Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär M.Annanepesow Ahal welaýatynda saýlawçylar bilen duşuşdy

23:5311.01.2017
0
8703

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň Prezidentligine saýlaw möwsüminiň çäklerinde Ahal welaýatynyň saýlawçylarynyň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçdi.

Duşuşykda M.Annanepesow döwlet Baştutany wezipesine hödürlenmegiň hiç zada deňäp bolmajak hormatynyň halkyň ynamyny ödemek üçin ähli gujur-gaýratyňy gaýgyrmazlyga borçly edýändigini aýdyp, Watanymyzyň we türkmen halkynyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine gönükdirilen saýlaw maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. 

Ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň nygtamagyna görä, ol «Açyk gapylar» syýasatyny dowam etdirmegi, milli bähbitlerimize gabat gelýän halkara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde abraýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Içeri syýasatyň esasy ugurlary durmuş üpjünçiligi, ulag we aragatnaşyk, nebitgaz ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, zawodlaryň we fabrikleriň, önümçilik desgalarynyň gurluşygynda özgertmeleri hemmetaraplaýyn giňeltmekden we çuňlaşdyrmakdan, halkara forumlaryň, sergileriň, ylmy maslahatlaryň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 

Soňra ýurduň mundan beýläkki ösüşi barada bolan gyzykly söhbetdeşligiň barşynda M.Annanepesow ýygnananlaryň köp sanly sowallaryna jogap berdi hem-de saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň käbir bölümlerini anyklaşdyrdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň