Özbegistanda türkmen legioneriniň rekordy entek täzelenenok

0
358
Özbegistanda türkmen legioneriniň rekordy entek täzelenenok

Özbegistanyň futbol çempionatynyň iň ýokary ligasy bolan Oliý ligada türkmen futbolçysy Goçguly Goçgulyýewiň goýan rekordy entek täzelenenok. Goňşy ýurduň çempionatynda 2002-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli çykyş eden futbolçy iki toparda çempion bolan ýeke-täk legionerdir. Goçguly Goçgulyýew «Pahtakor» bilen 2002, 2003, 2004, 2005-nji ýyllaryň çempionatynda, «Bunýodkor» bilen 2008, 2009, 2010-njy ýyllarda Özbegistanyň çempiony bolupdy.

Şu wagt Özbegistanyň çempionatynda çykyş edýän gruzin futbolçysy Kahi Maharadze bu rekordy gaýtalamaga ýakyn. Eger şu ýyl «Lokomotiw» çempion bolsa, onda Özbegistanda iki toparda çempionlyk şatlygyna eýe bolan legionerleriň sany ikä çykar. Ýöne şol iki legioneriň ilkinjisi hökmünde Goçguly Goçgulyýewiň adynyň özbek futbolynyň taryhyna eýýäm ýazylandygyny ýatdan çykarmaly däl.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň