Redaktor-korrektor

0
6526
Pocta:
vacancy@turkmenportal.com

TURKMENPORTAL – Türkmenistanyň öňdebaryjy informasion agentligi redaktor-korrektor iş ornuna hünärmeniň gerekdigini mälim edýär.

Ýerine ýetirmeli wezipe:

  • Saýta goýulýan tekstleri okamak we düzediş girizmek;
  • Tekstleriň stilistik, orfografik, fakt we punktuasiýa ýalňyşlyklaryny barlamak;
  • Fakt maglumatlaryny barlamak (atlary, familiýalary we beýlekileri);
  • Terminleriň we belgileriň dogry ýazylmagyny üpjün etmek.

Dalaşgäre bildirilýän talaplar:

  • Korrektorlyk iş tejribesi;
  • Rus dilini gowy derejede bilmek we ýokary sowatlylyk;
  • Reraýting we kopiraýting bilimi hem-de tejribesi;
  • Personal kompýuterde işlemek başarnygy, interneti we ofis programmalaryny bilmek.

Iş şertleri:

  • Synag möhleti - 1 aý;
  • Amatly iş tertibi, erkin geýimde işlemek;
  • Iş wagty: 9:00-dan 18:00-a çenli ýa-da 10:00-dan - 19:00-a çenli;
  • Doly iş;
  • Gaýybana işlemek şertiniň bolmagy;
  • Ýerli hasapda durmak zerurlygy ýok, ýöne Aşgabatda işlemeli;
  • Aýlyk hakynyň gijikdirilmän berilmegi;
  • Iň pes bellenen aýlyk haky 3000 manat, ýöne bu tölegiň ahyrky derejesi däl we deslapky aýlyk tölegi iş tejribesine laýyklykda kesgitlenýär;
  • Netijeli işlemäge ýardam berýän dostlukly we mylaýym atmosfera;
  • Çäklendirilmedik kofe, çaý, şeýle hem wideo oýunlary oýnamak üçin şerti we başarnykly garşydaşlary özünde jemleýän döwrebap we rahat open space ofisi;
  • Işini we kompaniýasyny gowy görýän kärdeşler bilen gurşalan iş durmuşy. Biz diňe bir bilelikde işlemän, bilelikde dynç hem alýarys. Pyýada gezelençlere gidýäris, welosiped sürýäris, futbol oýnamagy halaýarys we ş.m. gyzyklanmalar bilen meşgullanýarys. Bu ýerde hemişe özüňize ýakyn kärdeşleri taparsyňyz.

Hökmany bellemeli zat!

  1. Rezýumeňizi isleg bildirýän wezipäňiziň ady bilen vacancy@turkmenportal.com elektron salgysyna ugradyň;
  2. Öz taýýarlan taslamalaryňyza salgylanyp, hünär işiňiz barada goşmaça hat taýýarlap hem rezýumeňiziň ýany bilen ugradyň (Eger bar bolsa);
  3. Bu wezipede bize nähili ýardam edip biljekdigiňizi beýan ediň;
  4. Görkezilýän talaplara laýyk gelmeýän bolsaňyz, boş iş orny üçin ýüz tutmazlygy Sizden haýyş edýäris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler