Archive news

Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

22:4822.01.2017
0
1647
Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Ýanoş Adere Werona welaýatynda bolup geçen awtobus heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu heläkçilikde esasan hem ýurduň mekdep okuwçylarynyň gurban bolmagy has hem gynandyryjy ýagdaýdyr.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary barada arzuwlaryny beýan etdi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň