Soňky habarlar

Arhiw

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMENBAŞY ŞÄHERINIŇ HALKARA DEŇIZ MENZILINIŇ GURLUŞYGYNYŇ BARŞYNY GÖZDEN GEÇIRDI

22:1416.01.2017
0
4049
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde gurulýan Halkara deňiz menziline bardy. Döwlet Baştutanymyz deňiz menziliniň desgalarynda işläp ýören hünärmenler we işçiler bilen duşuşdy, işleriň barşy, taslamanyň tehniki aýratynlyklary, port hojalygyna gelip gowşan tehnikalaryň nusgalary bilen tanyşdy. Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portuny gurmak baradaky taslamanyň amala aşyrylmagy 2500-den gowrak iş orunlarynyň döredilmegini üpjün eder. Täze portuň her ýyldaky geçirijilik ukyby 17-18 million tonna deňdir. Ozal hereket edýän port bilen hasaba alanymyzda, bu görkeziji 25-26 million tonna deň bolar. Taslamanyň bahasy ABŞ-nyň 1,5 milliard dollaryndan gowrakdyr. Gurluşyk işleri 3,5 ýyla niýetlenendir, ony 2017-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda desgada 5,3 müňden gowrak işgär zähmet çekýär, olaryň 4,9 müňden gowragy türkmen hünärmenler, 377-si bolsa daşary ýurt hünärmenleridir. Taslamany işläp düzmek we amala aşyrmak boýunça yglan edilen halkara bäsleşigine iri kompaniýalaryň ýedisi gatnaşyp, onuň jemleri boýunça “Gap Inşaat” türk kompaniýasy desganyň baş potratçysy hökmünde saýlanyp alyndy. Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň taslamasy parom, ýolagçy we ýük terminallarynyň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Umumy ýükleýiş terminaly, ürgün ýükleriň terminaly, polipropilen terminaly hem-de gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodlary toplma girer. Şeýle hem estakada ýol aýrytlary bolan awtoýol gurlar, demir ýol çekiler. Köpugurly portuň umumy meýdany 1 million 400 müň inedördül metrden gowrak bolar. Şunda portuň binýadyny emele getirmek üçin getirilýän topragyň möçberi 5 million kub metre deň bolar. Deňziň düýbüni çuňlaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň netijesinde çykarylýan topragyň möçberi 8,8 million kub metrden gowrak bolar. Port menziliniň umumy uzynlygy 3 müň 800 metre barabar bolar. Deňiz duralgasynyň diwarlaryna we düýbüne kuwwatly enjamlar arkaly berkliginiň synagy geçirilýär hem-de topragy dykyzlandyrmak üçin ýörite sütünler gurnalýar. Umuman, deňiz kenarynda gurnamak üçin ýogynlygy 1422 millimetr bolan polat sütünleriň 2 müň 563-si zerurdyr, soňra olar demirbeton bilen berkidilýär. Toplumyň gurluşyk meýdançalarynda eýýäm çäge örtügini döretmek, dik zeýkeş serişdelerini gurnamak, wagtlaýyn ýükleri daşamak, deňiz duralgasyny gurmak üçin raýyşlary berkitmek we beýleki işler doly tamamlandy. Kenarýaka zolagy berkitmek, täze tehnikany we enjamlary getirmek, porta barýan ýollarda köprüleri, ussahanany, ammary, dolandyryş binalaryny, gümrükhana, polisiýa, migrasiýa we serhet gulluklarynyň binalaryny gurmak işleri dowam etdirilýär. Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny saklamak maksady bilen, her bir terminalda bioarassalaýjy enjamlar gurnalar. Taslama “Ýaşyl port” halkara ülňülerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Halkara parom we ýolagçy porty bir ýylda 300 müň ýolagça hem-de 75 müň treýlere hyzmat edip biler. Konteýner terminalynyň ortaça ýyllyk kuwwaty 400 müň TEU-a deňdir. Multimodal logistika toplumy konteýner ýüklerini saklamak we toplumlaýyn işläp taýýarlamak boýunça hyzmatlary amala aşyrar, ol ýükler uçarlar, awtomobil we demir ýol ulag serişdeleri arkaly bu ýere getiriler, olary suw ulagyna ýüklemek we düşürmek işleri ýerine ýetiriler. Merkezi Aziýa sebitiniň esasy “deňiz derwezesiniň” wezipesini ýerine ýetirjek bu Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi bilen Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Aziýa we Ýuwaş ummany ýurtlaryndan Türkmenbaşa gelýän ýükleri soňra Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň portlarynyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna ugratmaga uly mümkinçilikler açylar. Täze deňiz menzili senagat we ulag düzüminiň ösdürilmegine, maýa goýumlaryň çekilmegine itergi berer, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelýän syýahatçylaryň artmagyna ýardam berer.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň