Ynanmagymyzy dowam etdirýän ýüpek barada 5 sany ýalan toslamalar

1
14059

Müňlerçe ýyllaryň dowamynda özüniň gizliligini şeýle-de syryny saklap gelýän ýüpek adamzat taryhynda uly yz galdyrdy. Döwrebap matalaryň hiç bir görnüşi hem ýüpek ýaly köp sanly mifleri we çaklamalary döretmedi. Uzak wagtlap bu harydyň önümçilik tehnologiýasy gizlinlikde saklandy we şonuň üçin hem ýüpek we onuň häsiýetleri barada birnäçe çaklamalar peýda boldy. Ýüpek barada syrlary açmak maksady bilen, “Nur Ýüpek” söwda markasy bu mata degişli 4 çaklamany bir ýere jemledi.

1-nji ýalan toslama. Ýüpek önümleri el degirilende sowukdyr. Aslynda, halk arasynda şeýle pikir emeli ýüpek diýlip atlandyrylýan poliesteriň häsiýetleri sebäpli ýüze çykypdyr. Tebigy ýüpek,  bedeniň ýylylygyny çalt özüne siňdirýär we gyzýar şol sebäpli hem  ýörite ýylylyk beriji aýratynlyklara eýedir.

2-nji ýalan toslama. Tebigy ýüpek uzak möhletleýin ulanmak üçin düýbünden ýaramly däl. Asla beýle däl. Dogry ideg edilse, ýüpek önümleri 7-12 ýyllap ulanylyp bilner. Munuň üçin ýüpegi çyglylykdan we gün şöhlesinden  uzakda saklap, 30 gradus temperaturada ýumşak ýuwujy serişde bilen ýuwmak maslahat berilýär.

3-nji ýalan toslama. Tebigy ýüpek matalar gymmat bahalydyr. Aslynda, ýüpek dünýädäki iň gymmat matalaryň biridir, ýöne muňa garamazdan, ony bazardan elýeterli bahadan satyn alyp bolýar, ýüpek satyn almak bolsa siziň rahat uklamagyňyza şeýle-de saglygyňyza oňaýly goşant goşar.

4-nji ýalan toslama. Ýüpek önümleri diňe bir tomus möwsüminde ulanylýar, gyşda bolsa gaty sowuk bolany üçin ulanyp bolmaýar.

Ýüpek matasyna seredeniňde, gaty az adam ýylylygy gowy saklaýar diýip göz öňüne getirip we pikir edip biler. Munuň syry beloklardan ybarat bolan we örän pes ýylylyk geçirijilige eýe bolan ýüpek süýümleriniň özboluşly häsiýetlerinde saklanýar ýagny adam bedeni tarapyndan çykarylýan ýylylyk daşyna geçirilmeýär. Mundan başga-da, ýüpek matanyň dykyzlygy hem möhüm rol oýnaýar. 

5-nji ýalan toslama. «Nur ýüpek» markasynyň ýüpek we bambuk matalary Türkmenistanda öndürilýär, şonuň üçin olar arzan. Aslynda, «Nur ýupek» matalary Hytaýda, we Türkiýede öndürilýär, ýöne gönüden-göni getirilmeginiň netijesinde olaryň bahasy arzan we elýetelidir.

Häzirki wagtda ýüpek matalaryň bazary köpdürlüligine baý we saýlama işinde matalaryň satyn alynýan ýeri hem möhümdir. “Nur Ýüpek” söwda markasy uzak wagtdan bäri ýurdumyzyň raýatlaryny ýüpek matalary bilen üpjün edýär. Matalaryň köpdürlüligi bilen marka hatda iň çylşyrymly islegleri hem kanagatlandyryp biler şeýle-de her bir gelýän myhman öz islegine görä gerek bolan matany saýlap biler. Şu salgydan matalaryň  ähli görnüşi barada doly maglumaty alyp bilersiňiz.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
27GEOGRAF ( 14.03.2021 )

Peydaly we gowy makala bolupdyr Nur yupek koyneklerinin tikilen gornuslerini haysy magazyndan alyp bolar

686
Meňzeş makalalar