Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda iş maslahatyny geçirdi

00:3819.01.2017
0
2492

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady.

Döwlet Baştutany Mary şäheriniň howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Mary welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan meseleleriň oňyn çözülmegi, welaýatyň senagat we medeni-durmuş düzümini mundan beýläk-de ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, onuň toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur çäreler amala aşyrylmalydyr diýip belledi.

Soňra wise-premýer G.Mämmedowa Mary welaýatynda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň jemlerine bagyşlanan dabaralary guramak, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan şu ýylda meýilleşdirilen medeni-köpçülik çäreleriniň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem amala aşyrylýan medeni çäreleriň giňden beýan edilmegi babatda degişli düzümler bilen bilelikde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany meýilleşdirilen medeni-köpçülik çäreleriniň bu ýerde bina edilen hem-de welaýatyň özboluşly binagärlik bezigine öwrülen “Ak öý” ýaly durmuş – medeni maksatly täsin desganyň taglymyna laýyk gelmelidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojammämedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitiň ähli pudaklary bilen bir hatarda obasenagat toplumynyň işini kämilleşdirmek, kärendeçileriň, ýer eýeleriniň işini höweslendirmek we täze önümçilik desgalaryny döretmek boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutyny ähli meýilleşdirilen çäreleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belläp, degişli düzümleriň ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça Mary welaýatynda, şeýle hem bütin ýurdumyzda geçirilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça sazlaşykly işlemeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Wise-premýer D.Amangeldiýew welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem elektroenergetika pudagynyň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini artdyrdyrmak, häzirki döwürde Marynyň Döwlet elektrik bekedinde alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlaryň hemmesine ýurdumyzy mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň