda gatnapdyr. Netijede, Eýranyň Horasan welaýatynyň tutuş ykdysadyýeti Aşgabat bilen baglanyşykly bolupdyr. Şonuň üçinem, Aşgabatda gümrükhana açylypdyr. Aşgabat demirýol bekediniň işläp başlan ilkinji ýylynda paýtagtyň Russiýadan, Eýrandan, Hywadan we Buharadan söwda alyş-çalşygy üçin getirýän harytlarynyň mukdary 1,5 million rubla ýetip, şonuň üçden iki bölegi Eýran bilen edilýän söwdanyň paýyna düşüpdir. Uzak aralyklar bilen edilýän söwdanyň güýçlenmegi şäheriň daş keşbine hem öz täsirini ýetiripdir. Aşgabatda diňe 1899-njy ýylyň özünde 1000 müňe golaý söwda kerweni düşläp geçip, şol kerwenlerdäki düýeleriň sany 36576-a ýetipdir.

1900-njy ýylda Döwlet bankynyň Aşgabatdaky bölümi tarapyndan akylyňa sygmajak san bolan 70 million rublluk söwda aýlanyşygy amala aşyrylypdyr. G. Melikowyň belläp geçmegine görä, 1903-nji ýylda «düýeleriň dyknyşyklary» sebäpli şäher polismeýsterleri «kerwenlere bazaryň üstünden we gatnalýan köçelerden geçmegi» gadagan etmäge mejbur bolupdyrlar.


 
Şäheriň köp sanly kerwensaraýlarynda kakadylan miweler, Owganystandan, Hywadan, Buharadan, Türkmenistanyň içki etraplaryndan getirilen çuwallar dag ýaly bolup üýşüp durupdyr. Russiýadan gaýdyp, «Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi» bolan Türkmenbaşy (öňki Krasnowodsk) şäheriniň üstünden geçýän demirýol şahasynyň üsti bilen çit matalar, gant, kerosin, kükürt demirden bejerilen gap-çanaklar we ş.m. zatlar gelipdir. Merkezi Aziýanyň beýleki şäherleriniň hiç birinde hem Aşgabadyň diňe bir özündäki ýaly kerwensaraý ýokdy. 1903-nji ýylda Aşgabatda 38 sany kerwensaraý bolupdyr.

Aşgabat üçin uzak aralyklary birleşdirýän demirýoluň we kerwen ýollarynyň ähmiýeti 1904-nji ýylda işlenip taýýarlanylan gerbiň taslamasynda hem öz beýanyny tapypdyr. Bu taslamada esasy üns şäheriň uzak aralyga söwda etmekdäki ýerine ýetirýän wezipesine berlipdir. Aşgabat uýezdiniň ýolbaşçysy 1904-nji ýylda ýazan düşündiriş hatynda şeýle ýazypdyr: «Aşgabat – Zakaspiý oblastynyň esasy şäheri – diňe bir dolandyryş merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, özünde tutuş oblastyň söwda-senagat işlerini jemlemek bilen, esasan, Russiýanyň, Persiýanyň we Owganystanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda geçiriji bolup hyzmat edýär. Onuň soňky agzalan wezipesi durmuşynyň häsiýetli aýratynlygyny we esasy özboluşlygyny emele getirýär. Aşgabadyň gerbiniň taslamasy hem şol esasda işlenip taýýarlanyldy. Onda patyşa täjiniň aşagyndaky galkanyň ýüzünde, «ülke parahatlaşandan» soňra söwda gatnaşyklarynyň ýüze çykan senesini görkezmek bilen söwda kerweni, iň aşakda bolsa söwda gatnaşyklarynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan demirýoluň çekilen senesini görkezmek bilen demirýol otlusy şekillendirilipdir»».

Diýmek, 1904-nji ýylda döredilen Aşgabat gerbiniň taslamasy hem, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen  paýtagtymyzyň iň gadymy döwürlerden – Parfiýa zamanasyndan  häzirki döwre çenli daşary ýurtlar üçin üstaşyr söwda merkezi bolandygyny görkezýär. 1885-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Zakaspi demir ýolunyň Aşgabada gelmegi bilen söwda  kerweni hökmünde düýeler ulanylman, täze demir ýoluň hyzmatyndan peýdalanylypdyr. Bu ýagdaý Aşgabat gerbiniň taslamasynda örän aýdyň suratlandyrylypdyr.



A.Babaýew bilen Z.  Freýkiniň 1957-nji ýylda «Türkmenistan döwlet neşirýaty» tarapyndan neşir edilen «Aşgabat» atly geografik oçerkinde hem 1904-njy ýylda döredilen Aşgabat gerbiniň taslamasy barada aýratyn durup geçmeklik bilen: «Şäher üçin üstaşyr daşary söwdanyň uly ähmiýete eýe bolandygyny  ýerli ýolbaşçylaryň bu işi Aşgabadyň gerbiniň  ilki başdaky taslamasynda (1904 ý) ebedileşdirmekçi bolandyklaryndan hem görmek bolýar. 

Aşgabat uýeziniň naçalnigi özüniň düşündiriş hatynda şeýle ýazypdyr: «Zakaspi oblastynyň merkezi şäheri bolan Aşgabat diňe bir administratiw merkez bolmagy bilen çäklenmän, bütin sebitiň söwda senagat işini hem özünde jemleýär  –  esasan hem Russiýanyň, Eýranyň we Owganystanyň arasyndaky söwda aragatnaşyklarynda üstaşyr merkez bolup hyzmat edýär. Aşgabadyň daşary söwdada üstaşyr merkez bolmagy onuň tapawutlandyryjy sypatydyr we durmuş işiniň esasy häsiýetidir. Şu sebäpli-de Aşgabat şäheriniň gerbiniň taslamasy işlenip düzüldi – şitiň ýüzünde patyşa täjiniň aşagynda söwda kerweni şekillendirilip, «ülke asudalaşandan» soň söwda araganaşyklarynyň ýüze çykan senesi görkezilipdir..., aşakda bolsa demir ýol otlusy şekillendirilip söwda aragatnaşyklarynda ägirt uly ähmiýeti bolan demir ýol gatnawynyň  gurlan senesi görkezilipdir.» Otly we düýeler –Aşgabadyň  «durmuş işini» alamatlandyryjy zat bolup hyzmat edipdir. Birnäçe ýyl geçenden soň – 1908-nji ýylda gerbiň taslamasy üýtgedildi. Munuň özi elbetde, tötänden däldi. Dört ýylyň içinde gerbiň taslamasy iki gezek düzüldi,» - diýip belleýär.

A.Babaýew bilen Z. Freýkiniň «Aşgabat» atly kitabynda Aşgabat şäheriniň XIX asyryň ahyryndaky XX asyryň başlaryndaky  söwda durmuşy barada şeýle beýan edilýär: «Şäheriň merkezi söwda bölegi hem onuň gür ilatly esasy sebitlerinden biri boldy. Şäheriň söwda böleginiň has gyzgalaňly ýeri bazardy. Bu ýerde meýhanlar, restoranlar, çaýhanalar, naharhanalar köpdi. Dellekhanalar we her hili ussahanlar hem bazarda ýerleşýärdi. Köne Gündogaryň tipiki durmuş ýagdaýlaryny bu ýerde ýygy-ýygydan görmek bolýar. Bazara barýan köçelerde dellegiň baş syryp otyranyny görmek bolýardy. Hat ýazyjylar we hat okap berijiler  (mürzeler) köçe diwarlarynyň kölegesinde otyryp, öňlerine ýaşik goýup, onuň üstüne döwet-galam, kagyz goýardylar. Slesarlar, tokarlar, demir ussalary, ýarag ussalary, kümüş ussalary, zergärler we beyleki ussalar öz dükanlarynyň agzynda otyryp işleýärdiler. Çörekhanany ýüpe serilen ýuka lawaşlary boýunça daşdan tanamak bolýardy.

Dükanlarda we bazarlarda teke, pendi, horasan halylary, dürli reňkli ýüpek matalar, nah-matalar köpdi. Bazarlaryň daşynda, şäheriň oňat jaýly köçelerinde Gündogaryn tipiki aýratynlyklaryndan namu-nyşan görünmeýärdi. Munuň tersine, käbir syýahatçylaryň beýan etmeklerine görä, Aşgabat ägirt uly rus posýologyna meňzeýärdi. Käbir adamlar bolsa Aşgabada «Zakaspi Pariži» diýýärdiler.


 
Aşgabat «ülkaniň asudalaşmagy», demir ýolunyň çekilmegi bilen  tiz wagtyň içinde ägirt uly üstaşyr söwda merkezine öwrüldi. Bu şäheriň üstaşyr söwda şäherine öwrülmegine onuň geografik  taýdan amatly ýerde ýerleşmegi  sebäp boldy. Ylaýta-da Zakaspi demir ýoly uly ähmiýete eýe boldy. Bu demir ýoluň Türkmenbaşy porty (Krasnowodsk ýa-da ondan öňki Uzynada porty) Aşgabady Russiýanyň Eýran we Owganystan  bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we söwda aragatnaşyklaryny üpjün eden üstaşyr merkezine öwrüldi. 1899-nji ýylda Aşgabadyň üsti bilen Eýrandan Russiýa 36576 düýeden, 2223 atdan we 25.080 eşekden we gatyrdan ybarat 1000-e golaý kerwen haryt alyp geldi. Kerwenler yzlaryna gaýdanlarynda hem ýük äkidýärdiler. Hut şol ýylyň içinde Aşgabat gümrükhanasynyň üsti bilen Eýrandan 2366912 manatlyk, ýagny 502234 put haryt ulag we araba transporty bilen daşaldy. 2076606 manatlyk haryt bolsa Eýrana äkidildi. Şeylelikde bütin söwda dolanyşygy ep-esli artyp, bir ýylda dört ýarym million manat boldy. 


 
Hywa bilen alnyp barylýan söwdanyň möçberi düýbünden başgaçady. 1899-njy ýylda Hywadan 7835 düýeden  ybarat kerwen 21600 manatlyk harydy Aşgabada getirdi; Aşgabatdan Hywa 77400 manatlyk haryt äkidildi. Bütin söwda dolanyşygy 100 müň manat diýen ýaly boldy. Goňşy ýurtlar bilen, ylaýata-da Eýran bilen alnyp barylýan söwda 1913-nji ýyla çenli telim esse artdy. Baryp 1910-nji ýylda  Russiýa-Eýran söwdasy Aşgabadyň üstaşyr hyzmaty bilen 15 milliondan hem geçdi. Eýrandan Aşgabadyň üsti bilen Russiýa 8472527 manatlyk haryt getirildi. Russiýadan Eýrana bolsa Aşgabadyň üsti bilen 7164363 manatlyk haryt äkidildi. 


 
Aşgabadyň üsti bilen alnyp barylýan daşary söwda dürli-dürli başarjaň adamlar giňden gatnaşýar. Şäherde araçy barlagçylar (kontrollar), Russiýanyň söwda we senagat firmalarynyň wekilleri döräpdir. Ammar jaýlary, myhmanhanalar gurlupdyr. 1903-nji ýylda  Aşgabatda 6 sany myhmanhana, 40-a golaý kerwensaraý, 4 sany transport kontorasy, 2 sany ätiýaşlandyryş (strahowaniýe) jemgyýeti bardy. Döwlet bankynyň bölümi döredildi, onuň 1909-njy ýyldaky bir ýyllyk dolanyşygy 82 million manatdan gowrak boldy. Şäher ilatynyň köpelmegi bilen birlikde onuň ýerli söwdasy-da giňeýärdi. Emma şäheriň esasy işi ýükleri üstaşyr geçirmek we ýakyndaky daşary ýurtlar bilen söwda etmekden ybaratdy». Diýmek, Aşgabat şäheri Parfiýa döwründen başlap häzirki döwre çenli Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşmeklik bilen üstaşyr daşary söwda hyzmatyny ýerine ýetiripdir. Hut şu nukdaýnazardan-da, taryhçy alymlar  «Aşgabat – gadymy hem müdümi şäher» diýip atlandyrýarlar. Ýöne, muňa garamazdan Aşgabat şäheri 1881-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda ýurdumyzyň häzirki eýeleýän çägini – Türkmenistan döwletini dolandyryjy merkezi şäher hökmünde gaýtadan döredildi. Ýeri gelende aýtsak, paýtagtymyzyň soňky döredilen senesi nesilden nesile geçip, ildeşlerimiziň hakydasynda baky ýaşaýar. Çünki, 1881-nji ýylda dolandyryjy merkez hökmünde dörän Aşgabat şäheri şol döwürdäki dagynyk halky birleşdirip, milletimizi türkmen döwletiniň häzirki territoriýasynyň çäginde bitewileşdirip bilen şäherdir. Hut şu nukdaýnazardan-da, Aşgabat şäheriniň 1881-nji ýylda dolandyryjy merkez hökmünde döredilen senesi türkmen halky tarapyndan paýtagtymyzyň döredilen senesi hökmünde kabul edildi.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtymyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň üstaşyr daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmeklikdäki ähmiýetine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berildi. 1995-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň kiçi we orta kärhanalaryň harytlarynyň satuw-sergisi geçirildi. Bu satuw-sergisi ýurdumyzda hususyýetçileriň işiniň ýola düşýändigini, halka gerekli köp harytlaryň öndürilip başlanandygyny görkezdi. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda paýtagtymyzda söwda ulgamyny ösdürmeklik babatda düýpli gurluşyga hem badalga berildi. Mysal üçin, Aşgabatda ozal esasan iki sany – «Ors» hem «Teke» bazarlary bardy.


 
Aşgabadyň taryhy «Ors bazary», şeýle hem  «Teke bazary» ady bilen belli bolan gadymy söwda merkezleriniň döreýşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu düşünjeler aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň arasynda heniz hem ýörgünlidir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu gadymy bazarlaryň durky düýpgöter täzelendi we  «Ors bazary» «Gülüstan» söwda merkezi diýlip, «Teke bazary» bolsa öňki adynda atlandyryldy. Häzir Aşgabada gelýän islendik myhmanyň ilki bilen baryp görmäge höwes edýän ýeri «Gülüstan» söwda merkezidir. Giň giden meýdanda iň häzirkizaman görnüşde gurlan bu bazarda alyjylar üçin hem, satyjylar üçin hem amatly şertler döredilendir.

«Gülüstan» söwda merkezi, şeýle hem «Teke bazary», hakykatda, bereketli we sahawatly türkmen topragynda bitýän naz-nygmatlaryň jemlenen ýeridir. Bu ýerlerde aňzakly gyşda hem tep-ter gawunlarydyr alýaňak alamalary, hoşalary gözüňi dokundyrýan üzümleri, tagamy agzyňdan gitmeýän narlary, ýap-ýaňyja ýygylan pomidorlarydyr hyýarlary... elýeter bahadan satyn almak bolýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabatda «Gülüstan» söwda merkezi bilen «Teke bazaryndan» başga-da täze bazarlar guruldy. Häzir paýtagtda bazarlaryň 30-a golaýy, söwda merkezleriniň hem 40-a golaýy guruldy we ulanylmaga berildi. Aşgabatda gurlan «Altyn asyr» gündogar bazary bolsa ýörite belläp geçmäge mynasypdyr. 2011-nji ýylyň fewralynda işläp başlan bu ägirt uly desga 100 ga meýdanytutýar. Umuman alanyňda, bu ýerde söwda nokatlarynyň 2 müňden gowragy ýerleşýär. Guş uçar belentlikden syn etseň, ol türkmeniň haly gölüne çalym edýär. 

Desganyň diňe merkezi böleginde 4 sany uly söwda toplumy bolup, olaryň her birinde 700-e golaý söwda dükanlary bar. Desganyň belli bir böleginde mal bazary, haly önümleriniň, şaý-sepleriň hersiniň aýratyn söwda ýerleri, çaga egin-eşiklerini we mekdep esbaplaryny satyn almak üçin ýörite ýer göz öňünde tutulypdyr. Durmuş tehnikasyny, maşyn şaýlaryny satyn almak üçin giň pawilýon niýetlenipdir. Edara ediş binasynda laboratoriýalar, banklaryň bölümleri, dermanhana, lukmançylyk nokady we polisiýanyň daýanç nokady işleýär. 3 müň awtomobile, şol sanda ýük awtomobillerine hem niýetlenen uly awtoduralga müşderilere hyzmat edýär. Bazaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylýar. 

«Altyn asyr» Gündogar bazary diýlip atlandyrylan bu bazar diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem Orta Aziýadaky iň iri söwda toplumlarynyň biridir. Asyrboýy türkmen halky myhmansöýerlige we göwnaçyklyga mahsus ýörelgeleri  bilen belli bolupdyr.  Häzirki wagtda şol gadymy ýörelgeler täze ajaýyp öwüşginlere eýe bolup, hyzmat ediş we söwda ulgamyndaky innowasiýalary özünde jemleýär. Garaşsyz Watanymyzyň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň  taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabatda Berkarar söwda merkezi gurlup ulanylmaga berildi.

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Peýdalanylan edebiýatlar:

  1.  Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. "Ylym" neşirýaty. 1992.
  2.  T. Sahydow, G. Musaýew. Türkmenistanyň medeniýetiniň taryhy. Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. Aşgabat, 2010.
  3.  S.Jumaýew. Türkmenistanyň taryhy. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň taryhdan başga hünärleri  üçin okuw kitaby, – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.
  4.  Öwez Gündogdyýewiň  Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri.  – A.:TDNG. 2005.
  5.  A. Babaýew. Z. Freýkin. Aşgabat. (geografiki oçerk). Türkmen döwlet neşirýaty. Aşgabat , 1957.
  6.  Aşgabat – Bagtyýarlyk döwrüniň şäheri. Fotoalbom. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar