Soňky habarlar

Arhiw

«Balkan» AFK-nyň kubogy — 2017-ä çykmak ugrundaky duşuşykda Gyrgyzystanyň «Dordoýyndan» ýeňildi

21:4907.02.2017
0
8708

«Balkanyň» futbolçylary AFK-nyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşyndaky göreşini ir tamamladylar, olar öz meýdanynda geçiren jogap duşuşygynda Gyrgyzystanyň «Dordoý» futbol toparyndan 1:2 hasabynda ýeňildiler.
Garşydaşlaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy, bu bolsa Türkmenistanyň wise-çempionyna ýaryşyň indiki saýlama tapgyryna çykmak üçin oňat mümkinçilik berýärdi. Şonuň üçin hem Balkanabatda geçirilen jogap duşuşygyna 10 müň töweregi janköýer ýygnandy.

Duşuşyk, turuwbaşdan, «Balkanyň» haýryna gitmedi. Ilkinji minutlarda «Dordoýyň» derwezesine girizilen pökgüde emin futbolçynyň oýundan daşarky ýagdaýdadygyny aýdyp, hasabyň açylmagyna ýol bermedi. Ýöne garşydaş toparyň okgunly hüjümi netije berdi we olar 1:0 hasabynda öňe saýlandylar. 8-nji minutda garşydaş toparyň özbegistanly legioneri Alişer Azizow tapawutlandy. Onuň Gyrgyzystanyň Oş şäherinde geçirilen ilkinji duşuşykda hem hasaby deňländigini ýatladýarys.
Şondan soň, ýer eýeleri ýene-de ýiti hüjümleriň birnäçesini gurnadylar, ýöne myhmanlaryň goragçylary we derwezewany örän dürs oýnady. Hatda şondan soň, «Dordoý» «Balkanyň» derwezesiniň agzynda Marat Ajiniýazow ýekeje howply pursat döredip bildi, ony-da türkmen futbolçylary yza serpikdirdiler.

Arakesmä çenli duşuşykda başga göze iläýjek üýtgeşme bolmaly. Ikinji ýarymda hem «Balkanyň» hüjümleri, garşydaş toparyň bolsa duýdansyz we çalt hüjümleri dowam etdi. Şeýlelikde, 53-nji minutda Awazbek Otkeýew ýer eýeleriniň derwezesinden ikinji pökgini geçirdi. Bu bolsa «Balkanyň» öňünde duran wezipäni has-da çylşyrymlaşdyrdy. Indi biziň futbolçylarymyza indiki saýlama tapgyryna çykmak üçin galan wagtyň dowamynda azyndan üç pökgi geçirmek gerekdi. Ýöne Amanmyrat Meredowyň şägirtleri diňe bir jogap pökgüsini geçirmegi başardylar we hasap 1:2 boldy. Ýer eýelerinden duşuşygyň 90-njy minudynda ikinji ýarymda oýna giren Akmämmet Metdäýew tapawutlandy. Ýöne ikinji ýarymdaky pökgä erk etmek boýunça artykmaçlygyň, esasan, ýer eýelerinde bolandygyny aýtmak gerek.

Şeýlelikde, «Balkan» umumylykda 2:3 hasabynda ýeňildi we bassyr ikinji ýyldyr AFK-nyň kubogy bilen saýlama tapgyrda hoşlaşdy.
Duşuşyklaryň hasabatlaryny toplamagy halaýanlar üçin bu oýnuň protokol maglumatlary bilen tanyşdyrýarys.

AFK-nyň kubogy — 2017. Saýlama tapgyr. Merkezi bölek. Jogap duşuşygy.
7-nji fewral. Balkanabat. «Sport toplumy» stadiony. 9700 tomaşaçy. Howanyň derejesi — 12 gradus.
«Balkan» (Balkanabat, Türkmenistan — «Dordoý» (Bişkek, Gyrgyzystan) — 1:2 (0:1)
Geçirilen pökgüler:
Alişer Azizow, 8 (0:1), Awazbek Otkeýew, 53 (0:2), Akmämmet Metdäýew, 90 (1:2).

«Balkan»: Alikper Kerimow, Mekan Saparow, Daýanç Orazgulyýew, Begenç Guldurdyýew, Nurtagan Mämmedalyýew, Aşyrgeldi Ylýasow (Myratgeldi Gurbangeldiýew, 89), Ýewgeniý Tkaçenko (k), Azat Garajaýew, Yhlas Magtymow, Hemra Amanmämmedow (Akmämmet Metdäýew, 67), Mämmedaly Karadanow.
«Dordoý»: Maksim Zinçenko, Tahir Awçiýew (Baktaý Taalaýbek uulu, 30), Kursanbek Şeratow (k), Marat Ajiniýazow, Ýegor Potapow, Anatoliý Wlasiçýew, Islam Şamşiýew, Aziz Sadykow, Alişer Azizow (Kaýrat Kolbaýew, 90+1), Awazbek Otkeýew (Mirbek Ahmatliýew, 79), Kaýrat Žyrgalbek uulu.
Jerime kartlary: Mekan Saparow, 49, Aşyrgeldi Ylýasow, 55 — Marat Ajiniýazow, 44, Kaýrat Žyrgalbek uulu, 46, Alişer Azizow, 64, Anatoliý Wlasiçýew, 90+2.
Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Alişer Azizow («Dordoý»).
Baş emin: Rowan Arumughan (Hindistan).
Kömekçileri: Sapam Kennedi we Pillai Arun Sasidharan (ikisi-de — Hindistan).
Ätiýaçlykdaky emin: Şikrişna Koimbatore Ramaswamy (Hindistan).
Duşuşygyň inspektory: Ýosef Mirza Rustom (Saud Arabystany).
Duşuşygyň komissary: Sanjaý Kumar (Hindistan).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň