Aşgabat – ilkinji syýahatçylaryň ýatlama ýazgylarynda

0
2074

Gözel paýtagtymyz Aşgabada mundan 140 ýyl ozal  we ondan soňra syýahat eden ilkinji jahankeşdeler, şäheriň  özlerinde galdyran täsin täsiri barada ýakymly ýatlamalary miras goýup gidipdirler.   

XIX asyryň ahyrynda ýurdumyza syýahat eden fransuz serkerdesi Edgard Bulanžýe Aşgabat demirýoly barada täsin ýazgylar galdyrypdyr. Ýewropadakydan tapawutly bolan giň wagonlar, aşgabatly adamlaryň myhmansöýerligi hakdaky gürrüňiniň arasynda, ol otluda edilýän hyzmat barada şeýle ýazýar: «Täze azyk harytlary, adatça, Aşgabatdan satyn alynýar. Bu ýerde size goýun etinden bişirilen ajaýyp ýapmaçlary hödür edip, yzyndanam bir kesim gawun bererler. Olar ýaly gawuny men şu ýerden başga hiç ýerde iýip görmedim. Ol şeýle bir näzik bolup, agzyňda eräp gidýär hemem onuň adatdan daşary ysy bolup, şol bir wagtyň özünde-de örän süýji bolýar. Bu gawunyň başga ýerde duşmaýan aýratyn bir görnüşi bolmaly. Iýlip-içilen zatlaryň üstüni tagamly üzüm we näzikden iri şetdalylar ýetirýär. Aşgabat Peterburgdan şeýle uzakda ýerleşse-de, oňa garamazdan, bu ýerde hem şeýle oňat we, köplenç, bol hem-de saýlama naharlary iýýärler».

Paýtagtymyz Aşgabada 1901-nji ýylda syýahat eden rus ýazyjysy Ý. Markow öz ýazgylarynda: «Çölüň çägesinden we toýunsow teke obalaryndan soň, Aşgabat mende iň bir gowy täsir galdyrdy. Bu akja, arassaja, täzeje şäherçe bolup, özüniň göm-gök bolup oturan bagjagazlary, şadyýan öýjagazlary bilen ýalkym saçýan uly şähere öwrülmegiň aladasy bilen dem alýardy. Tomsuna onuň dymyk bolýandygyny aýdýarlar, ýöne häzir – baharyň möwç urýan mahaly ol iň bir ter näziklik bilen dem alýar. Nirä seretseň suw, nirä seretseň suw çüwdürimleri, hususy öýleriň ýanyndaky çaklaňja bagjagazlarda-da, şäheriň baglarynda-da, şäher meýdançalarynda-da ýagdaý şonuň ýaly. Suw 12 werst uzaklykdaky dag çeşmelerinden iň bir ýönekeý we arzan suw geçirijisiniň kömegi arkaly getirilýär. Köçeleriň hemmesi syrylyp-süpürilipdir, suwlanypdyr, olaryň gyralaryna agaçlar ekilipdir. Hemme ýerde berk harby düzgün göze ilýär. Aşgabadyň öýleri, harby şäherlere mahsus bolşy ýaly, ýönekeý, kiçeňräk bolup, biri-birlerine meňzäp dur. Ýöne oňa garamazdan, olar giň, bolluk bilen ölçelen mülklerde, bagjagazlaryň arasynda, gözenekli germewleriň aňyrsynda salnypdyr. Bu ýaşajyk baglar ösüp-ulalaýsalar, gowy kölege berip, töwerege terlik çaýarlar. Öýjagazlar daşdan salnyp, olar pessejikligi, üçekleriniň ýapgytlygy bilen tapawutlanýar. Aşgabat ýöne bir rus şäheriniň däl-de, mysal üçin, italýan şäheriniň galdyrýan täsiri ýaly täsir galdyrýar» - diýip beýan edýär.

1901–1904-nji ýyllaryň aralygynda Aşgabatda gulluk eden belli rus ýazyjysy W. Ýan (Ýançeweskiý) hem, takmynan, şol zatlary belläp geçipdir: «Bu miweli baglar bilen gurşalyp, çig kerpiçden salnan köp sanly öýjagazlardan ybarat, harby inženeriň eli bilen meýilnamalaşdyrylan göni köçeleri bolan, syrdam derekler, kaştan agaçlary we ak akasiýalar ekilen çaklaňja, arassaja şäherdi. Häzirki döwürdäki ýaly ýanköçeler ýokdy, köçeleriň uzaboýuna bolsa, esasy ýol bilen pyýadalaryň ýöreýän ýodasynyň aralygyndan ýaplar şyg-şyg edip akýardylar. Olardaky dury suw daglardan akyp gelýärdi. Şäher bir gatly jaýlardan ybaratdy. Birnäçe gezek gaýtalanan ýer titremelerden soň, iň bir ýeňil görnüşdäki bir gatly jaýlardan başga beýik jaý salmak gadagan edilipdi. Şäheriň muzeýi ýeke-täk iki gatly jaýdy. Şäherçe berkitme tarapyndan eşidilýän duýduryş owazlary boýunça oýanyp, şolar boýunça-da uka gidýärdi. Daň bilen we gün ýaşyp barýarka ümsüm howada surnaýyň owazy we irden hem-de agşam gaýtalanýan dogalara hiňlenýän esgerleriň sesleri uzaklara ýaýraýardy. Şäherçede uzak wagtlap galmaga isleg bildirýän islendik adam Köşi obasynyň ýerleşýän tarapyndan bölünip berilýän melleklik ýerden özüne-de ýer berilmegini haýyş edýärdi. Adatça, ol jaý gurunmak üçin kömek puluny hem alýardy».

1918-nji ýylda iňlis generaly Mallesonyň toparyna goşulyp Aşgabada gelen Sidneýli (Awstraliýa) polkownik S.H.Ellisiň ýatlamalarynda gyzykly maglumatlara duş gelmek bolýar. Polkownik Ellis şäheri şeýle suratlandyrýar: «Aşgabat harby we dolandyryş merkezi bolup, giňişlige ýykgyn edýän rus äheňinde gurlupdyr. Ýaşaýyş jaýlary we umumy ýaşaýyş jaýlary Hindistandaky özlerine kybapdaş desgalardan has gowudyklary bilen tapawutlanýarlar. Ofiserlere we beýlekilere niýetlenip salnan jaýlar ajaýypdy. Hemme ýerde hajathanalar we naharhanalar bardy. Gyzgyn we sowuk suw haçan diýseň tapylýardy. Harby maşklar üçin niýetlenen meýdançalar giň bolup, agaçlar bilen gurşalandy. Hindistanda gulluk edýän britan ofiserleriniň rus harby şäherleriniň wagtlaýyn häsiýete eýedikleri baradaky garaýşy Aşgabatdaky haýbatly we giň jaýlary görende zym-zyýat bolýardy».

Paýtagtymyz Aşgabat barada 1965-nji ýylda bu ýerde bolan amerikan syýahatçylary Jon we Meri Korwenler guwanç bilen şeýle ýazypdyrlar: «Men we aýalym ikimiz Aşgabat şäherine, onuň giň köçelerine, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryna, seýilgählerine, hökümet edaralarynyň jaýlaryna haýran galdyk. Biz gadymy şäheri görermikäk öýdüpdik, ýöne oňa derek gözümiziň öňünde häzirki zamanyň ösýän, senagat kärhanalary bolan şäheri peýda boldy. Bizde şäheriň binagärçiligi ajaýyp täsir galdyrdy. Owadan agaçlary, gülleri, kärhanalary görüp, biz haýran galdyk». Häzirki döwürde täze köçeler, täze kärhanalar, täze dolandyryş we medeni jaýlaryň arkasyndan tanalmaz ýaly derejede özgeren Aşgabady synlap, Korwenleriň maşgalasynyň aýtjak sözlerini bilmek diýseň gyzykly bolardy!

Şol döwürde biziň ýurdumyzda bolup, talyplyk ýyllarynyň tejribe iş saparyny geçen  Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon paýtagtymyz Aşgabat barada şeýle belleýär: «Men ýaş wagtym, baryp 1971-nji ýylda professional-tehniki uçilişşede okan döwrüm bu ýerde boldum. Mary şäherinde ýarym ýyl ýaşadym, işledim. Şol döwürde bu sebitde iň iri ýaşaýyş jaýlaryny gurýan kombinat gurulýardy. Hut şonda Aşgabat bilen tanyşdym. Häzir köne Aşgabady täzesi bilen deňeşdirip, olaryň ýer bilen gök  ýaly tapawutlanýandygyna göz ýetirdim. Men ilatyň durmuş derejesiniň ösendigine göz ýetirdim.»

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine
                                               
Peýdalanylan edebiýatlar:

  1. Öwez Gündogdyýewiň  Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri.  – A.:TDNG. 2005.
  2. Aşgabat - Bagtyýarlyk döwrüniň şäheri. – A.:TDNG. 2005

 

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar