Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Mary DES-de täze taslamanyň ekologiýa we eksport atykmaçlyklaryna baha berdi

14:5019.01.2017
0
5999

 

Mary welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow utgaşykly dolanyşykda işleýän gazbugturbinaly elektrostansiýanyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Kuwwatlylygy 1574 MWt bolan elektrostansiýa “Türkmenenergo” Döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy boýunça Mary DES-niň çäklerinde bina edilýär.

Bir ýylda 12,6 milliard kWt/sagat elektrik energiýasyny çykarmaga niýetlenilen utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrostansiýa ýangyç hökmünde diňe bir tebigy gazy däl, eýsem bugy hem peýdalanar.

Topluma gaz turbinalaryň dördüsi, galyndylary gaýtadan işleýän gazanlar, bug turbinalarynyň ikisi hem-de beýleki tehnologik desgalar girýär. Ýangyjyň ýanmagynyň netijesinde döreýän gazlar esasy gaz turbinany herekete getirýär, soňra bolsa galyndylary gaýtadan işleýän gazanda suwy buga öwürýär, ol bolsa bug turbinany hem-de onuň bilen bagly bolan toguň generatoryny herekete getirýär. Şeýlelik bilen, elektroenergiýanyň goşmaça möçberi öndürilýär.

Eger adaty elektro stansiýanyň peýdaly hereketiniň görkezijisi (PHG) ortaça 34,2 göterim bolsa, onda utgaşykly dolanyşykda ol bir ýarym esseden gowrak artyp, 57 göterime golaý bolaýr, tebigy gazyň sarp edilişi görnetin azalýar. Gazbugturbinaly elektrostansiýalar ykdysady we ekologiýa babatda özüne çekijidir, çünki ýanan önümleriň – kömürturşy gazyň howa bölünip çykmasynyň möçberi 2-3 esse peselýär.

Potratçy bolan «Çalyk Enerji» türk kompaniýasy işlerine 2015-nji ýylyň iýulynda girişdi. Taslamanyň gurluşygyny 2018-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak maksat edinilýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine Amerikanyň «General Electric» kompaniýasy hem gatnaşýar.

Bu desganyň ulanmaga berilmegi bilen Türkmenistanyň elektronergetika pudagynyň ägirt kärhanasy bolan Mary DES-iň umumy kuwwaty iki esse ýokarlanar. Onuň düzüminde 30-40 ýyl mundan ozal herekete girizilen energiýa toplumlarynyň 7-si bar. 2014-nji ýylda 149,2 megawatt kuwwatlylygy bolan gazturbina elektrik stansiýasy ulanmaga tabşyryldy. Munuň özi DES-iň umumy kuwwatlylygyny 1500 megawatta çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň