Düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew hasabatynda Russiýa Federasiýasynda geçiriljek halkara ykdysady foruma Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hem aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynda geçiriljek halkara ykdysady foruma türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.