Arhiw

Balkan welaýat häkimligi gerek bolan himiki reagentleri we reaktiwleri üçin üpjün edijini saýlap almak oýunça bäsleşik yglan edýär

0
4108
Salgysy:
Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy.
Telefon belgiňiz:
(800222) 77700, 20033, faks (800222) 60089, 20029.
Soňky täzelenme:

Balkan welaýat häkimligi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 35 000 kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desgasyna, Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 50 000 kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desgasyna we Awaza etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 70 000 kub metr bolan lagym suwlaryny biologik arassalaýjy desgasyna gerek bolan himiki reagentleri we reaktiwleri üçin üpjün edijini saýlap almak oýunça bäsleşik yglan edýär.

LOT ¹1 — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 35 000 kub metr bolan hem-de Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 50 000 kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desgalar we Awaza etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 70 000 kub metr bolan lagym suwlaryny biologik arassalaýjy desga üçin himiki reagentleri we reaktiwleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça görnüşde ýüz tutup, gerek bolan harytlaryň sanawy we möçberleri barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän Balkan welaýat häkimliginden alyp bilersiňiz: Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça görnüşdäki ýüztutma tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşigiň teklipleri şu ýylyň 30-njy maýyna çenli her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (800222) 77700, 20033, faks (800222) 60089, 20029.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler