Türkmenistanyň futbol toparlary AFK kubogynda

12:3430.01.2017
0
370
Türkmenistanyň futbol toparlary AFK kubogynda

Ýene-de şowhunly, gyzykly futbol möwsümi başlaýar. Türkmen futboly täze möwsüme, aslynda, mart aýynda däl-de, 31-nji ýanwarda AFK-nyň kubogy — 2017-niň çäklerinde geçiriljek «Dordoý» — «Balkan» duşuşygy bilen girişer. Duşuşyk ertir ýerli wagt bilen 14:00-da (Aşgabat wagty bilen 13:00) Gyrgyzystanyň Oş şäherinde geçiriler.

Duşuşygyň öňüsyrasynda biz siziň ünsüňizi hut şu ýaryşda — Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň kubogynda ýurdumyza dürli ýyllarda wekilçilik eden toparlaryň umumy netijelerine ünsüňizi çekmek isledik.

Türkmenistanyň futbol toparlary şu wagta çenli AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda 54 duşuşyk geçirdiler, meýilnamada görkezilen 1 duşuşyk bolsa  geçirilmedi. Ildeşlerimiz geçiren duşuşyklarynyň 11-sinde ýeňiş gazanan bolsalar, 30 duşuşykda ýeňildiler. 13 duşuşyk bolsa deňme-deňlik bilen tamamlandy. Garşydaş derwezelere 56 pökgi geçiren türkmen futbolçylary öz derwezesine 99 pökgi goýbertdiler.

Türkmenistanyň toparlary 2004-nji ýyldan bäri geçirilýän bu yklym ýaryşynda Liwanyň toparlary bilen has köp, ýagny 11 gezek duşuşdylar. Liwandan soňra iordan toparlary bilen 10, Bangladeşiň toparlary bilen 6, Omanyň toparlary bilen 5, Ýemeniň, Hindistanyň we Bahreýniň toparlary bilen 4, Siriýanyň toparlary bilen 3, Kuweýtiň, Täjigistanyň we Yragyň toparlary bilen 2 gezek duşuşydylar. Gyrgyzystandan bolsa, AFK-nyň kubogynda mundan ozal diňe bir topar ildeşlerimiz bilen duşuşdy. Gyzykly tarapy, şol topar hem «Dordoýdyr».

Ýadyňyzda bolsa, AFK-nyň kubogy — 2015-de «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary ýaryşyň toparçalaryna girmek ugrunda Aşgabatda geçirilen saýlama duşuşygynda «Dordoýy» Altymyrat Annadurdyýewiň 8-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen ýeňipdi. «Dordoý» bu ýyl hem ýaryşa saýlama tapgyrdan gatnaşýar, bu gezegem Türkmenistana wekilçilik edýän topar biln duşuşýar.  

AFK-nyň kubogyna 5-nji gezek gatnaşýan «Balkan» bu ýaryşa ýurdumyzdan iň kän gatnaşan topardyr. «Altyn asyr» bassyr 3-nji gezek gatnaşsa, «Nisa» bilen HTTU-nyň her haýsy 2, «Merw» bilen «Ahal» bir gezek gatnaşdy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň