Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat – rekordlar şäheri

0
8717

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ak şäherimiz Aşgabat özüniň  özboluşly bir owadan binagärlik keşbi bilen dünýäniň rekordlar şäherine öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berlen ajaýyp desgalaryň  ýedisiniň Ginnessiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen döwletiniň binagärlik sungatynyň belent sepgitlere ýetendiginiň nyşanydyr.

Paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen binalarynyň ilkinjisi - Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada dikeldilen flagştokdyr. Onuň boýy 133 metr bolup, ol 2008-nji ýylda dünýäde iň beýik flagştok diýlip ykrar edildi. Flagştokda parlaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy 52,5 - 35 metr ölçegde bolup, onuň agramy 420 kilograma barabardyr.

Ýurdumyzyň merkezi şäheriniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ikinji binasy  paýtagtymyz Aşgabadyň halkara aeroportuna barýan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän nesilbaşymyz Oguz hanyň we onuň ogullarynyň bürünç heykelleri ornaşdyrylan suw çüwdürimler toplumydyr.  Bu suw çüdürimler toplumy 2008-nji ýylyň 29-njy iyunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmaklygynda dabaraly ýagdaýda açyldy we  Ginnessiň rekordlar kitabynyň  şahadatnamasyna eýe boldy.

Merkezinde at üstünde oturan türkmen halkynyň nesilbaşysy  Oguz han bolan bu binagärlik toplumynda onuň alty ogly – Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han we Deňiz han şekillendirilendir. Ol türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşmek bilen, öz taryhyny we däp-dessurlaryny aýawly saklaýan türkmen halkynyň myhmansöýerligini alamatlandyrýar.

Ginnessiň rekordlar kitabynda aýdylyşy ýaly, bu toplumda sinhronlaşdyrylan, ýagtylandyrylan we dolulygyna meýilnamalaşdyrylan suw çüwdürimleriniň 27-si bolup, ol 14.82 gektar meýdany tutýar. Bu toplum Aşgabadyň iň özboluşly, täsin hem owadan ýerleriniň birine öwrüldi. Ilkinji nobatda, onuň adatdan daşary uludygy  özüne çekýär.  Suw çüwdüriminiň ähli «suw okaralarynyň» göwrümi 16 müň kub metre barabardyr, bürünç heýkeliniň umumy agramy bolsa 30 tonnadan geçýär. Onda iň täze tilsimatlar ulanylypdyr, şolaryň hatarynda   Gün energiýasyndan peýdalanmak hem ýola goýlupdyr.  Bu heýkeller toplumyny döredijileriň pikirine görä, ol türkmen halkynyň parahatçylyk söýüji halkdygyny, onuň mizemez bitewiligini we jebisligini, şonuň bilen birlikde hem, türkmen döwletiniň dörediji ruhuny we kuwwatyny alamatlandyrýar.

Ginnessiň rekordlar kitabyna 2011-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda gurlup, ulanylmaga berlen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binagärlik  aýratynlygy hem girizildi. Ol aýratynlyk –  iki tarapdan hem ýörite aýna bilen örtülen ägirt uly Oguz hanyň ýyldyzydyr. Bu binagärlikde şöhlelendirilen iň uly ýyldyzdyr. Bu telediňiň  beýikligi, ýokarsyndaky antenna bilen bilelikde 211metre barabardyr.  38 metrlik antenna  bolsa dünýäde iň öňdebaryjy tehnologiýanyň talaplaryna jogap berýär hem-de analogik  we sanly ýaýlymy amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.  Häzirki zaman  telewizion minarasynyň içki desgalarynyň tutýan umumy meydany 60 müň inedördül metrden gowrakdyr. Studiýalar we iş otaglary iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir.

«Türkmenistan»  teleradioýaýlymlar merkeziniň Oguz han ýyldyzyndan soň, Aşgabadyň binagärlik ajaýyplyklarynyň ýene biri bolan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň serediş halkasynyň Ginnessiň  rekordlar kitabyna girizilendigi  barada diplom 2012-nji yylyň 18-nji mayynda gowşuryldy.

«Älem»  medeni-dynç alyş merkezinde ynsan eli bilen döredilen täsinlikler bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Paýtagtymyzyň günortasynda bina edilen, gümmezi bilen bilelikde 95 metre ýetýän bu uly bina basgançakly piramidany ýatladýar. Ol ýerde daşky aýlawy 57 metre ýetýän hiňňildik goýlupdyr. Ginnessiň rekordlar kitabyna giren bu bina gurluş taýdan  täsin we ajaýypdyr. Ol ýerde zemin bilen asman utgaşýar. Ýakynlyk bilen uzaklyk sazlaşýar. Älem giňişligi hakdaky gyzykly maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligi bar. Bu ýer hem dynç almak üçin, hem dünýä akyl ýetirmek üçin örän ähmiýetlidir. «Älem»  medeni-dynç alyş merkezi daşky gurluş we içki aýratynlyk babatda hem juda täsindir.

«Älem»  medeni-dynç alyş merkezindäki sekizburçlugyň – pelek çarhynyň içinde ýerleşdirilen «Älemde»  Oguz han atamyzyň alty ogluny, 24 agtygyny ýatladýan 6 orunlyk kabinalaryň 24-sinden ybarat äpet hiňňildik bar. Ol hiňňildik «Älemiň»  içinde  endigan aýlanyp dur. Bu ata-babalarymyzyň arzuwy hasyl  bolan şu günümiziň – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň alamatydyr, özboluşly bir nyşanydyr. Bu ýerde Aýyň ýa-da haýsy-da bolsa başga bir planetanyň üstki tarapyna wirtual gezelenç edip bolýar. «Älemde»  ertekilerde ýa-da filmlerde gören gahrymanlarymyz bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Älemiň jümmüşine gezelenje gidýäris. Has döwrebap tehnologiýlar arkaly filmleri görkezmek üçin niýetlenen  HD kinozallar, 3D kinoattraksionlar, dynç almak, wagt geçirmek üçin dürli oýunlar, mahlasy, medeniýetli dynç almak üçin ähli mümkinçilikler we döwrebap şertler ýola goýlupdyr.

Paýtagtymyz  Aşgabat 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda  dünýäde  iň kän ak mermer binaly şäher hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Ginnessiň rekordlar kitabynda beýan edilişine görä, Türkmenistanypň paýtagty Aşgabatda  22 inedördül kilometr meýdanda ak mermer bilen örtülen we umumy meýdany 4,5 million inedördül metre barabar bolan täze binalaryň 543-siniň ýerleşýändigi, her 4,87 inedördül metre mermeriň 1 inedördül metriniň düşýändigi üçin, bu şäher ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Ýurdumyzyň merkezi şäheriniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen binalarynyň ýene biri Aşgabat Halkara howa menzilidir.  Bu howa menzil
 2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmaklygynda diýseň uly dabara bilen açylyp, işe girizildi. Aşgabat Halkara howa menzili 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär we 100-den gowrak desgany öz içine alýar.

Häzirki zaman howa menzili sagatda 2 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde, «Iň uly göl» diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy üçin Aşgabadyň Halkara howa menzili Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi.

2017-nji ýylda paýtagtymyzda ýerleşýän Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde ykrar edilip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Ginnesiň rekordlar kitabynda beýan edilişine görä, Aşgabatdaky 45000 orunlyk Olimpiýa stadionynyň  münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper şekiliniň beýikligi — 40,05 metr ( 131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy — 37,69 metr (123 fut 7,9 dýuým) we ini — 40,24 metr (123 fut 0,6 dýuým) bolup durýar.

Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen Olimpiýa suw sport toplumynyň ekologiýa taýdan arassa materiallary bilen tapawutlanýan binasy 4 gatdan ybarat bolup, umumy ölçegi boýunça 155,35×112,90×34,5 metre barabardyr. Mundan başga-da, tomaşaçylar üçin 4899, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin 66, metbugat wekilleri üçin 69 we Vip üçin 15, jemi 5049 orunlyk ýerler bar.

Türkmen paýtagtynyň ajaýyp binalary diňe bir Ginnesiň rekordlar kitabyndan şahadatnamalar almaklyk bilen çäklenmän, eýsem, beýleki ykrarnamalara hem mynasyp bolýar. Mysal üçin, 2012-nji ýylyň tomsunda eýýäm ady tutulan «Türkmenistan»  teleradioýaýlymlar merkeziniň we «Bagt köşgüniň» taslamalaryna  «Internasional Prorety  Awards Europe» atly abraýly halkara baýragy gowşuryldy. Bu baýragyň gowşurylyş dabarasy Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçirildi.  

«Bagt köşgüniň»   11 gatly binasynyň 38 müň inedördül metrden gowrak umumy meýdany bolup, ol üç bölekden ybarat gurluşy emele getirýär.  Onuň çar tarapyndan seretseňem sekizburç ýyldyz görnüşi bar.Uly sütünleriň üstünde gurlan kub görnüşli bölegi binanyň ýokarky bölegi hasap edilýär, onuň içinde diametri 32 metr bolan şar ýerleşdirilen. Ol Ýer togalagyny alamatlandyryp, onda Türkmenistanyň kartasy şekillendirilipdir. Ol bu ýerden başlanýan maşgala gatnaşyklarynyň birligini, berkligini aňladýar. Binanyň dört girelgesi dünýäniň dört tarapyny aňladýar. Nikalaşmak dabaralaryny geçirmek üçin  7  zal, 3 sany toý zaly, 7 sany banket zaly bar.

Diýmek, ak şäherimiz Aşgabat hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýäniň iň ösen rekordlar şäherine öwrüldi. Munuň özi bolsa, paýtagtymyzyň şu wagta çenli geçen 140 ýylynyň içindäki iň gülläp ösen döwrüniň milli Liderimiziň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyran häzirki ajaýyp zamanasy — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bolup durýandygyny aýan edýär.

 

Ýaşlar guramasynyň bäşleşigine

Peýdalanylan edebiýatlar:

  1. Aşgabat – Ginnessiň rekordlar kitabynda.– A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013.
  2. Aşgabat – Bagtyýarlyk döwrüniň şäheri. Fotoalbom. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar