Türkmenistanyň Bilim ministrligi bag nahallaryny suwarmak üçin damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurmak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar

0
4876
Salgysy:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 104-nji jaýy.
Telefon belgiňiz:
44-86-04, 44-86-05.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň demirgazyk tarapynda «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň aýlawly çapuw ýodasynyň daş-töwereginden bölünip berlen 309,83 gektar ýer böleginde ekilen bag nahallaryny suwarmak üçin damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurmak boýunça potratçyny saýlap almak maksady bilen öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar.

Ähli gyzyklanýan ýerli guramalar, kärhanalar we telekeçiler tassyklanylan tehniki tabşyrygy almak üçin Bilim ministrligine ýüz tutup bilerler we öz tekliplerini 2022-nji ýylyň 30-njy apreline, sagat 16:00-a çenli iberip bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 104-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-86-04, 44-86-05.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler