Tehniki goldaw bermek boýunça hünärmen gerek

0
6467
Pocta:
vacancy@turkmenportal.com

Biz – TURKMENPORTAL öňdebaryjy müşderileriň peýdalanýan özboluşly önümlerini öndürýäris. Toparymyza tehniki goldaw bermäge ukyply hünärmeniň zerurdygyny mälim edýäris.

Esasy ýerine ýetirmeli wezipe:

  • Frontendi we bekendi testirlemek;
  • Müşderilerden gelýän ýüztutmalary (çatlary, giriş jaňlary, poçtadan gelen hatlary) amal etmek;
  • Test dokumentasiýasyny ýazmak, düzediş üçin tabşyryklary ýola goýmak.

Dalaşgäre bildirilýän talaplar:

  • Personal komýuterlerde işlemegi başarmak, internet we ofis programmalaryny ulanyp bilmek;
  • Türkmen we rus dillerini hökmany bilmek;

Mundan başga-da, dalaşgärleri işe almakda aşakdakylar goşmaça aýratynlyk bolup biler:

  • Bu ugurdaky iş tejribesi;
  • Testirleme prosesine düşünmek;
  • Anketada görkezilen punktlaryň talaplaryna doly laýyk gelmek.

Iş şertleri:

  • Synag möhleti - 1 aý;
  • Amatly iş tertibi, erkin geýimde işlemek;
  • Iş wagty: 9:00-dan 18:00-a çenli ýa-da 10:00-dan - 19:00-a çenli;
  • Doly iş;
  • Ýerli hasapda durmak zerurlygy ýok, ýöne Aşgabatda işlemeli;
  • Aýlyk hakynyň gijikdirilmän berilmegi;
  • IT bilimiň artmagy üçin tejribeli halypalaryň bolmagy;
  • Iň pes bellenen aýlyk haky 3000 manat, ýöne bu tölegiň ahyrky derejesi däl, deslapky aýlyk tölegi iş tejribesiniň esasynda kesgitlenýär;
  • Çäklendirilmedik kofe, çaý, şeýle hem wideo oýunlary oýnamak üçin şerti we başarnykly garşydaşlary özünde jemleýän döwrebap we rahat open space ofisi;
  • Işini we kompaniýasyny gowy görýän kärdeşler bilen gurşalan iş durmuşy. Biz diňe bir bilelikde işlemän, bilelikde dynç hem alýarys. Pyýada gezelençlere gidýäris, welosiped sürýäris, futbol oýnamagy halaýarys we ş.m. gyzyklanmalar bilen meşgullanýarys. Bu ýerde hemişe özüňize ýakyn kärdeşleri taparsyňyz.

Hökmany bellemeli zat!

  1. Rezýumeňizi isleg bildirýän wezipäňiziň ady bilen vacancy@turkmenportal.com elektron salgysyna ugradyň;
  2. Öz taýýarlan taslamalaryňyza salgylanyp, hünär işiňiz barada goşmaça hat taýýarlap hem rezýumeňiziň ýany bilen ugradyň (Eger bar bolsa);
  3. Bu wezipede bize nähili ýardam edip biljekdigiňizi beýan ediň;
  4. Görkezilýän talaplara laýyk gelmeýän bolsaňyz, boş iş orny üçin ýüz tutmazlygy Sizden haýyş edýäris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler