Soňky habarlar

Arhiw

Şöhrat Söýünow Belarus Respublikasynyň «Dnepr» toparynda gözden geçirilişde

17:2909.02.2017
0
1865

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň goragçysy Şöhrat Söýünow şu günler Belarus Respublikasynyň «Dnepr» futbol toparynyň düzüminde türgenleşýär. Türkmenistanly goragçynyň geçirýän duşuşyklary tälimçileriň ýokary bahasyna mynasyp bolan ýagdaýynda, ol karýerasyndaky ilkinji daşary ýurt toparynyň düzümine goşulyp biler.

Mogilýow şäheriniň «Dnepr» kluby 1960-njy ýylda esaslandyryldy. Taryhynda bir gezek Belarusyň çempionlygyny gazanan, bir gezek hem ýurduň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykmagy başaran topar geçen ýyl birinji ligada çykyş edip, çempionaty üçünji orunda tamamlady. Birinji liga — Belarus çempionatynyň ikinji derejeli çempionatydyr. Geçen möwsümdäki üstünliginden soňra, «Dnepr» nobatdaky möwsümde Ýokary ligada çykyş etmäge hukuk gazandy.

Ýakynda Şöhrat Söýünow «Dnepriň» düzüminde ilkinji gezek meýdana çykdy. «Minsk» futbol topary bilen myhmançylykda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygy 1:2 hasabynda Mogilýow şäheriniň futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy. Türkmenistanly goragçy duşuşygyň ikinji ýarymynda oýnady.

Belarus Respublikasynyň futbol çempionatyna 1-nji aprelde badalga berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň