Alyp Baryjy

0
5648
Pocta:
vacancy@turkmenportal.com

Wideo – bu “Turkmenportal” brendiniň “ýüzi”, biziň tomaşaçy bilen aragatnaşygymyzdyr. Wideomateriallaryň alypbaryjysy biziň brendimiziň tanalmagyna giňden ýardam edýän, tomaşaçylary täzelikler, täze döredilen zatlar, dürli hilli harytlar we hyzmatlar bilen içgin tanyşdyrýan hünärmendir.

Biziň çalt depgin bilen ösýän hünärmenler toparymyza bu ugurda işlemäge täze ýüzler gerek we “Turkmenportal” saýtynyň alypbaryjysy bolmak wezipesine dalaşgär gözleýändigimizi yglan etmäge hoşaldyrys.

Esasy ýerine ýetirmeli wezipe:

  • Mowzuklaýyn wideogepleşikleri alyp barmak.

Dalaşgäre bildirilýän talaplar:

  • Ýaşy 18-den uly bolmaly;
  • Dalaşgärleriň daş keşbi gelşikli bolmaly;
  • Türkmen dilinde geplemäge doly erk etmeli;
  • Rus dilinde aksentsiz geplemegi başarmaly;
  • Gepleýşi dury, sowatly, beýan edişi gowy bolmaly.

Mundan başga-da, dalaşgärleri işe almakda aşakdakylar goşmaça aýratynlyk bolup biler:

  • Telealypbaryjy ugry boýunça iş tejribesiniň bolmagy;
  • Hünär biliminiň bolmagy;
  • Iňlis dilini bilmegi;
  • Harizma, özüne çekijilik, şadyýanlyk, hoşniýetlilik, degişgenlik ýaly häsiýetleriniň bolmagy;
  • Anketanyň talaplaryndaky punktlara doly laýyk gelmek.

Iş şertleri:

  • Synag möhleti - 1 aý;
  • Amatly iş tertibi, erkin geýimde işlemek;
  • Iş wagty: 9:00-dan 18:00-a çenli ýa-da 10:00-dan - 19:00-a çenli;
  • Doly iş;
  • Ýerli hasapda durmak zerurlygy ýok, ýöne Aşgabatda işlemeli;
  • Iň pes bellenen aýlyk haky 3000 manat;
  • Aýlyk hakynyň möçberi söhbetdeşlik wagtynda kesgitlenýär;
  • Aýlyk hakynyň gijikdirilmän berilmegi;
  • Sowatlylygyňy we başarnyklaryňy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bolmagy;
  • Çäklendirilmedik kofe, çaý, şeýle hem wideo oýunlary oýnamak üçin şerti we başarnykly garşydaşlary özünde jemleýän döwrebap we rahat open space ofisi;
  • Netijeli işlemäge ýardam berýän dostlukly we mylaýym atmosfera;
  • Işini we kompaniýasyny gowy görýän kärdeşler bilen gurşalan iş durmuşy. Biz diňe bir bilelikde işlemän, bilelikde dynç hem alýarys. Pyýada gezelençlere gidýäris, welosiped sürýäris, futbol oýnamagy halaýarys we ş.m. gyzyklanmalar bilen meşgullanýarys. Bu ýerde hemişe özüňize ýakyn kärdeşleri taparsyňyz.

Hökmany bellemeli zat!
1.    Rezýumeňizi isleg bildirýän wezipäňiziň ady bilen vacancy@turkmenportal.com elektron salgysyna ugradyň;
2.    Öz taýýarlan taslamalaryňyza salgylanyp, hünär işiňiz barada goşmaça hat taýýarlap hem rezýumeňiziň ýany bilen ugradyň (Eger bar bolsa);
3.    Bu wezipede bize nähili ýardam edip biljekdigiňizi beýan ediň;
4.    Görkezilýän talaplara laýyk gelmeýän bolsaňyz, boş iş orny üçin ýüz tutmazlygy Sizden haýyş edýäris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler