Soňky habarlar

Arhiw

Altymyrat Annadurdyýew «Almalygyň» düzüminde ilkinji pökgüsini geçirdi

16:0323.01.2017
0
1341

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýewiň Özbegistanyň «Almalyk» toparynyň düzüminde synagdan geçýändigini ozal hem habar beripdik. Şu günler futbolçy toparyň Türkiýäniň Antalýa şäherindäki türgenleşigine gatnaşýar.

22-nji ýanwarda «Almalyk» Russiýanyň Nowosibirsk şäheriniň «Sibir» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga «Almalygyň» esasy düzüminde çykan ildeşimiz 43-nji minutda Akbar Turaýewiň beren pasyny derwezä dürs gönükdirip hasaby açdy. Duşuşyk 3:0 hasabynda «Almalygyň» ýeňşi bilen tamamlandy. A.Annadurdyýewden başga-da, 45-nji minutda D.Juraýew, 55-nji minutda A.Rahmatullaýew tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň