Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen 39 saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda Prezident saýlawlary geçirildi

23:3112.02.2017
0
1284

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda raýatlarymyzyň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenilýär.

Saýlaw uçastoklary 12-nji fewralda dünýäniň her bir sebitiniň ýerli wagtyna laýyklykda ir bilen açyldy. Saýlawlaryň guramaçylary saýlaw wagtynda daşary ýurtlarda bolýan ýurdumyzyň raýatlarynyň özleriniň konstitusion hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin ähli zerur şertleri döretdiler.

Synçylar ses bermegiň saýlaw uçastoklarynyň açylan ilkinji pursatlaryndan başlap işjeň häsiýete eýe bolandygyny, raýatlarymyzyň—daşary ýurtlarda ýaşaýan, işleýän hem-de okaýan ildeşlerimiziň raýatlyk jogapkärçiligini we olaryň ýokary düşünjeliligini belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň