«Ahal» ýoldaşlyk duşuşygynda Wahyt Orazsähedowyň het-trigi bilen ýeňiş gazandy

19:2831.01.2017
0
864

Şu gün «Aşgabat» köpuguly sport toplumynyň ýanaşyk futbol meýdanlarynyň birinde Ýokary liganyň iki wekili — «Ahal» hem-de «Energetik» ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler. Toparlaryň täze möwsüme taýýarlygyny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe bolan duşuşygyň birinji ýarymynda toparlaryň hiç biri hem garşydaş derwezä pökgi girizip bilmedi. Ýöne ikinji ýarymda ýagdaýlar tutuşlygyna «Ahalyň» peýdasyna özgerdi. Röwşen Meredowyň şägirtleri hüjümçi Wahyt Orazsähedowyň ikinji ýarymdaky 3 goly bilen ýoldaşlyk duşuşygynyň ýeňijisi boldular.

Bu duşuşyk toparlaryň ikisi üçin hem ilkinji ýoldaşlyk oýny däl. Mundan öň iki topar hem «Köpetdag» bilen duşuşdy. Duşuşyklarda «Ahal» ýeňiş gazanan bolsa, «Energetik» 2:1 hasabynda ýeňildi.

Şu günki duşuşykda «Aşgabatdan» transfer edilen Merdan Gurbanow «Ahalyň» düzüminde ilkinji duşuşygyny geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň