Ýazguly Hojageldiýew — 2016-njy ýylda Türkmenistanyň iň gowy futbol tälimçisi

19:2013.01.2017
0
4263

«Altyn asyryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew 2016-njy ýylda Türkmenistanyň iň gowy futbol tälimçisi derejesine mynasyp boldy. Bu dereje oňa futbol hünärmenleriniň we žurnalistleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan berlen ses berlişigiň netijesinde berildi.

TFF-den Turkmenportala berlen maglumata görä, her ýyl däp bolan Täze ýyl ses berlişigine geçen ýyl Ýokary ligada çykyş eden toparlaryň wekilleri hem-de 9 sany sport žurnalisti gatnaşdy. 43 utuk toplan Ýazguly Hojageldiýew ses berlişigiň ýeňijisi boldy. Ikinji, üçünji orunlara bolsa degişlilikde Aleksandr Klimenko (27 utuk) we Rahym Gurbanmämmedow (23 utuk) mynasyp boldular.

Ses berenler tarapyndan jemi 9 tälimçi dalaşgär görkezildi. Ilkinji üç orna mynasyp bolan tälimçilerden başga-da, Ahmet Agamyradowyň, Aly Gurbanynyň, Amanmyrat Meredowyň, Röwşen Meredowyň, Döwletmyrat Baýramowyň hem-de Saýit Saýidowyň atlary hem geçýär.

27-nji fewralda 41 ýaşyny doldurjak Ý.Hojageldiýew geçen ýyl «Altyn asyr» bilen üç kubok gazandy. 9-njy ýanwarda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň başyna getirilen tälimçiniň öňünde futbolçylarymyz bilen Aziýa çempionatyna gatnaşmak wezipesi hem durýar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, çempionatyň öňüsyrasyndaky saýlama tapgyryň bije çekilişigi 23-nji ýanwarda BAE-niň Abu-Dabi şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň