«Balkan» — «Dordoý» duşuşygynyň öňüsyrasynda metbugat maslahaty geçirildi

0
404
«Balkan» — «Dordoý» duşuşygynyň öňüsyrasynda metbugat maslahaty geçirildi

Düýn Balkanabat şäherindäki sport toplumynda AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde geçiriljek «Balkan» — «Dordoý» duşuşygynyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahaty geçirildi. Onda iki toparyň baş tälimçileri we kapitanlary žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.

Ilkinji sowallar «Dordoýyň» baş tälimçisi Murat Jumakeýewe we toparyň kapitany Anatoliý Wlasiçýewe gönükdirildi.

— Biz mundan bir hepde ozal geçirilen duşuşygyň netijesini seljerdik — diýip, gürrüňe myhman toparyň baş tälimçisi başlady. — Elbetde, öz meýdanymyzda geçirilen duşuşygyň netijesi bizi kanagatlandyrmady.Şonuň üçin hem biz ertirki duşuşyga ähli güýjümizi toplap, diňe ýeňiş maksady bilen geldik. Biziň esasy maksadymyz bolsa indiki saýlama tapgyryna çykmak. Munuň üçin meýdanda sazlaşykly oýny ýola goýmaga çalşarys.

Soňra özüne gönükdirilen sowallara «Dordoýyň» kapitany jogap berdi:

— Biz öňümizde goýlan maksady amal etmäge taýýar. Futbol meýdanynyň ýagdaýy gowy. Yhlasly oýnumyz bilen, öňümizde goýlan maksada ýetmäge çalşarys.

Soňra «Balkanyň» baş tälimçisi Amanmyrat Meredow bilen kapitany Ýewgeniý Tkaçenko žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi:

— Biz myhmançylykdaky duşuşykda özümize mynasyp oýny orta goýup bildik diýip pikir edýäris. Bu duşuşykda bolsa janköýerlerimiz biziň 12-nji, 13-nji oýunçylarymyz bolar. Meýdana diňe ýeňiş üçin çykarys. «Dordoý» — örän güýçli garşydaş, tejribeli oýunçylary bar. Toparda Gyrgyzystanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary hem az däl, köpüsiniň bolsa halkara tejribesi ýetik. Duşuşyk ýeňil bolmaz — diýip, baş tälimçi öz pikirini beýan etdi.

— Ilkinji duşuşykdaky netije siziň indiki saýlama tapgyryna çykmagyňyz üçin oňat mümkinçilik berýär. Bu duşuşykda 0:0 hasaby hem topary kanagatlandyrýar. Üstesine-de, ertirki duşuşygy öz janköýerleriňiziň goldamagynda geçirersiňiz. Siz ertir köpräk goraga üns bermegi meýilleşdirýärsiňizmi ýa-da başga maksadyňyz barmy?

— Ertirki taktikamyz hakda häzir anyk bir zady aýtmak islemeýäris, ol gizlin bolsa gowy. Hakykatdanam, myhmançylykdaky 1:1-lik hasap gowy netije. Şeýle-de bolsa, futbol kiçijik ýalňyşlyklary bagyşlamaýar. Ähli zada taýýar bolmak gerek.

Toparyň kapitany Ý.Tkaçenko özüne berlen sowala şeýle jogap berdi:

— Futbolçylarymyzyň ählisi duşuşyga taýýar. Meýdana diňe ýeňiş üçin çykarys. Ertir diňe ýeňşe garaşýarys.

Metbugat maslahaty baradaky habar «Dordoý» futbol toparynyň internet saýtyndan alyndy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň