23-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde futbol boýunça 2019-njy ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň 3-nji saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bije çekilşige 2-nji torbadan gatnaşan Türkmenistanyň milli ýygyndysy nobatdaky saýlama tapgyryň ”E” toparçasyna düşdi. Ildeşlerimizden başga-da, bu toparçada Bahreýn Patyşalygynyň, Singapuryň we Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndylary bar.
Türkmen futbolçylary toparçadaky ilkinji duşuşygyny 28-nji martda myhmançylykda Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysy bilen geçirer.
“E” toparça
Bahreýn
Türkmenistan
Singapur
Hytaý Taýpeýi