IT-taslamalaryň menejeri

0
5189
Pocta:
vacancy@turkmenportal.com

TURKMENPORTAL – kuwwatly we ösüşlere hyjuwly, öz ulgamynda öňdebaryjy kompaniýa. Biz dürli kompaniýalar üçin özboluşly we öňdebaryjy önümleri döredýäris, şol sebäpden hem toparymyza IT-taslamalaryň menejerini gözleýäris. Müşderiler we taslamalar köpeldigiçe, biziň döredijilik toparymyzda taslamalaryň menejerine bolan zerurlyk artýar.
 
Size nämeler garaşýar?

Siz adaty amallar we ulgamlarymyzyň kesgitli çözgütleri bilen iş salyşarsyňyz, önümi ösdürmek üçin täze aýratynlyklary taýýarlarsyňyz we geljekde bolsa inženerler toparyny dolandyrarsyňyz.

Biz nähili hünärmeni gözleýäris:

  • Müşderiler bilen telefonda habarlaşmak (yzygiderli jaňlar, giriş jaňlary we poçta gelen hatlary kabul etmek), duşuşyklara gitmek, tabşyryklary ýygnamak we seljermek;
  • Taslamalaryň dürs ölçeglerini we netijelerini anyklamak, ony taslamanyň bütin dowamynda gözegçilikde saklamak;
  • Önümi birnäçe tapgyrda tanyşdyrmak, taslama boýunça maslahat bermek;
  • Işi taslamalara laýyklykda meýilleşdirmek, öňde tabşyryklary goýmak;
  • Taslamalaryň möhletine, hiline we býujetine gözegçilik etmek, sargyt edijileriň isleglerini dolandyrmak, netijeler üçin jogapkärçilikde bolmak.
  • Taslamalary tabşyrmak, edilen işler boýunça hasabat taýýarlamak;
  • Täze tehnologiýalary öwrenmek, işdeş ýoldaşlaryňa kömek etmek, bilimleriňi we tejribäňi paýlaşmak.

Biziň talaplarymyz:

  • Ýokary bilimiň bolmagy;
  • Türkmen we rus dillerini hökmany bilmek;
  • Programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak işine, işe gatnaşyjylaryň wezipelerine düşünmek, durmuşa geçirilýän taslamanyň çäklerini, möhletlerini, býudjetini we hilini nädip dolandyrmalydygyny bilmek;
  • Sargyt edijiler bilen umumy dili tapmak we olaryň isleglerini hem-de taslama bilen bagly töwekgelçiliklerini dolandyrmak (gözegçilik ýitende ony nähili tapmalydygyna düşünmek);
  • Öz nukdaýnazaryňy delillendirmegi (şol sanda jedelli ýagdaýlarda kompaniýanyň pozisiýasyny goramagy başarmak) we dürs soraglary bermegi başarmak;
  • Uly göwrümli işleri kiçi yzygiderli işlere bölmegi başarmak.

Iş şertleri:

  • Synag möhleti - 1 aý;
  • Amatly iş tertibi, erkin geýimde işlemek;
  • Iş wagty: 9:00-dan 18:00-a çenli ýa-da 10:00-dan - 19:00-a çenli;
  • Doly iş;
  • Ýerli hasapda durmak zerurlygy ýok, ýöne Aşgabatda işlemeli;
  • Aýlyk hakynyň gijikdirilmän berilmegi;
  • Iň pes bellenen aýlyk haky 3500 manat, ýöne bu tölegiň ahyrky çägi däl, deslapky aýlyk tölegi iş tejribesine laýyklykda kesgitlenýär;
  • Töleg şertleri özbaşdak söhbetdeşlikde anyklanylýar;
  • Çäklendirilmedik kofe, çaý, şeýle hem wideo oýunlary oýnamak üçin şerti we başarnykly garşydaşlary özünde jemleýän döwrebap we rahat open space ofisi;
  • Işini we kompaniýasyny gowy görýän kärdeşler bilen gurşalan iş durmuşy. Biz diňe bir bilelikde işlemän, bilelikde dynç hem alýarys. Pyýada gezelençlere gidýäris, welosiped sürýäris, futbol oýnamagy halaýarys we ş.m. gyzyklanmalar bilen meşgullanýarys. Bu ýerde hemişe özüňize ýakyn kärdeşleri taparsyňyz.

Hökmany bellemeli zat!

  1. Rezýumeňizi isleg bildirýän wezipäňiziň ady bilen vacancy@turkmenportal.com elektron salgysyna ugradyň;
  2. Öz taýýarlan taslamalaryňyza salgylanyp, hünär işiňiz barada goşmaça hat taýýarlap hem rezýumeňiziň ýany bilen ugradyň (Portfolio);
  3. Portfoliosyz rezýume göz öňüne tutulmaýar;
  4. Bu wezipede bize nähili ýardam edip biljekdigiňizi beýan ediň;
  5. Görkezilýän talaplara laýyk gelmeýän bolsaňyz, boş iş orny üçin ýüz tutmazlygy Sizden haýyş edýäris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler