Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat — ilkinji türkmen metbugatynyň dörän şäheri

0
3343

Başy belent Köpetdagyň eteginde ýerleşip, bagy-bossanlyga bürenip oturan gözel paýtagtymyz Aşgabat ilkinji türkmen metbugatynyň dörän şäheridir. Aşgabat şäheriniň döredileninden 10 ýyl soň — 1891-nji ýylda bu ýerde ilkinji metbugat edarasy — «Ashabadskiý westnik obýawleniý» («Bildirişleriň aşgabatly habarçysy») gazeti  döredilipdir. Bu neşiriň adyndan hem mälim bolşy ýaly, gazetde esasan bildirişler rus dilinde neşir edilipdir. Paýtagtymyz Aşgabatda 1895-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda ýene-de bir türkmen metbugaty — «Zakaspiýskoýe obozreniýe» («Zakaspiý syny») gazeti döredilipdir. Bu gazetde ýurdumyzyň ýerli habarlary rus dilinde çap edilipdir. Syýasy-jemgyýetçilik, söwda-senagat we edebi neşir bolan «Zakaspiýskoýe obozreniýe» gazetinde  ýurdumyzyň Eýran bilen şol döwürdäki söwda gatnaşyklary baradaky habarlaram şöhlelendirilipdir. Gazetdäki habarlar we makalalar fotosuratlar, portretler, dürli şekilli suratlar bilen berlipdir. Aşgabatda dörän ilkinji türkmen metbugaty bolan «Zakaspiýskoýe obozreniýe» gazeti ilki-ilkiler hepdede üç gezek, 1897-nji ýyldan başlap bolsa her günde çykypdyr. Bu gazetiň  iň soňky sany 1913-nji ýylyň 31-nji martynda çykypdyr.

1899-njy ýylda bolsa, Aşgabat şäherimiziň ady bilen atdaş «Ashabad» gazeti döredilýär. Rus dilinde çykarylan bu neşirde ýurdumyzyň täzeliklerinden daşary Russiýanyň merkezi gazetlerinden hem-de «Russkiý Turkestan» gazetinden köp materiallar göçürilip çap edilipdir. «Ashabad» gazetiniň iň soňky sany 1918-nji ýylyň 14-nji maýynda çykdy. Gözel paýtagtymyz Aşgabat bilen adybir gazet Garaşsyzlyk ýyllarynda täzeden neşir edilip başlandy.

Aşgabatda 1914-nji ýylyň 14-nji dekabryndan türkmen we pars dillerinde «Ruznameý-i Maweraýy Bahry-Hazar» («Zakaspiýskaýa tuzemnaýa gazeta») gazeti neşir edilip başlanýar. Bu gazet hepdede köplenç iki gezek çykypdyr. 

«Ruznameý-i Maweraýy Bahry-Hazar» gazetiniň başdaky iki sahypasy türkmen dilinde, soňky iki sahypasy hem pars dilinde bolupdyr. Gazetde ýurdumyzyň şol döwürdäki ykdysady we syýasy ýagdaýyna, türkmenleriň taryhyna, durmuşyna, urp-adatlaryna, folkloryna, klassyky edebiýatyna hem halk döredijiligine degişli makalalar ep-esli orun tutupdyr. «Ruznameý-i Maweraýy Bahry-Hazar» gazeti 1917-nji ýylyň aprel aýynyň ahyryna çenli neşir edilýär. 

1917-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap Aşgabatda «Trudowaýa mysl» atly gündelik gazet çap edilip başlanýar.  Gazetiň  birinji sahypasynda şol döwrüň möhüm meselelerine degişli çagyryşlar, şygarlar, ikinji sahypasynda bolsa ýurdumyzyň habarlary, bildirişler ýerleşdirilipdir. Aşgabatda neşir edilen «Trudowaýa mysl» gazetiniň haçan ýatyrylandygy barada maglumat saklanyp galmandyr.

1919-njy ýylyň iýul aýynyň başlarynda paýtagtymyz Aşgabatda  «Gornist» gazeti neşir edilip başlanýar. Bu gazetde «Musulmanlaryň arasynda», «Işçiniň pikirleri», «Profsoýuz durmuşy», «Türkmen halky üçin ýagtylyga we medeniýete tarap beýik  ýol»,  «Her bir daýhanyň nämäni bilmegi gerek» we şuňa meňzeş rubrikalar astynda makalalar ýerleşdirilipdir. «Gornist» gazeti 1920-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli çykdy.

Aşgabatda 1920-nji ýylyň  ýanwaryndan  1921-nji ýylyň apreline çenli «Nabat rewolýusii» gazeti, 1921-nji ýylyň 14-nji aprelinden 1924-nji ýylyň 1-nji apreline çenli  «Turkmenskiýe izwestiýa» gazeti neşir edilipdir. Bu gazetlerde esasan ýurdumyzyň halk hojalygyny özgertmek meselelerine degişli makalalar öz beýanyny tapypdyr.

Paýtagtymyzda 1920-nji ýylyň 29-njy iýulyndan başlap, «Türkmenistan» gazeti neşir edilip başlandy. Bu gazet häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň baş gazeti bolup hyzmat edýär. «Türkmenistan» gazeti barada «Türkmenportal»  geçen ýylyň 29-njy iýulynda bu gazetiň  döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli okyjylar üçin has giňişleýin makala taýýarlady.

Ýurdumyzyň merkezi şäheri Aşgabatda 1924-nji ýylyň 5-nji noýabrynda «Turkmenskaýa iskra» atly gündelik gazet döredildi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmaklygy bilen, bu gazet«Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti diýlip atlandyryldy. Gazet häzirki ajaýyp döwrümizde-de halkymyza hyzmat edýär. 

1925-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde «Daýhan» gazeti türkmen dilinde çap edilip başlandy. Möçberi 6 sahypadan ybarat bolan bu gazet her bäş günde iki gezek çykarylypdyr. «Daýhan» gazetiniň iň soňky sany 1935-nji ýylyň 29-njy awgustynda çykypdyr. Bu neşir hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2008-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda «Bereketli toprak» gazeti ady bilen gaýtadan dikeldildi.  

Paýtagtymyzda 1925-nji ýylyň martyndan bäri neşir edilip gelinýän «Ýaş kommunist» gazeti 1992-nji ýylyň 12-nji sentýabryndan häzirki güne çenli  «Watan» gazeti ady bilen çykýar. Gazetiň 1975-nji ýylda 50 ýyllyk, 1985-nji ýylda 60 ýyllyk, 1995-nji ýylda bolsa 70 ýyllyk ýubileý seneleri bellenildi.

Aşgabatda 1928-nji ýylyň iýul aýynda «Türkmen medeniýeti» žurnaly neşir edilip başlanýar.  Bu žurnal 1932-nji ýyldan  1936-njy ýyla çenli «Türkmenistan şura edebiýaty», 1936-njy ýyldaky 2-nji sany «Türkmenistan sowet edebiýaty», 1936-njy ýyldaky 3-nji sanyndan başlap bolsa «Sowet edebiýaty» diýlip atlandyrylypdyr.  Bu žurnal ýurdumyz Garaşsyz bolanyndan soň — 1992-nji ýylyň 12-nji sentýabryndan «Garagum» žurnaly diýlip atlandyryldy.

1928-nji ýylyň baharynda Aşgabat şäherinde milli goşun habarçylarynyň konferensiýasy bolupdyr.  Bu konferensiýada  ýurdumyzyň şol döwürlerdäki goşunyň türkmen milli bölümleriniň esgerlerine we serkerdelerine hyzmat eder ýaly türkmen dilinde ýörite harby gazetiň neşir edilmeginiň zerurlygy öňe sürlüpdir. Netijede bolsa, türkmen dilinde ýörite harby gazet «Gyzyl Goşun» ady bilen 1930-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda çykyp başlapdyr. 1937-nji ýyla çenli neşir edilen «Gyzyl Goşun» gazetiniň redaksiýasy 1933-nji ýylyň başynda  Aşgabatdan Mary şäherine geçirilýär.  Ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyz bilen bu gazet  1993-nji ýylyň 6-njy martynda «Esger» gazeti ady bilen gaýtadan dikeldilýär we paýtagtymyz Aşgabatda neşir edilip başlanýar.

Aşgabatda 1929-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri çap edilip gelýän «Täze oba» žurnaly, häzirki günde hem ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň hünärmenleri üçin gymmatly gollanma bolup durýar.  

1930-njy ýylda Aşgabatda «Signal» gazeti neşir edilip başlanýar.  Ýurdumyz Garaşsyz bolanyndan soň, bu gazet 1993-nji ýylyň 22-nji aprelinden  «Türkmen demirýolçusy» ady bilen, 1996-njy ýylyň 27-nji sentýabryndan «Türkmeniň ýüpek ýoly» ady bilen neşir edilýär. Häzirki wagtda hem «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazeti «Türkmendemirýollary» agentliginiň neşiri bolup durýar.        

Paýtagtymyzda 1931-nji ýylyň noýabryndan başlap, «Aýallar sesi» žurnaly neşir edilip başlanýar. Bu žurnal Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Zenan kalby» ady bilen neşir edilýär.  

Ýurdumyzyň merkezi şäheri bolan Aşgabatda 1952-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndan  «Mugallymlar gazeti», 1958-nji ýylyň 5-nji iýulyndan bolsa «Edebiýat we sungat» gazeti neşir edilip, häzirki güne çenli halkymyza hyzmat edip gelýär.

Ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagtymyz Aşgabatda «Türkmen dünýäsi», «Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat çapary», «Türkmen sporty», «Nesil», «Rysgal», «Zaman», «Adalat», «Biznes Reklama», «Nebit-gaz», «Güneş», «Diýar»,  «Türkmen medeniýeti», «Miras», «Bilim»,   «Saglyk» we başga-da birnäçe täze neşirler döredi. 

Şeýlelikde, paýtagtymyz Aşgabat 1895-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan häzirki güne çenli iri metbugat merkezi hökmünde tanalýar.

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine 

Peýdalanylan edebiýat:

  1. Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. "Ylym" neşirýaty. 1992.
  2. Türkmen žurnalistikasynyň taryhy atly okuw gollanmasy. Aşgabat - 2010. 
  3. Öwez Gündogdyýewiň «Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitaby. Aşgabat - 2005.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar