Kontent menejer

0
5456
Pocta:
vacancy@turkmenportal.com

TURKMENPORTAL – kuwwatly we ösüşlere hyjuwly, öz ulgamynda öňdebaryjy kompaniýa. Döredijilik toparymyza müşderileriň onlaýn platformalaryny nähili maglumatlar bilen doldurmalydygyny bilýän kontent menejeri gözleýäris.

Nähili wezipäni ýerine ýetirmeli:

  • Müşderiler üçin teklipleri taýýarlamak;
  • Sosial we täjirçilik kontent meýilnamasyny düzmek;
  • Taslamany döretmek we kontenti ýola goýmagyň ähli tapgyrlarynda doly goldaw bermek;
  • Saýtdaky maglumatlaryň aktuallygyna yzygiderli gözegçilik etmek (surat/wideo/tekst kontent);
  • Saýtyň traffiginiň giňişleýin seljeriş ulgamyny işläp taýýarlamak: traffigi döredýän kanallaryň netijeliligi, konwersiýasy, auditoriýanyň özüni alyp-baryjylygynyň seljerilişi, maksatlaýyn auditoriýanyň jogap beriş derejesi;
  • Ölçegleriň statistikasyny we analitikasyny ýygnamak we gaýtadan işlemek.

Biziň talaplarymyz:

  • Türkmen we rus dillerini hökmany bilmek;
  • Kompýuteri, interneti we ähli ofis programmalaryny sowatly ulanyp bilmek;
  • Sosial ulgamlarda mahabatyň mümkinçiliklerini bilmek we aýratynlyklaryna düşünmek;
  • Internet söwda amallaryny bilmek.

Mundan başga-da, dalaşgärleri işe almakda aşakdakylar goşmaça aýratynlyk bolup biler:

  • Bu ugurda iş tejribesiniň bolmagy;
  • Iňlis dilini bilmegi;
  • Anketanyň talaplaryndaky punktlara doly laýyk gelmek.

Iş şertleri:

  • Synag möhleti - 1 aý;
  • Amatly iş tertibi, býurokratiýanyň ýoklugy, erkin geýimde işlemek;
  • Iş wagty: 9:00-dan 18:00-a çenli ýa-da 10:00-dan - 19:00-a çenli;
  • Doly iş;
  • Ýerli hasapda durmak zerurlygy ýok, ýöne Aşgabatda işlemeli;
  • Iň pes bellenen aýlyk haky 3000 manat;
  • Aýlyk hakynyň möçberi söhbetdeşlik wagtynda kesgitlenýär;
  • Aýlyk hakynyň gijikdirilmän berilmegi;
  • Sowatlylygyňy we başarnyklaryňy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bolmagy;
  • Çäklendirilmedik kofe, çaý, şeýle hem wideo oýunlary oýnamak üçin şerti we başarnykly garşydaşlary özünde jemleýän döwrebap we rahat open space ofisi;
  • Netijeli işlemäge ýardam berýän dostlukly we mylaýym atmosfera;
  • Işini we kompaniýasyny gowy görýän kärdeşler bilen gurşalan iş durmuşy. Biz diňe bir bilelikde işlemän, bilelikde dynç hem alýarys. Pyýada gezelençlere gidýäris, welosiped sürýäris, futbol oýnamagy halaýarys we ş.m. gyzyklanmalar bilen meşgullanýarys. Bu ýerde hemişe özüňize ýakyn kärdeşleri taparsyňyz.

Hökmany bellemeli zat!

  1. Rezýumeňizi isleg bildirýän wezipäňiziň ady bilen vacancy@turkmenportal.com elektron salgysyna ugradyň;
  2. Bu wezipede bize nähili ýardam edip biljekdigiňizi beýan ediň;
  3. Görkezilýän talaplara laýyk gelmeýän bolsaňyz, boş iş orny üçin ýüz tutmazlygy Sizden haýyş edýäris.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler