Marketing we satuwlar boýunça direktor wezipesine dalaşgär gerek

0
3222
Pocta:
vacancy@turkmenportal.com

TURKMENPORTAL döredijilikli we ösüşe hyjuwly, marketing ugrundan bilimli, şeýle-de satuwy ösdürmek babatda ideýalary öňe sürüp biljek marketing we satuwlar boýunça direktory öz hünärmenler toparyna çagyrýar.

Nähili wezipäni ýerine ýetirmeli:

  • Reklama kompaniýalarynyň we kompaniýanyň häzirki marketing işiniň täsirliligini seljermek;
  • Kompaniýanyň ösüşiniň umumy marketing syýasatyny we strategiýasyny düzüp taýýarlamak;
  • Kompaniýanyň söwda we marketing syýasatyny durmuşa geçimek;
  • Marketing bölüminiň täsirli işini meýilleşdirmek we gurnamak;
  • Marketing býujetini işläp taýýarlamak we täsirli ulanmak;
  • Täze önümleriň ýerli we daşarky bazarlara çykarylmagynyň ulgamyny işläp düzmek;
  • Marketing bölümini dolandyrmak.

Biziň talaplarymyz:

  • Ýokary bilimiň bolmagy (marketing, ykdysadyýet ugurlary boýunça);
  • 5 ýyllyk iş tejribesi, onuň hem 2 ýyldan köp bölegini degişli ugurda ýolbaşçy wezipelerde işlän bolmaly;
  • Söwda ýa-da önümçilik kompaniýalarynda iş tejribesiniň bolmagy;
  • Soňky işlän ýerinde öňde goýlan tabşyryklaryň we gazanylan netijeleriň beýany;
  • Marketing strategiýasy esasynda önümleriň bazara çykarylmagy;
  • Türkmen we rus dillerinde hökmany geplemegi başarmak.

Mundan başga-da, dalaşgärleriň saýlanmagynda şeýle oňyn artykmaçlyklar bolup biler:

  • Bu ugurdaky iş tejribesiniň bolmagy;
  • Reklamanyň gurallarynyň we SEO-nyň, şeýle-de digital gurallaryň, seljermäniň amaly bilimlerini bilmek;
  • Iňlis dilini bilmek;
  • Anketanyň talaplaryndaky punktlara doly laýyk gelmek.

Iş şertleri:

  • Synag möhleti - 1 aý;
  • Amatly iş tertibi, erkin geýimde işlemek;
  • Iş wagty: 9:00-dan 18:00-a çenli ýa-da 10:00-dan - 19:00-a çenli;
  • Doly iş;
  • Ýerli hasapda durmak zerurlygy ýok, ýöne Aşgabatda işlemeli;
  • Aýlyk hakynyň gijikdirilmän berilmegi;
  • Iň pes bellenen aýlyk haky 5000 manat, ýöne bu tölegiň ahyrky çägi däl we deslapky töleg iş tejribesine laýyklykda kesgitlenýär.

Hökmany bellemeli zat!

  1. Rezýumeňizi isleg bildirýän wezipäňiziň ady bilen vacancy@turkmenportal.com elektron salgysyna ugradyň;
  2. Öz taýýarlan taslamalaryňyza salgylanyp, hünär işiňiz barada goşmaça hat taýýarlap hem rezýumeňiziň ýany bilen ugradyň (Eger bar bolsa);
  3. Bu wezipede bize nähili ýardam edip biljekdigiňizi beýan ediň;
  4. Görkezilýän talaplara laýyk gelmeýän bolsaňyz, boş iş orny üçin ýüz tutmazlygy Sizden haýyş edýäris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler