DIGITAL-Ösdürmek toparynyň ýolbaşçylygyna hünärmen gerek

0
5987
Pocta:
vacancy@turkmenportal.com

Nähili wezipäni ýerine ýetirmeli:

  • Trafigi dolandyrmak we özleşdirmek, trafigi özleşdirmegiň täze kanallaryny gözlemek;
  • Özbaşdak maksatly auditoriýany gurmak;
  • Sosial ulgamlarda neşiriň sahypalaryny ösdürmek;
  • Görkezijileriň monitoringi we seljermesi (Google Analytics, Яндекс Метрика);
  • Hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak we goldamak.

Biziň talaplarymyz:

  • Trafigi dolandyrmak we özleşdirmek, trafigi özleşdirmegiň täze kanallaryny gözlemek;
  • Özbaşdak maksatly auditoriýany gurmak;
  • Facebook, Вконтакте, Instagram, Одноклассники, Youtube, Twitter ýaly sosial ulgamlarda neşiriň sahypalaryny ösdürmek;
  • Görkezijileriň monitoringi we seljermesi (Google Analytics, Яндекс Метрика);
  • Hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak we goldamak;
  • Personal kompýuteri, internet we ofis programmalaryny ýeterlik derejede ulanyp bilmek.

Mundan başga-da, dalaşgärleri işe almakda aşakdakylar goşmaça aýratynlyk bolup biler:

  • Bu ugurdaky iş tejribesiniň bolmagy;
  • Anketanyň talaplaryndaky punktlara doly laýyk gelmek.

Iş şertleri:

  • Synag möhleti - 1 aý;
  • Amatly iş tertibi, erkin geýimde işlemek;
  • Iş wagty: 9:00-dan 18:00-a çenli ýa-da 10:00-dan - 19:00-a çenli;
  • Doly iş;
  • Ýerli hasapda durmak zerurlygy ýok, ýöne Aşgabatda işlemeli;
  • Aýlyk hakynyň gijikdirilmän berilmegi;
  • Iň pes bellenen aýlyk haky 3500 manat, ýöne bu tölegiň ahyrky çägi däl we deslapky töleg iş tejribesine laýyklykda kesgitlenýär;
  • Sowatlylygyňy we başarnyklaryňy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bolmagy;
  • Çäklendirilmedik kofe, çaý, şeýle hem wideo oýunlary oýnamak üçin şerti we başarnykly garşydaşlary özünde jemleýän döwrebap we rahat open space ofisi;
  • Netijeli işlemäge ýardam berýän dostlukly we mylaýym atmosfera;
  • Işini we kompaniýasyny gowy görýän kärdeşler bilen gurşalan iş durmuşy. Biz diňe bir bilelikde işlemän, bilelikde dynç hem alýarys. Pyýada gezelençlere gidýäris, welosiped sürýäris, futbol oýnamagy halaýarys we ş.m. gyzyklanmalar bilen meşgullanýarys. Bu ýerde hemişe özüňize ýakyn kärdeşleri taparsyňyz.

Hökmany bellemeli zat!

  1. Rezýumeňizi isleg bildirýän wezipäňiziň ady bilen vacancy@turkmenportal.com elektron salgysyna ugradyň;
  2. Öz taýýarlan taslamalaryňyza salgylanyp, hünär işiňiz barada goşmaça hat taýýarlap hem rezýumeňiziň ýany bilen ugradyň (Portfolio);
  3. Portfoliosyz rezýume göz öňüne tutulmaýar;
  4. Bu wezipede bize nähili ýardam edip biljekdigiňizi beýan ediň;
  5. Görkezilýän talaplara laýyk gelmeýän bolsaňyz, boş iş orny üçin ýüz tutmazlygy Sizden haýyş edýäris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler