Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat – atly ýörişleriň taryhy senenamasynda

0
1276
Aşgabat – atly ýörişleriň taryhy senenamasynda

Ata Watanymyz Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabat özüniň 140 ýyllyk taryhy senenamasynda atly ýörişleriň birnäçesini başdan geçirdi. Paýtagtymyzyň durmuşyndan ýazga geçirilen ilkinji atly ýöriş 1935-nji ýylda Aşgabat – Moskwa aralygyna geçirildi. Bu ýörişe jemi 30 at gatnaşyp, olaryň 17-si ahalteke, 13-si ýomut tohumly atlar bolupdyr. 

Moskwa sary atly ýörişe gatnaşyjylar 1935-nji ýylyň 30-njy maýynda Aşgabatdan uly şowhunly dabara bilen ýola düşdüler. Türkmen jigitleri Garagum çölüniň 360 kilometrini 3 gije-gündizde geçdiler.  Çydamly türk¬men bedewleri 4300 km aralygy 84 günde geçip, Moskwa bellenen möhletinden üç gün öň – 1935-nji ýylyň 22-nji awgustynda gelmegi başardylar. Şeýlelik bilen, 1935-nji ýylyň Aşgabat – Moskwa atly ýörişi Aşgabat – Ýerbent – Köne-ürgenç –Goňrat – Aktýubinsk – Orenburg – Kuýbyşew – Penza – Rýazan – Moskwa ugry boýunça geçirildi. Bu atly ýörişe gatnaşan türkmen ýigitleriniň ählisi Gyzyl Ýyldyz ordeni bilen sylaglanyldy. 

1936-njy ýylda Aşgabadyň taryhynda ýurdumyzyň çägi boýunça şol döwrüň syýasy senelerine bagyşlanyp, aýal-gyzlaryň 4 sany atly ýörişi geçirilipdir. Çärjew – Aşgabat aralygyndaky atly ýörişe gatnaşyjy gyzlar 1936-njy ýylyň 2-nji fewralynda  ýola düşüpdirler we  15 günden soň – 16-njy fewralda, 587 km ýoly geçip, Aşgabada gelipdirler. Bu atly ýörişe Çärjew we Farap etraplarynyň öňdebaryjy oba gyzlarynyň 22-sinden ybarat atly gatnaşypdyr.

Türkmen aýal-gyzlarynyň Kerki – Aşgabat ugry boýunça atly ýörişi 1936-njy ýylyň 10-njy aprelinden 1-nji maýy aralygynda geçirilipdir. Oňa Kerki etrabynyň zähmetkeş zenanlary gatnaşyp, 20 günde 800 km aralygy üstünlikli geçmegi başarypdyrlar. 

Garrygala (häzirki Magtymguly) etrabynyň aýal-gyzlarynyň 7-siniň gatnaşmagynda 1936-njy ýylyň  12 – 15-nji fewraly aralygynda Garryga¬la–Aşgabat atly ýörişi geçirilipdir.  Tutuş Aşgabat dabara öwrülip, garrygalaly aýal-gyzlary sazly garşy alypdyr. Garrygalaly zenanlar Çärjew – Aşgabat, Kaka – Aşgabat aralygyna atly ýöriş eden gahryman aýal-gyzlar bilen bir wagtda Aşgabadyň demir ýol menziliniň meýdançasynda dabaraly garşylanypdyr. Olara patefon we goşar sagady sowgat berilipdir.

Ak şäherimiz Aşgabadyň ýyl ýazgysyna giren ýene bir atly ýöriş 1986-njy ýylda geçirilen Aşgabat – Köneürgenç – Aşgabat aralygynda geçirilen atly ýörişdir. «Atalaryň şöhratly ýoly bilen!» diýen şygar astynda geçen bu atly ýöriş 23 gün dowam edipdir. Meşhur ahalteke at¬larynda 11 adam tomsuň yssy hem jöwzaly şertlerinde 23 gün ýol ýöräp, çöllügiň içinden 1300 km aralygy geçip, ahalteke atlarynyň çydamlylygyny ýene bir gezek dünýä äşgär etdiler. 1986-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabat – Köneürgenç – Aşgabat atly ýörişine gatnaşyjylar Aşgabada gaýdyp gelipdirler.

Merjen şäherimiz Aşgabadyň 140  ýyllyk taryhy senenamasynda ýer alan  atly ýörişleriň ýene biri 1988-nji ýylyň 31-nji maýynda paýtagtymyzyň merkezinden badalga berlen  Aşgabat – Moskwa atly ýörişidir. Bu ýörişe gatnaşan 28 sany türkmen atlylary  62 günde 3200 km ýol geçip,  Moskwa bardylar. Şol döwrüň syýasy senelerine bagyşlanyp geçirilen bu ýörişe gatnaşanlaryň ählisi Hökümetiň adyndan Hormat haty bilen sylaglandy.

Garaşsyz Watanymyzyň merkezi şäheri bolan Aşgabadyň ýyl ýazgysyndaky iň soňky atly ýöriş 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen  V Aziýa oýunlary mynasybetli guralan atly ýörişdir. Bu ýörişe gatnaşyjylar 2017-nji ýylyň 5-nji maýynda sagat 17:00-da ýola rowana bolup, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisiniň çäginden geçdiler we şol ýylyň 17-nji sentýabrynda hem sagat 17:00-da paýtagtymyz Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigindäki stadiona dolanyp geldiler.

Atly ýörişe gatnaşyjylaryň bu ýere gelmekligi bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary dabaraly ýagdaýda açyldy.

Paýtagtymyz Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde ýerleşýän 45000 orunlyk Olimpiýa stadionyň depesinde 1935-nji ýylyň Aşgabat – Moskwa atly ýörişine gatnaşan,  türkmeniň ak reňkli behişdi ahalteke bedewi bolan Arap atly gyratynyň şekiliniň ýerleşdirilmeginiň özünde diýseň uly many bardyr.  Çünki, Bütindünýä sport olimpiadasyna ilkinji gezek atçylyk sporty boýunça biziň türkmen halkymyzyň ýetişdiren tohum bedew aty çykdy we dünýä rekordyny goýup, ägirt uly ýeňiş gazandy. Türkmeniň Arap atly behişdi ahal-teke bedewiniň gazanan bu üstünligini şöhratlandyryp, dünýä ýaýmak maksady bilen, onuň paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionyň depesinde ýerleşdirilen şekili ak şäherimiz Aşgabadyň özboluşly bir ajaýyp binagärlik keşbine aýratyn gözellik goşýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, türkmeniň 1930-njy ýylda doglan Arap atly gyratynyň Bütindünýä sport ýaryşynda gazanan üstünliginiň terjimehaly diýseň buýsandyryjydyr. Ýagny, Arap üç ýaşynda - 1933-nji ýylda  Aşgabadyň uly aýlawynda 1600 metr aralykda belllenen ýaryşa goşulýar. Şonda ol bellenilen aralygy 1 minut 50 sekuntda geçip, rekord goýýar. Onuň bu gazanan görkezijisi şol aralyk üçin 25 ýyllap saklanyp galýar. 1935-nji ýylyň 30-nji maýyndan – 22-nji awgustyna çenli guralan deňi-taýy bolmadyk Aşgabat – Moskwa atly ýörişine şol wagtlar bäş ýaşynda bolan Arap hem gatnaşýar. Ol Moskwada on ýedi ýaşyna çenli atçylyk sporty boýunça geçirilýän dürli ýaryşlara gatnaşýar we üstünlik gazanyp, şan şöhratyny artdyrýar. Ol aýratynda, 1947-nji ýylda Moskwada geçirilen konkur sport ýaryşynyň ýeňijisi bolýar.

Arap beýikligine päsgelçilikden bökmekde rekord goýýar. Şonda ol 2 metr 12 santimetr beýiklikden bökmegi başaryp, dünýäniň çempiony bolýar. Munuň özi bolsa, türkmen halkynyň seýisläp ýetişdiren bedew atynyň has üýtgeşik, özboluşly ukyp-başarnyklara eýe bolýandygyny görkezýär. Ýeri gelende aýtsak, Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän 45000 orunlyk Olimpiýa stadionynyň depesinde ak reňkli Arap atly gyratyň şekiliniň ýerleşdirilmeginiň özi hem, halkymyzyň türkmen sportunda ilkinji gezek atçylyk sporty boýunça dünýä çempiony diýen ada eýe bolan  ahal-teke bedewine bolan çäksiz buýsanjynyň özboluşly bir nyşanyny alamatlandyrýar. Ata Watanymyzyň milli buýsanjyna öwrülen Arap bilen 1945-nji ýylda gazanylan Beýik Ýeňşiň harby ýörişi hem kabul edilipdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrün¬de hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda  ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda dana ata-babalarymyzdan miras galan atşynaslyk sungaty döwrebap derejede dowam etdirilip, türkmen bedewleriniň sarpasy belent tutulýar hem-de olaryň şan-şöhraty öňküden hem giň gerimde dünýä ýaýylýar.

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine.

Peýdalanylan edebiýatlar.

  • Behişdi ahal-teke atlary. №3.2017.
  • Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. "Ylym" neşirýaty. 1992.
  • Türkmen bedewiniň şöhraty.   https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmen-sportunyn-bas-resmi-nysany-bitarap-dowletin-sohraty-sany/      
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar