Soňky habarlar

Arhiw

«Istiklol» AFK-nyň kubogyndaky garşydaşynyň düzümine we ýoldaşlyk duşuşyklarynyň netijesine uly üns berýär

11:2603.02.2017
0
914

«Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr» düzümini täze futbolçylaryň birnäçesi bilen güýçlendirdi» diýip, Täjigistanyň «Istiklol» futbol topary öz resmi saýtynda habar berýär.
Şeýle hem habarda «Istiklolyň» AFK kubogyndaky garşydaşynyň («Altyn asyryň») häzirki günlerde Antalýa şäherinde türgenleşik işlerini alyp barýandygy ýazylýar. «Toparyň täze futbolçylarynyň hatarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow hem bar, ol Özbegistanyň «Almalyk» futbol toparynda hem çykyş etdi» diýlip, habarda aýdylýar. Habarda «Altyn asyryň» Antalýadaky türgenleşikleriniň çäginde Rumynyýanyň «ASA» topary bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygyna hem üns çekilýär. 2:2 hasabynda tamamlanan duşuşykda «aragatnaşykçylaryň» tarapyndan Altymyrat Annadurdyýew bilen Myrat Ýagşyýew tapawutlandy. «Altyn asyr» Antalýadaky ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny Daşkendiň «Lokomotiw» topary bilen geçirer. Topar Ortaýer deňziniň kenaryndaky türgenleşiklerini 5-nji fewralda tamamlar.

Şeýle hem habara «Altyn asyryň» düzümine täze goşulan futbolçylaryň sanawy goşulypdyr. Bu sanawda Arslanmyrat Amanowyň («Almalyk» (Özbegistan) → «Altyn asyr»), Elman Tagaýewiň («Andijan» (Özbegistan) → «Altyn asyr»), Döwlet Mirsultanowyň («Merw» → «Altyn asyr»), Begenç Seýitmämmedowyň («Aşgabat» → «Altyn asyr»), Muhammet Astanowyň («Şagadam» → «Altyn asyr»), Mihail Titowyň («Balkan» → «Altyn asyr») hem-de Ahmet Gurbanowyň («Bürgüt» → «Altyn asyr») atlary bar.

«Altyn asyr» bilen «Istiklol» AFK-nyň kubogynyň Merkezi Aziýa toparçasynda 4-nji aprelde Aşgabatda, 31-nji maýda Duşenbede duşuşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň