«Dordoý» — «Balkan» duşuşygy Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilmez

10:3818.01.2017
0
1170

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl ýurdumyzyň çempionatyny kümüş medal bilen tamamlan «Balkan» topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň Merkezi Aziýa boýunça toparçasyna girmek üçin saýlama duşuşyklaryny geçirmeli. Ildeşlerimiziň garşydaşy — Gyrgyzystanyň çempionatynyň kümüş medalçysy — «Dordoý».

«Dordoý» ýer eýesi höküminde duşuşyklaryny ýurduň paýtagty Bişkek şäherindäki stadionlaryň birinde geçirýän hem bolsa, 31-nji ýanwardaky pleý-of duşuşygy Bişkege goňşy şäher bolan Oş şäherinde geçiriler. Bu karara paýtagtdaky howa ýagdaýlary hem-de stadionyň halkara duşuşyk geçirmäge taýýar däldigi üçin gelindi. Oş şäherindäki Ahmetbek Suýumbaýew adyndaky stadionda geçiriljek duşuşyk ýerli wagt bilen sagat 14:00-da başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň