Soňky habarlar

Arhiw

Maksim Belyh — «Ahalyň» baş tälimçisiniň kömekçisi

10:4718.01.2017
0
991

32 ýaşly tejribeli goragçy Maksim Belyh «Ahal» futbol toparynyň baş tälimçisi Röwşen Meredowyň kömekçisi wezipesine bellenildi. Geçen möwsümde Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol toparynda çykyş eden goragçy ilkinji gezek özüni tälimçilik işinde synap görýär.

1984-nji ýylyň 7-nji awgustynda doglan M.Belyh futboly çagalykdan ýaran edinenleriň biri. Harby gullugy 2002 — 2004-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň sport klubynda geçen M.Belyh professional karýerasyna 2004-nji ýylda paýtagtyň HTTU toparynyň düzüminde girişdi. Ýurdumyzyň çempionatlarynda birnäçe toparda çykyş eden goragçy 2012-nji ýylda Özbegistanyň «Nowbahar» toparynda hem futbol oýnady.

M.Belyhyň milli ýygyndymyz bilen hem tejribesi bar. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde ilkinji gezek 2008-nji ýylda ýaşyl meýdana çykan futbolçy 2010-njy ýylda Hytaýyň Guançžou şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynda Olimpiýa ýygyndymyzyň düzüminde hem çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň