SMM - Menejer

0
5112
Pocta:
vacancy@turkmenportal.com

TURKMENPORTAL – kuwwatly we ösüşlere hyjuwly, öz ulgamynda öňdebaryjy kompaniýa. Döredijilikli we önjeýli zähmet çekýän SMM menejeri toparymyzyň agzasy bolmaga çagyrýarys.

Nähili wezipäni ýerine ýetirmeli:

  • Sosial ulgamlarda SMM strategiýany döretmek we durmuşa geçirmek;
  • Postlar we lendingler üçin özboluşly satuwy ösdürjek tekstleri döretmek;
  • Kompaniýanyň sosial sahypalaryny ýöretmek we alyp barmak;
  • Blog ýöretmek, sahypanyň agzalary bilen aragatnaşyk saklamak;
  • Visual kontent bilen işlemek (öňünden taýýarlamak, optimizasiýa, ýerleşdirmek);
  • Kontentiň we ýerleşdirilýän sahypalaryň On-page optimizasiýasy (SEO);
  • Internet-marketing dünýäsinde kompaniýanyň imijini we brendini gurmak.

Biziň talaplarymyz:

  • Massfollowing, masslaýking, give away, target ýaly instrumentleriň şowly we şowsuz taraplaryny tehniki esaslandyryp bilmek;
  • Türkmen we rus dillerini hökmany bilmek;
  • Kompýuteri, interneti we ähli ofis programmalaryny sowatly ulanyp bilmek;
  • Adobe Photoshop, CorelDraw, Illustrator, InDesign ýaly ýöriteleşdirilen programmalarda işläp bilmek.

Mundan başga-da, dalaşgärleri işe almakda aşakdakylar goşmaça aýratynlyk bolup biler:

  • Bu ugurdaky iş tejribesiniň bolmagy;
  • Iňlis dilini bilmek;
  • Web-analitikanyň gurallaryny tejribeli hünärmeniň derejesinde bilmek (Яндекс Метрика, Google Analytics);
  • Gözleg optimizasiýasynyň usullaryny bilmek we olary amalyýetde peýdalanmagy başarmak;
  • Internet söwdasynyň işini bilmek;
  • SMM we digital marketing ugurlary boýunça bilimiň bolmagy;
  • Anketanyň talaplaryndaky punktlara doly laýyk gelmek.

Iş şertleri:

  • Synag möhleti - 1 aý;
  • Amatly iş tertibi, erkin geýimde işlemek;
  • Iş wagty: 9:00-dan 18:00-a çenli ýa-da 10:00-dan - 19:00-a çenli;
  • Doly iş;
  • Ýerli hasapda durmak zerurlygy ýok, ýöne Aşgabatda işlemeli;
  • Aýlyk hakynyň gijikdirilmän berilmegi;
  • Iň pes bellenen aýlyk haky 3000 manat;
  • Häzirki wagtda kärhanamyzda bahalandyryş ulgamyny kesgitleýäris, şonuň üçin häzirlikçe aýlyk haklary aýratyn ara alyp maslahatlaşýarys. Iň soňky aýlyk hakynyň möçberi söhbetdeşlik wagtynda kesgitlenilýär;
  • Sowatlylygyňy we başarnyklaryňy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bolmagy;
  • Ösüş perspektiwasynyň we tejribeli halypalaryň bolmagy;
  • Netijeli işlemäge ýardam berýän dostlukly we mylaýym atmosfera;
  • Çäklendirilmedik kofe, çaý, şeýle hem wideo oýunlary oýnamak üçin şerti we başarnykly garşydaşlary özünde jemleýän döwrebap we rahat open space ofisi;
  • Işini we kompaniýasyny gowy görýän kärdeşler bilen gurşalan iş durmuşy. Biz diňe bir bilelikde işlemän, bilelikde dynç hem alýarys. Pyýada gezelençlere gidýäris, welosiped sürýäris, futbol oýnamagy halaýarys we ş.m. gyzyklanmalar bilen meşgullanýarys. Bu ýerde hemişe özüňize ýakyn kärdeşleri taparsyňyz.

Hökmany bellemeli zat!

  1. Rezýumeňizi isleg bildirýän wezipäňiziň ady bilen vacancy@turkmenportal.com elektron salgysyna ugradyň;
  2. Öz taýýarlan taslamalaryňyza salgylanyp, hünär işiňiz barada goşmaça hat taýýarlap hem rezýumeňiziň ýany bilen ugradyň (Eger bar bolsa);
  3. Bu wezipede bize nähili ýardam edip biljekdigiňizi beýan ediň;
  4. Görkezilýän talaplara laýyk gelmeýän bolsaňyz, boş iş orny üçin ýüz tutmazlygy Sizden haýyş edýäris.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler