Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ýokary ligasyndan käbir transfer habarlary

15:5013.01.2017
0
5115

«Energetik»: maksat — AFK kubogyna gatnaşmak

Ýokary liga ilkinji gezek 2015-nji ýylda çykan «Energetik» futbol topary çempionatymyzyň ýyldan-ýyla kämilleşýän, tejribe toplaýan toparlarynyň biri. Täze möwsümi öňdäki orunlarda tamamlap, 2018-nji ýylda AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlara çykmagy maksat edinen toparda täze çempionatyň bosagasynda birnäçe üýtgeşmeler girizilýär. Toparda diňe futbolçylar babatynda däl-de, eýsem, tälimçilerde hem täzelenişe geçilendigini aýtmak gerek. Türkmen futbolynyň tejribeli tälimçileriniň biri Baýram Durdyýew täze möwsümde «Energetigiň» baş tälimçisi bolar. Oňa geçen möwsümde futbolçylyk karýerasyny tamamlap, tälimçilige gadam basan tejribeli hünärmen Nazar Baýramow ýardam eder.
Toparyň futbolçylar düzüminde häzirlikçe şeýleräk üýtgeşmeler bar:

Gelen futbolçylar:

Bagtyýar Hojaahmedow, «Altyn asyr» → «Energetik»
Inoýat Rajapow, «Şagadam» → «Energetik»
Dawid Sarkizow, «Şagadam» → «Energetik»
Boris Iwanow, «Şagadam» → «Energetik»
Jemşit Orazmuhammedow, «Merw» → «Energetik»
Merdan Saparow, «Merw» → «Energetik»
Parahat Jumanazarow, «Aşgabat» → «Energetik»
Azat Orazmuhammedow, «Şagadam» → «Energetik»
Maksat Atagarryýew, «Şagadam» → «Energetik»

Gidenler:

Tälimçi:
Rahym Gurbanmämmedow, «Energetik» → «Şagadam»

Futbolçylar:
Farhat Bazarow, «Energetik» → «Şagadam»
Sergeý Kuznesow, «Energetik» → «Şagadam»
Ilýa Krilenko, «Energetik» → «Şagadam»
Serdaraly Ataýew, «Energetik» → «Şagadam»
Rahmet Şermetow, «Energetik» → «Şagadam»
Batyr Jumaýew, «Energetik» → «Şagadam»
Elhan Mämmedow, «Energetik» → «Merw»

«Merw»: «Gidýänler gelýänden has köpelýärdi»

Indi birnäçe ýyldan bäri çempionaty orta gürpde tamamlaýan «Merw» häzire çenli transfer penjiresiniň sessiz toparlarynyň biri. Şu wagta çenli iki oýunçysyny «Energetige», birini bolsa «Altyn asyra» beren topar düzümine diňe «Energetikden» Elhan Mämmedowy goşdy.
Toparyň futbolçylar düzüminde häzirlikçe şeýleräk üýtgeşmeler bar:

Gelen futbolçylar:
Elhan Mämmedow, «Energetik» → «Merw»

Giden futbolçylar:

Jemşit Orazmuhammedow, «Merw» → «Energetik»
Döwlet Mirsoltanow, «Merw» → «Altyn asyr»
Merdan Saparow, «Merw» → «Energetik»

«Aşgabat»: täze möwsüme täze zehinler bilen

Aşaky sanawdan hem görersiňiz, paýtagtymyzyň adybir topary Ýokary liga ýene-de iki sany täze zehini alyp gelýär. Olaryň Ýokary ligadaky badyna bolsa möwsümiň dowamynda baha bereris. Ýöne «Aşgabat» transfer döwründe ýaş futbolçylar bilen çäklenenok. Geçen möwsümde «Altyn asyryň», «Ahalyň», «Balkanyň» düzüminde çykyş eden täjribeli futbolçylaryň hem birnäçesi bilen «nika baglaşdy». Şeýle-de, geçen möwsümde paýtagt toparynyň düzüminde çykyş eden käbir futbolçylar başga toparlara geçdiler.
Toparyň futbolçylar düzüminde häzirlikçe şeýleräk üýtgeşmeler bar:

Gelen futbolçylar:

Selim Nurmyradow, «Altyn asyr» → «Aşgabat»
Yhlas Saparmämmedow, «Ahal» → «Aşgabat»
Begenç Akmämmedow, «Ahal» → «Aşgabat»
Kemal Gurbanow, «Ahal» → «Aşgabat»
Batyr Geldiýew, «Ahal» → «Aşgabat»
Mihail Titow, «Balkan» → «Aşgabat»
Seýran Berdinazarow, «Bürgüt» → «Aşgabat»
Aýmyrat Hallyýew, «Bürgüt» → «Aşgabat»

Giden futbolçylar:

Begenç Seýitmmämmedow, «Aşgabat» → «Altyn asyr»
Orazmyrat Myradow, «Aşgabat» → «Ahal»
Parahat Jumanazarow, «Aşgabat» → «Energetik»
Ruslan Kurbanow, «Aşgabat» → «Şagadam»

«Ahal»: oýlanşyklylykmy ýa arkaýynlyk?

Geçen möwsümi Aly Gurbany bilen başlap, onuň şägirdi Röwşen Meredow bilen tamamlan «Ahal» entek täze oýunçylary almaga känbir howkmaýana meňzeýär. Häzirlikçe bir derwezeçi, bir hüjümçi alan topar, «Aşgabada», «Balkana» käbir oýunçylaryny berdi. Ýöne entek möwsümiň başlanmagyna wagt kän. Belki ýakyn günlerde üýtgeşme bolar. Şeýle bolmaýanda-da, «Ahalyň» geçen möwsümdäki düzümi hem iň güýçlüler bilen hem bäsleşip biljek derejededi.
Toparyň futbolçylar düzüminde häzirlikçe şeýleräk üýtgeşmeler bar:

Gelen futbolçylar:

Batyr Babaýew, «Şagadam» → «Ahal»
Orazmyrat Myradow, «Aşgabat» → «Ahal»

Gidenler:

Tälimçi:
Nazar Baýramow, «Ahal» → «Energetik»

Futbolçylar:

Yhlas Saparmämmedow, «Ahal» → «Aşgabat»
Begenç Akmämmedow, «Ahal» → «Aşgabat»
Kemal Gurbanow, «Ahal» → «Aşgabat»
Batyr Geldiýew, «Ahal» → «Aşgabat»
Hemra Amanmämmedow, «Ahal» → «Balkan»


«Şagadam»: ýa çempionlyk, ýa Kubok, ýa AFK

Tälimçilerinden başlap, oýunçylaryna çenli täzelenen «Şagadam» geçen ýylky yzagalaklygyň aryny 2017-nji ýyldan çykarjaga meňzeýär. Geçen ýyl «Energetik» bilen bürünç medala mynasyp bolan Rahym Gurbanmämmedow şägirtleriniň birnäçesini hem öz ýany bilen deňiz kenaryndaky şähere alyp gaýdyp, üstünligini gaýtalajaga, mümkin bolsa, ondan hem gowy netije görkezjege meňzeýär. Geçen ýyl «Balkan» bilen kümüş medal gazanan A.Klimenko hem täze möwsümde «Şagadamyň» abraýy üçin işlär. Göreliň, geçen ýyl ikinji, üçünji orunlara mynasyp bolan tälimçiler altyn medalçy Ýazguly Hojageldiýewiň toparyna bu ýyl nähili garşylyk görkezip bilerlerkä?
Toparyň futbolçylar düzüminde häzirlikçe şeýleräk üýtgeşmeler bar:

Gelenler:

Ruslan Kurbanow, «Aşgabat» → «Şagadam»
Begenç Annagurbanow, «Altyn asyr» → «Şagadam»
Amir Gurbany, «Altyn asyr» → «Şagadam»
Aleksandr Bolian, «Balkan» → «Şagadam»
Myrat Hamraýew, «Balkan» → «Şagadam»
Pawel Matus, «Balkan» → «Şagadam»
Farhat Bazarow, «Energetik» → «Şagadam»
Sergeý Kuznesow, «Energetik» → «Şagadam»
Ilýa Krilenko, «Energetik» → «Şagadam»
Serdaraly Ataýew, «Energetik» → «Şagadam»
Rahmet Şermetow, «Energetik» → «Şagadam»
Batyr Jumaýew, «Energetik» → «Şagadam»

Giden futbolçylar:

Inoýat Rajapow, «Şagadam» → «Energetik»
Dawid Sarkizow, «Şagadam» → «Energetik»
Boris Iwanow, «Şagadam» → «Energetik»
Azat Orazmuhammedow, «Şagadam» → «Energetik»
Maksat Atagarryýew, «Şagadam» → «Energetik»
Batyr Babaýew, «Şagadam» → «Ahal»
Mämmedaly Karadanow, «Şagadam» → «Balkan»
Umytjan Kerimow, «Şagadam» → «Balkan»
Rustam Mätrizaýew, «Şagadam» → ???
Izzat Hudaýbergenow, «Şagadam» → ???
Muhammet Astanow, «Şagadam» → «Altyn asyr»
Guwanç Annamämmedow, «Şagadam» → ???

«Balkan»: köne üstünlikler köne futbolçylar bilen gözlenilýär

Şeýlelikde, Mämmedaly Karadanow, Hemra Amanmämmedow ýaly tejribeli futbolçylary birnäçe ýyldan soň, ýene-de öňki höwürtgä — «Balkana» dolanyp gelýärler. Olar geçen ýyl A.Bolianyň başaryp bilmedigini başaryp, «Balkana» nobatdaky altyn medaly alyp bererlermikä? Geçen ýyl «Şagadam» bilen öowsuz möwsüm geçiren Amanmyrat Meredow bolsa «nebitçileri» AFK-nyň kubogyna alyp gider. Möhüm yklym ýaryşynda ilkinji synagyna hut şu aýda çykjak tälimçä «Balkanyň» şanyna şan goşan ýyldyzlarynyň biri, tälimçilik babatda HTTU-da tejribe toplan Ýakup Ekezow ýardam eder.
Toparyň futbolçylar düzüminde häzirlikçe şeýleräk üýtgeşmeler bar:

Gelenler:

Mämmedaly Karadanow, «Şagadam» → «Balkan»
Hemra Amanmämmedow, «Ahal» → «Balkan»
Yhlas Magtymow, «Altyn asyr» → «Balkan»
Umytjan Kerimow, «Şagadam» → «Balkan»
Myrat Gurbangeldiýew, «Altyn asyr» → «Balkan»

Giden futbolçylar:

Aleksandr Bolian, «Balkan» → «Şagadam»
Myrat Hamraýew, «Balkan» → «Şagadam»
Pawel Matus, «Balkan» → «Şagadam»
Mihail Titow, «Balkan» → «Aşgabat»

«Altyn asyr»

Toparyň futbolçylar düzüminde häzirlikçe şeýleräk üýtgeşmeler bar:

Gelen futbolçylar:

Döwlet Mirsoltanow, «Merw» → «Altyn asyr»
Begenç Seýitmmämmedow, «Aşgabat» → «Altyn asyr»
Muhammet Astanow, «Şagadam» → «Altyn asyr»

Giden futbolçylar:

Bagtyýar Hojaahmedow, «Altyn asyr» → «Energetik»
Selim Nurmyradow, «Altyn asyr» → «Aşgabat»
Begenç Annagurbanow, «Altyn asyr» → «Şagadam»
Amir Gurbany, «Altyn asyr» → «Şagadam»
Yhlas Magtymow, «Altyn asyr» → «Balkan»
Myrat Gurbangeldiýew, «Altyn asyr» → «Balkan»
Altymyrat Annadurdyýew, «Altyn asyr» → «Almalyk» (Özbegistan) ???

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň