Redaksiýanyň habarçy-žurnalisti wezipesine dalaşgär gerek

0
5216
Pocta:
vacancy@turkmenportal.com

TURKMENPORTAL – kuwwatly we ösüşlere ymtylýan, öz ulgamynda öňdebaryjy kompaniýa. Toparymyza täzelikleri hemişe nähili usulda tiz ýetirmelidigini bilýän habarçy-žurnalisti gözleýäris.

Eger çyndanam žurnalist bolup, ýazýan tekstleriňi Ýer ýüzüniň millionlarça adamy okamagyny isleseň we bu işden lezzet alasyň gelse, onda häziriň özünde bize rezýumeňi ugrat!

Esasy ýerine ýetirmeli wezipe:

  • Tekstleri ýazmak (gysgaça täzelikleri, reportažlary, interwýu, synlary);

Dalaşgäre bildirilýän talaplar:

  • Ýokary sowatlylygyň bolmagy we rus dilini gowy derejede bilmeli
  • Reraýting we kopiraýting bilimi hem-de tejribesi;
  • Personal kompýuterde işlemek başarnygy, interneti we ofis programmalaryny bilmek.

Iş şertleri:

  • Synag möhleti - 1 aý;
  • Amatly iş tertibi, erkin geýimde işlemek;
  • Iş wagty: 9:00-dan 18:00-a çenli ýa-da 10:00-dan - 19:00-a çenli;
  • Doly iş;
  • Gaýybana işlemek şertiniň bolmagy;
  • Ýerli hasapda durmak zerurlygy ýok, ýöne Aşgabatda işlemeli;
  • Iň pes bellenen aýlyk haky 3000 manat;
  • Aýlyk hakynyň möçberi söhbetdeşlik wagtynda kesgitlenýär;
  • Aýlyk hakynyň gijikdirilmän berilmegi;
  • Sowatlylygyňy we başarnyklaryňy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bolmagy;
  • Çäklendirilmedik kofe, çaý, şeýle hem wideo oýunlary oýnamak üçin şerti we başarnykly garşydaşlary özünde jemleýän döwrebap we rahat open space ofisi;
  • Netijeli işlemäge ýardam berýän dostlukly we mylaýym atmosfera;
  • Işini we kompaniýasyny gowy görýän kärdeşler bilen gurşalan iş durmuşy. Biz diňe bir bilelikde işlemän, bilelikde dynç hem alýarys. Pyýada gezelençlere gidýäris, welosiped sürýäris, futbol oýnamagy halaýarys we ş.m. gyzyklanmalar bilen meşgullanýarys. Bu ýerde hemişe özüňize ýakyn kärdeşleri taparsyňyz.

Hökmany bellemeli zat!

  1. Rezýumeňizi isleg bildirýän wezipäňiziň ady bilen vacancy@turkmenportal.com elektron salgysyna ugradyň;
  2. Öz taýýarlan taslamalaryňyza salgylanyp, hünär işiňiz barada goşmaça hat taýýarlap hem rezýumeňiziň ýany bilen ugradyň (Eger bar bolsa);
  3. Bu wezipede bize nähili ýardam edip biljekdigiňizi beýan ediň;
  4. Görkezilýän talaplara laýyk gelmeýän bolsaňyz, boş iş orny üçin ýüz tutmazlygy Sizden haýyş edýäris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler